Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet429/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   425   426   427   428   429   430   431   432   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SATLYK, syp. 1. Satmak üçin niýetlenen, 
satmaga çykarylan, satmaga degişli. Satlyk haryt
Satlyk goýun. 2. göç.m.  Pula tutulan, pula satylan. 
Satlyk adam3. Oglana dakylýan at. 
SATMA, iş ady. Satmak ýagdaýy. Sagyp oturan 
sygryny satmasy bolanok
SATMAK, işl. 1. Harydy degişli bahasyna 
ýerlemek. Hindistana bezirgenlik kylanlar, Malyn 
satyp geldi, bular gelmedi (Magtymguly). 2. göç.m. 
Kimdir birini başga birine ýamanlamak, şugullamak; 
dönüklik etmek. 
SATMAKLYK, iş ady. Satmak ýagdaýy. 
SATMAZLYK, işl. 1. Harydy satlyga çykaryp 
ýerlemezlik. 2. goç. m. Birini başga birine
ýamanlamazlyk, şugullamazlyk;dönüklik etmezlik. 
SATUW, at. Öndürilen önümleri satmaklyk, 
satyş. Satuwa çykarmakBölek satuw
SATYBERMEK [satyvermek], işl. Satmaga 
başlamak, satyp ugramak; satmagy dowam etdirmek. 
Pomidorlary, hyýarlary ak bazaryň göteren ýerinden 
satyber.  
SATYJY, at. Dükanlarda alyjylara haryt satýan 
söwda işgäri. Mata dükanynyň satyjysy. 
SATYJYLYKat. Satyjynyň käri, ýagdaýy. 
SATYLMAK, işl. 1.Belli bir möçberdäki pula 
berilmek. 2-3 sagadyň içinde 100 müň manatlyk 
önüm satyldy. 2. göç.m. Dönüklik edip, biriniň 
tarapyna geçmek, haýynlyk etmek. Arman, bularyň 
bupirimini Mirhaýdara satylan Gaharguly han 
duşmana paş edipdir (N. Pomma).
SATYN: satyn almak zat, pul berip, eýe bolmak.
SATYP-SOWMAK [satyp-sowmok], işl. Satyp 
ýoklamak, satyp harçlamak. 
SATYŞ, iş ady. Satmak ýagdaýy. 
SATYŞMAK, işl. 1. Satmaga kömekleşmek. Men 
agama dowar satyşdym.2. Bilelikde satmak. Ol 
gawun satyşyp duran adamlaryň her haýsynyň 
gawunyny bahaladyp gördi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   425   426   427   428   429   430   431   432   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling