PORRUKLAMA
[porruklomo],
iş
ady.
Porruklamak ýagdaýy.
PORRUKLAMAK [porruklomok], işl. Sogan
ýetişiberende ýaşlarynyň ortasynda baldak görnüşli
porruk emele gelmek, sokarryk çykarmak (sogan
hakynda). Belki, olar soganlaryň porruklamagyna
garaşýandyrlar (
Edebiýat we sungat
).
PORRUKLATMAK [porruklotmok], işl. Porruk
emele getirtmek, porruk çykarmagyna mümkinçilik
bermek. Soganlary ýygman porrukladypsyňyz.
PORS:
pors
atmak
gopbamsyramak,
hondanbärsi bolup gomparmak. Ylýas gaýşarylyp,
Gör, men nähili ýigit
diýip, pors atýan ýaly,
gülümsiräp durdy (G. Kulyýew).
PORSAMAK [porsomok], işl. 1. Ynjap,
zaýalanyp, ýakymsyz ys çykmak, yslanmak (esasan,
et, balyk we ş.m. hakynda). 2. gepl.d.Birine paýyş,
sögünç söz aýtmak, sögmek. Özüňçe görmän, üstüne
porsap durma.
PORSAŇŇYZA
[porsoňňuzo],
at.
1.
Ösümlikleriň saýawan
güllüler
maşgalasynyň
çomuçlar urugyna degişli bir görnüşi. 2. Şol
ösümligiň şiresinden alynýan we derman hökmünde
peýdalanylýan şepbigi.
PORSAŞMAK [porsoşmok], işl. 1. Zaýalanyp,
ynjap yslanyşyp ýatmak, aňkaşmak (köp zat
hakynda). 2. göç.m. Biri-biriňe paýyş, hapa söz
aýtmak.
PORSATDYRMAK [porsotdurmok], işl., ser.
Porsatmak.
PORSATMAK [porsotmok], işl. Zaýalanyp
ýakymsyz yslandyrmak, ynjatmak, harap edip, erbet
yslandyrmak. Eti porsatmak.
PORSUDERMAN
[porsuderma:n],
at.
Tehnikada ulanylýan hem-de ýüň matalara, sütükli
derilere güýe düşmezlik üçin sepilýän ýiti ysly jisim,
naftalin. Gyş geýimlerine porsuderman sepip
goýmak.
Do'stlaringiz bilan baham: |