taýaklamak gybat etmek.
SAÝA [sa:ýa] II, at, tikinç. Telpek, gulakçyn ýaly
başgaplar tikilende, ýörite ülňi boýunça biçilýän bir
bölek. Onuň telpeginiň dört saýasy bardy (
Edebiýat
we sungat
).
SAÝAK,at. Del adam, ýat adam, nätanyş, keseki,
saýry. Öýüňde saýak saklama (Nakyl).
◊ Saýak ýörmek (gezmek) erbet gezmek, ahlak
taýdan bozulmak, ýoldan çykmak. Saýak ýörme,
taýak bar, şindiden däl, baýak bar (Nakyl).
SAÝALABERMEK
[sa:ýala:vermek],
işl.
Kölegeläbermek, kölegede bolubermek.
SAÝALAMA [sa:ýalama], iş ady. Saýalamak
ýagdaýy.
SAÝALAMAK [sa:ýalamak], işl. 1. Gögerip
oturan agaç saýa salmak, onuň kölegesi düşmek. 2.
Saýada, kölegede bolmak, saýada, kölegede oturmak,
kölegelemek. Sakçylar gündizlerine şol kümejikde
saýalap, töweregine gözegçilik edýärdiler (A.
Gowşudow). 3. göç.m. Biriniň garamagynda,
goragynda, penasynda bolmak.
SAÝALAMAKLYK [sa:ýalamaklyk], iş ady.
Saýalamak ýagdaýy.
SAÝALAŞMAK [sa:ýalaşmak], işl. Birnäçe
bolup, agajyň saýasynda kölegeläp oturmak.
SAÝALATMAK [sa:ýalatmak], işl. Saýada,
kölegede boldurmak, saýada, kölegede oturtmak.
Munuň her bir düýbüniň astynda sürüli goýny
saýalatmak mümkindi (B. Kerbabaýew).
SAÝALAÝYŞ [sa:ýalaýyş], iş ady. Saýalamak
ýagdaýy.
SAÝALY [sa:ýaly] I, syp. Saýa, kölege salýan.
Saýaly agaç.
SAÝALY [sa:ýaly] II, at. Ülňi görnüşli saýa bilen
biçilip tikilen.
SAÝALYK [sa:ýalyk], syp. Saýa bolar ýaly.
Saýalyk agaç.
SAÝALYRAK [sa:ýalyra:k], syp. Azda-kände
kölegeliräk, saýasy köpräk.
SAÝAWAN [sa:ýawa:n], at. Ýagyşdan, günden
goranmak üçin kömelek görnüşli, ýazylyp-ýygnalýan
enjam. Ne-hä ellerinde saýawan bardy, ne-de bir
dony (K. Gurbannepesow).
Do'stlaringiz bilan baham: |