Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet436/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   432   433   434   435   436   437   438   439   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEÇIŞMEK, işl. 1. Seçmäge kömekleşmek. 2
Birnäçe bolup bile seçmek. Gelin alynýan ýerde 
aýallar pul, süýji-koke seçişip durdy.
SEÇME Iiş ady. Seçmek ýagdaýy. 
SEÇME II, at. Peşeňe salnyp atmak üçin 
gurşundan guýlan owunjak güllejikler. 
SEÇMEDAN [seçmeda:n], at. 1. Seçme salnan 
gaýyş guty, seçme gaby. Ol hataryny biline guşap, aw 
pyçagy bilen seçmedanyny hem dakyndy. 2.Nili 
hyrsyz, seçme atylýan aw tüpeňi. 
SEÇMEK, işl. 1. Her ýere, her ýere düşer ýaly 
edip dagynyk sepmek. Goňşy-golamlary ýygnap, 
dessine Patrak seçdiler ogluň üstüne (A. Kekilow). 2
Köp zadyň içinden saýlap-seçip almak, saýlamak. 
Men öz hünärimi seçip aldym. 3. Süri malyň 
sagylýanyny, owlak-guzusyny saýlamak, saýlap 
aýyrmak. Kimiň eli gaňrakly, kimiň eli pürli ýylgyn 
çybykly 
goýunlary 
seçmäge 
başladylar 
(H. 
Derýaýew). 4. gepl.d. Saýlaw arkaly saýlamak. 5
gepl.d., ser. Saçmak. Kireňsiz asmanda aşak 
sallanan Gün, özüniň ýiti şöhlesini seçýärdi (A. 
Gowşudow). 
SEÇMEKLIK, iş ady. Seçmek ýagdaýy. 
SEÇMEZLIK, iş ady. Seçmek işi, hereketi ýerine 
ýetirilmezlik.  
SET [set], san, k.d. Ýüz. Ýüregim set paradyr
belli tenimde ýara ýok (Magtymguly). 
SEDA [seda:], at, şahyr. Gulaga eşidilýän ses, 
ses-üýn. Gulagyma geldi ýaryň sedasy, Hoş geldiň, 
Mejnunym, sapa gelip sen! (

Leýli – Mejnun

). Eger-
eger olaryň birinden hem seda çykmady (T. 
Gurbanow).
SEG [seğ], at, k.d. It. Donum ýyrtar diýdim, sege 
ýalbardym, Ötmesin diýip ýaz günleri gaý bile 
(Hatam şahyr). 
SEGABY [seğa:vy], syp. Bagananyň bir görnüşi. 
Onuň başynda segaby telpegi, aýagynda äňsiz uly 
ädigi, uzyn uçgurlarynyň gotazy sallanyp duran 
jalbary bardy (N. Jumaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   432   433   434   435   436   437   438   439   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling