Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


REÝHAN [ireýha:n], at. ösüml.d. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet388/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   384   385   386   387   388   389   390   391   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

REÝHAN [ireýha:n], at. ösüml.d. 1. Ýakymly 
ysly, süýrüje ýapragynyň gyrasy kertik-kertik
gögümtil gyzyl öwüşginli iýilýän ot. Gark bolmuş 
reýhana çöli türkmeniň (Magtymguly). 2. Gyza 
dakylýan at. 
REÝIS [ireýis], at, k.d. Başlyk. Ol ýeriň reýsi:  
Eý şazada, zemistan wagtydyr, Arzyrum sowuk bolar  
 diýdi (

Asly – Kerem

). 
REZIN [irezi:n / irzi:n], at. Süýnmäge ukyply, 
maýyşgak jisim. 
RÄHNET, at, ser. Rehnet. Birewge beripdir 
gaýgy-gam, mähnet, Ömründe bir zaman görmedi 
rähnet (Magtymguly). 
RIŞBENT [iri:şvent], at, kön.s. Goraýjy geýim. 
Olaryň ikisi-de rişbende degip, yzyna syçrap gitdi 
(

Görogly

). 
RIŞDE [irişde], at. 1. Sapak, eriş, ýüp, bag, 
baglanyşyk. Şiwe birle, gözelim herdem bakyp gyýa 
sen, Goluňa hanjar alyp, jan rişdesin gyýa sen 
(Talyby). 2. Unaş. 

Rişdäňi üzmek bir zat bilen bagly edýän 
tamaňdan el çekmek, isleýşiň ýaly bolmajagyna göz 
ýetirmek.
ROL [yro:l / uro:l], at. Aktýoryň sahna eseriniň 
haýsydyr bir gahrymany bolup janlandyrýan keşbi. 
Aktýoryň ýerine ýetiren rollary2.
Maşynyň roly. 
ROMAL [yroma:l], at, kön.s. Ýaglyk; elýaglyk. 
Söwdügine romal atar her biri (

Zöhre – Tahyr

). 
ROMAN 
[yrama:n], 
at, 
edeb. 
Halkyň 
jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselesine 
bagyşlanan uly göwrümli kyssa eseri. Roman ýazmak. 
Gyzykly roman. 
ROMANS [yrama:ns], at, sung. Gahrymanyň içki 
duýgularyny beýan edýän kiçiräk aýdym. 
ROWA [yrowa:], hal. Bir zada mynasyp, laýyk. 
Men sen ýaryň yşkyňda ölmekligim rowadyr, Mähriňe 
dawagär men, iki gözüm güwädir (Mollanepes). Arz 
eýlesem, rowadyr keremli soltanyma (Talyby). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   384   385   386   387   388   389   390   391   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling