Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SAÝDYRMAK [sa:ýdyrmak] I, işl. Golaýlatmak.
Günortanky çaýy öýläne saýdyryp içen çopanlardyr çoluklar göz baglanýança goýunlary bakmak bilen boldy ( Edebiýat we sungat ). SAÝDYRMAK [sa:ýdyrmak] II, işl. Saýgyç bilen saýyp tüýtdürmek, ýazdyrmak. Ýüň saýdyrmak. SAÝGAK [saýğak], at. Çölde ýaşaýan goşa toýnakly, gäwüş gaýtarýan keýige meňzeş süýdemdiriji haýwan. SAÝGARMA [saýğarma], iş ady. Saýgarmak ýagdaýy. SAÝGARMAK [saýğarmak], işl. 1. Çala görmek, aňşyrmak. Ol ýoluny çala saýgarýardy. 2. Aýyl-saýyl etmek, tanamak, bilmek, tapawutlandyrmak. Ýagşyny, ýamany saýgarmak. SAÝGARMAKLYK [saýğarmaklyk], iş ady. Saýgarmak ýagdaýy. SAÝGARMAZLYK [saýğarmazlyk], iş ady. Aýyl-saýyl etmezlik, bilmezlik. SAÝGARTMAK [saýğartmak], işl. Saýgarmak mümkin bolmak. Depelikler çala sudur bolup, zordan saýgardýardy (T. Gurbanow). SAÝGARYLMAK [saýğarylmak], işl. Görüp bolmak, saýgarmak mümkin bolmak. Ol iň soňky bir ýerde aýak çekip, yzyna garanda, mekdebiň çal demri çala saýgarylýardy (B. Kerbabaýew). SAÝGARYŞ [saýğaryş], iş ady. Saýgarmak ýagdaýy. SAÝGYÇ [sa:ýğyç], at. Ýüň saýmak üçin ulanylýan uzyn çeýe çybyk. Ýylgyndan ýasalan saýgyç. SAÝGYÇLAMA [sa:ýğyşlama], iş ady. Saýgyçlamak ýagdaýy. SAÝGYÇLAMAK [sa:ýğyşlamak], işl. Keçe ediljek ýüňi saýgyç bilen urup ýazmak. Ýüň saýgyçlamak. SAÝGYÇLAMAKLYK [sa:ýğyşlamaklyk], iş ady. Saýgyçlamak ýagdaýy. SAÝGYÇLANMAK [sa:ýğyşlanmak], işl. Keçe ediljek ýüň saýgyç bilen urlup ýazylmak. SAÝGYÇLAŞMAK [sa:ýğyşlaşmak], işl. 1. Saýgyçlamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup ýüňi saýgyç bilen urup ýazmak. SAÝGYÇLATMAK [sa:ýğyşlatmak], işl. Saýgyçlamak işini başga birine etdirmek; saýgyçlamaga mümkinçilik döretmek, ýol bermek. Munça ýüňi kime saýgyçlatjak? SAÝGYÇLAÝYŞ [sa:ýğyşlaýyş], iş ady. Saýgyçlamak ýagdaýy. SAÝGYLABERMEK [sa:ýğyla:vermek], işl. 1. Saýgylamaga başlamak. 2. göç.m. Söz bilen urubermek, teýeneli söz aýdyp käýäbermek. SAÝGYLAMA [sa:ýğylama], iş ady. Saýgylamak ýagdaýy. SAÝGYLAMAK [sa:ýğylamak], işl. 1. Gamçy, çybyk we ş.m. zat bilen yzygiderli urmak, ýençmek. 2. göç.m. Teýeneli söz aýdyp käýemek, ýüzüni almak, ýazgarmak, söz bilen urmak. Öňki aýdanlary bilen çäklenmän, ony has hem beter saýgylasy geldi (B. Kerbabaýew). SAÝGYLAMAKLYK [sa:ýğylamaklyk], iş ady. Saýgylamak ýagdaýy. 249 SAÝGYLANMAK [sa:ýğylanmak], işl. 1. Gamçy, çybyk we ş.m. bilen yzygiderli urulmak, ýenjilmek. 2. göç.m. Teýeneli söz aýdylyp käýelmek, ýazgarylmak. SAÝGYLAŞMAK [sa:ýğylaşmak], işl. 1. Biri- biriňi saýgylamak (saýgylamak sozüniň 1-nji manysy boýunça). 2. göç.m. Birnäçe bolup teýeneli söz aýdyp, biriniň ýüzüni almak. SAÝGYLATMAK [sa:ýğylatmak], işl. 1. Başga birine gamçy, çybyk we ş.m. zat bilen urdurmak, ýençdirmek; öz saýgylanmagyňa ýol bermek. Özüň ýaly adama saýgyladyp durarlarmy?2. göç.m. Başga birine teýeneli söz aýtdyrmak, ýüzüňi aldyrmak. SAÝGYLAÝYŞ [sa:ýğylaýyş], iş ady. Saýgylamak ýagdaýy. SAÝHAL, at. Saýhalla mahsus häsiýet, edim- gylym. Sende saýhal diýen zatdan nam-nyşan ýok. SAÝHALLABERMEK [saýhalla:vermek], işl. Saýhallamaga başlamak. Kitaplary saýhallamak. SAÝHALLAMA, iş ady. Saýhallamak ýagdaýy. SAÝHALLAMAK, işl. Tertip-düzgüne salmak, ýerli-ýerinde goýmak, tertipleşdirmek. SAÝHALLAMAKLYK, iş ady. Saýhallamak ýagdaýy. Kitaplary saýhallamaklyk köp wagtymy aldy. SAÝHALLAMAZLYK, iş ady. Ýerli-ýerinde goýup, tertip-düzgüne salmazlyk. SAÝHALLANMAK I, işl. Öňki bolşuna seredeniňde has saýhally bolmak. Öň garagol bolanam bolsa, indi sahallanypdyr. SAÝHALLANMAK II, işl. Ýerli-ýerinde goýlup, tertip-düzgüne salynmak. SAÝHALLAŞMAK, işl. 1.Saýhallamaga kömek etmek. 2. Birneme azalyşmak, köşeşmek. Çalýan mukamlary hem göwnüňe saýhallaşan ýaly ( Edebiýat we sungat ). SAÝHALLATMAK, işl. Saýhallamak işini başga birine etdirmek. SAÝHALLAÝYŞ, iş ady. Saýhallamak ýagdaýy. SAÝHALLY, syp. 1.Salykatly, edepli. Ol howlukman, töweregine garanjaklap, saýhally ädimleýärdi ( Mugallymlar gazeti ). Saýhally adam bilen gürrüň edeniňde, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar (A. Annaberdiýew). 2. Gelşikli, owadan; ýerbe-ýer. Görgejin bitakat erdim, elhepus saýhally saçyň (Mätäji). SAÝHALLYLYK, at. Saýhally bolmaklyk, salykatlylyk, edeplilik. Saýhallylyk adamy adamkärçilikli edýär. SAÝHALLYRAK [saýhallyra:k], syp. Deňeşdirilýän-den adamdan azda-kände saýhally, salykatlyrak. Ulusy kiçisine görä saýhallyrak görünýär. SAÝHALSYZ, syp. Saýhaly ýok, saýhally däl. Saýhalsyz adam. SAÝHALSYZLYK, at. 1. Saýhaly ýokluk, saýhally dällik. Saýhalsyzlyk halanmaýan häsiýet. SAÝLAGYÇ [saýlağyç], syp. Bir zady saýlamagy, saýgaryp-seçip almagy oňat görýän. SAÝLAMA I, iş ady. Saýlamak ýagdaýy. SAÝLAMA II, syp., at. Hili, görnüşi boýunça beýlekilerden saýlanyp duran, saýlanyp aýrylan, seçilip alnan, iň gowusy.Saýlama nagyşlar salyp, Seýdä tahýa-da eltipdir (N. Pomma). Saýlama gawun. Garpyzlaryň saýlamasy. SAÝLAMAK, işl. 1. Meňzeş zatlaryň içinden ýararlysyny almak ýa-da peýdalanmak üçin aýryp goýmak. Okamak üçin saýlan kitaplaryny gyrada goýdy. Gowy bişen torly gawunlary saýlady. 2. Ses bermek arkaly saýlawly wezipä bellemek. Saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuk. Ony kärdeşler arkalaşygynyň ýerli guramasyna saýladyk. 3. Nahary, iýmiti dandap iýmek (aş saýlamak durnukly söz düzümi bilen deňeşdir). Aşgazany kemli bolansoň, ol nahary saýlap iýýär. 4. Iň gowusyny almak, eýlesine geçirmek, saýlap-seçmek. Tutdum bir seni baryndan saýlap, Lebleri şekerden mazaly geldi (Magtymguly). ◊ Aş saýlamak ser. Aş: aş saýlamak. SAÝLAMAKLYK, iş ady. Saýlamak ýagdaýy. SAÝLAMAZLYK, iş ady. Saýlap-seçip almazlyk. SAÝLAN [saýla:n], at. Keçä, hala, kürtä, we ş.m. salynýan aýlawly burma nagyş. SAÝLANMAK, işl. 1. Meňzeş zatlaryň içinden ýararlysy alynmak ýa-da peýdalanmak üçin aýrylyp goýulmak. 2. Ses bermek arkaly saýlawly wezipä bellenmek. Onuň saýlanmagyna men-ä iki elläp razy. 3.Bir zadyň içinden iň gowusy seçilip alynmak. Bu saýlanyp alnan tohum at. 4. Köpçülikden ýa-da bir ýerden uzaklaşmak, araňy açmak, çetleşmek. Olar ilki iki ýany gowaçylyk ýol bilen gitdiler, soňra ekinçilikden saýlanyp, ýoda çykdylar (N. Esenmyradow). 5. Syraty, görk-görmegi, salykatlylygy bilen beýlekilerden tapawutlanmak. Onuň märekede saýlanyp duran gelni bardy. 6. Ýokary galyp başlamak. Gögeren gämikler ýerden ýaňy saýlanypdy. Gyzaryp dogan gün ýany ýerden saýlanypdy. SAÝLANTGY, syp. Köp zadyň içinden seçilip, saýlanyp, seljerilip alnan, saýlama. Ol saýlantgylaryň hataryna girdi. SAÝLANYLMAK, işl. Saýlanyp, seçilip alynmak. SAÝLAP-SEÇMEK [saýla:p-seçmek], işl. Seçip-seljerip saýlamak, iň gowusyny saýlap almak. SAÝLAŞDYRMAK, işl. 1. Köp zadyň içinden gowusyny ýa-da erbedini saýlap çykmak. Men oňa Çarynyň aýdanlaryny, özümiňkileri ýazyşdyryp, Baýrama görkezeýin, ol maňa saýlaşdyryp şu zatlary alsaň bolar diýer (A. Durdyýew). 2. Bir topar zadyň içinden gowusyny saýlap almak. Ol maňa: Saýlaşdyryp alsaň bolýar diýdi. SAÝLAŞMAK, işl. 1. Bir topar zadyň arasyndan gowularyny saýlamaga kömekleşmek. Dostum bilen bazara bile gidip, oňa garpyz saýlaşdym. 2. Bilelikde saýlamak. Iki dogan pazyllaryň arasynda aýlanyp, bişen garpyzlary saýlaşyp ýördüler. SAÝLATMAK, işl. 1. Saýlamak işini başga birine etdirmek. Garpyz tanaýan adama bäş sany bişenini saýlatsana! 2. Saýlamaga mümkinçilik 250 döretmek, ýol bermek. Saýlap aljak weli, satyjy almalaryň gowusyny saýladarmyka? 3. Saýlanmagyňy gazanmak. – Şu wezipä saýlanasyň gelýärmi? – Saýlasalar saýlatjak. SAÝLAW [saýlow], at. 1. Ses bermek arkaly (deputatlary, dowlet bastutanyny, wezipeli adamlary, guramalaryn agzalaryny) saýlamaklyk. 2. Saýlap alyş, seçip alyş. 3. Oglana dakylýan at. SAÝLAWÇY [saýlowçy], at. Saýlawa gatnaşyp, ses bermäge hukugy bolan adam. SAÝLAWLY [saýlowly], syp. Saýlaw, saýlamak arkaly bellenýän. Saýlawly organ. SAÝLAÝYŞ, iş ady. Saýlamak ýagdaýy. SAÝMA [sa:ýma], iş ady. Saýmak ýagdaýy. SAÝMAK [sa:ýmak] I, işl. Hasap etmek, hasaplamak, öýtmek. Eşek özün egsik saýmaz bedewden, Gymmat etseň, at ýanynda bellidir (Magtymguly). SAÝMAK [sa:ýmak] II, işl. 1. Saýgyç bilen saýyljak ýüňi urup ýazmak, saýgylamak. Ýorgana salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çüprek ýüňüni tüýdüp çykdy, ony saýdy (A. Durdyýew). 2. Eline gamçy, taýak, we ş.m. alyp urmak, ýençmek. Beýdip ogluňy saýma, bir ýerini möçükdirersiň, bes ederçe boldy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling