Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
PÖKGÜLIK [pökgülük], at. Çişiklik, ýogynlyk, semizlik. PÖK-PÖK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- PÖKÜRDEME [pökürdömö], iş ady. Pökürdemek ýagdaýy. PÖKÜRDEMEK
- PÖKÜRDEMEKLIK
- PÖKÜRDI
- PÖSÜRDEMEK
- PÖSÜRT
- Patlamak
- PÖWH-PÖWH: pöwh-pöwh etmek ser. Pöwhüldemek 1 . PÖWHÜLDEME
- PÖWHÜLDEMEZLIK
- PRAKTIKA
- PRAKTIKI
- PREZIDENTLIK
- PROFESSORLYK [profe:ssorluk], at. Professoryň käri, wezipesi we ady. PROGRAMMA
- PROGRESSIW
- PROKURATURA [purokuratu:ra], at. Kanunlaryň dogry berjaý edilişine gözegçilik edýän döwlet guramasy. PROKUROR
- PROREKTOR
PÖKGÜLIK [pökgülük], at. Çişiklik, ýogynlyk,
semizlik. PÖK-PÖK, s.ş.aňl.söz. Ýumşak ýere gatyrak zat yzly-yzyna urlanda çykýan sesler. Alan hamyryň üstünden el bilen urlanda, pök-pök edýär. PÖKÜRDEME [pökürdömö], iş ady. Pökürdemek ýagdaýy. PÖKÜRDEMEK [pökürdömök], işl., gepl.d. Gury, boş, biderek gürlemek, ýaňramak, lakgyldamak. Pökürdäp irizmek. PÖKÜRDEMEKLIK [pökürdömöklük], iş ady. Pökürdemek ýagdaýy. PÖKÜRDEŞMEK [pökürdöşmök], işl., gelp. d. Birnäçe bolup pökürdemek, ýaňramak, lakgyldamak. PÖKÜRDETMEK [pökürdötmök], işl., gelp. d. Biriniň pökürdemegine ýol bermek, biderek gürletmek, ýaňratmak, lakgyldatmak. PÖKÜRDEÝIŞ [pökürdöýüş], iş ady. Pökürdemek ýagdaýy. PÖKÜRDI [pökürdü], at, gelp. d. Biderek boş gürrüň. Ertirden bäri onuň pökürdisi tükenmedi. PÖKÜR-PÖKÜR: pökür-pökür etmek ser. Pökürdemek. PÖRSÜLDEMEK [pörsüllömök], isl., ser. Pösürdemek. Elinden iňňe pörsüldäp geçipdir. PÖSÜRDEME [pösürdömö], iş ady. Pösürdemek ýagdaýy. PÖSÜRDEMEK [pösürdömök], işl. Çiş,temen ýaly ujy ýiti zatlar ýumşak zada çümdürilende pösürdili ses çykmak. PÖSÜRDETMEK [pösürdötmök], işl. Pösürdili ses çykartmak. PÖSÜRDEÝIŞ [pösürdöýüş], iş ady. Pösürdemek ýagdaýy. PÖSÜRDI [pösürdü], at. Çiş ýaly ujy ýiti zatlar ýumşak zada çümdürilende we ş.m. ýagdaýda çykýan sesiň ady. PÖSÜRT, s.ş.aňl.söz, ser. Çiş ýaly ujy ýiti zatlar ýumşak zada çümdürilende çykýan ses. Pösürt etmek. PÖT, s.ş.aňl.söz, ser. Pat. PÖTLEME [pötülömö], iş ady. Pötlemek ýagdaýy. 209 PÖTLEMEK [pötülömök], işl., gepl.d., ser. Patlamak. Pökgi onuň arkasyna pötläp degdi. PÖTLETMEK [pötülötmök], işl., gepl.d., ser.Patlatmak. Pötledip urmak. PÖTLEÝIŞ [pötülöýüş], iş ady. Pötlemek ýagdaýy. PÖWHE [pöwhö], syp. 1. Başarnyksyz, tagaşyksyz, iş oňarmaýan adam. 2. Boş, biderek. PÖWHELIK [pöwhölük], at. Gabarasy uly bolup, elinden iş gelmezlik, başarnyksyzlyk, tagaşyksyzlyk, iş oňarmazlyk. PÖWH-PÖWH: pöwh-pöwh etmek ser. Pöwhüldemek 1. PÖWHÜLDEME [pöwhüllömö], iş ady. Pöwhüldemek ýagdaýy. PÖWHÜLDEMEK [pöwhüllömök], işl. 1. Pöwhüldili ses etmek, gürpüldili ses çykmak (alan hamyr hakynda). 2. Boş-boş gürlemek, uly-uly geplemek. PÖWHÜLDEMEZLIK [pöwhüllömözlük], iş ady. Pöwhüldäp ses çykmazlyk. PÖWHÜLDEŞMEK [pöwhüllöşmök], işl. Pöwhüldili seslenişmek. PÖWHÜLDETMEK [pöwhüllötmök], işl. Pöwhüldili ses çykarmak. Jeren görse, guş görse, Pöwhüldedip atardy (M. Myşşyýew). PÖWHÜLDI [pöwhüllü], at. 1. Tüpeň atylmak, suwa agyr, uly zat gaçmak netijesinde döreýän pagşyldyly, güwwüldili sesiň ady. 2. Boş-boş gürrüň. PÖWRIZE [pöwrüýzö], at. Daşyň ýaşyna görä gögümtil reňkden açyk ýaşyl reňk aralygyndaky orta gymmat bahaly daş. – Meňli, men saňa pöwrize gaşly, kökenli ýüzük ýasap getirdim – diýip, şahyr gyrmyzy donuňyň goltugyndan ýüzüne gyzyl çaýylan kökenli ýüzük çykardy (T. Taganow). PRAKTIKA [pra:ktika], at. 1. Önümçilik işiniň dowamynda tebigaty we jemgyýetçilik aragatnaşygyny üýtgetmeklik, bir zady amala aşyrmaklyk üçin alnyp barylýan iş. 2. Bir işiň ýerine ýetiriliş usullarynyň, endikleriniň, adaty tärleriniň jemi, tejribesi. 3. Nazary ýol bilen alynan bilimleri iş ýüzünde peýdalanmaklyk, berkitmeklik. PRAKTIKI [pra:ktiki], syp. 1. Praktika degişli bolan, praktika esaslanýan. 2. Praktika üçin zerur bolan. PREZIDENT [prezide:nt], at. 1. Türkmenistanda Prezident döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany. 2. Respublika gurluşly ýurtlarda belli bir döwre saýlanýan döwlet ýolbaşçysy. 3. Käbir jemgyýetçilik we ylmy edaradyr guramalaryň saýlawly ýolbaşçysy, başlygy. Ýaponiýaly myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentini bu hormatly sylag bilen gutlap, türkmen Liderine Federasiýanyň prezidenti Sasagawa Takaşiniň goly bilen tassyklanan degişli sertifikaty we ýörite kimonony gowşurdylar ( Türkmen dünýäsi ) PREZIDENTLIK [prezide:ntlik], at. Prezidentiň wezipesi, käri. PROFESSOR [profe:ssor], at. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna, ylmy guramalaryň işgärlerine şol edaralaryň alymlar (ylmy-tehniki) geňeşleriniň beren attestasiýa resminamalary boýunça berilýän ýokary alymlyk ady. PROFESSORLYK [profe:ssorluk], at. Professoryň käri, wezipesi we ady. PROGRAMMA [pyrağyra:mma], at. ser. Maksatnama. 2. Hasaplaýyş maşynlarynyň ýa-da ýörite programma arkaly işleýan mehanizmleriň hereketini üpjün edýän meýilnama, ýumuş; şeýle meýilnamanyň, ýumşuň ýerine ýetirilişiniň ýörite dilde ýazylan beýany. PROGRES [proğre:s], at. Osüşiň has ýokary basgançagyna geçiş, gowulyga tarap özgerme, täze, oňdebaryjy zatlaryň ösüşi. – Sport – munuň özi gujur- gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly beýanydyr (Gurbanguly Berdimuhamedow). PROGRESSIW [proğre:ssiw], syp. 1. Güýçli depginde ösýän, öňe gidişli ösüşi amala aşyrýan, şoňa ýetmäge çalyşýan. 2. Ösüşe, öňdebaryjylyga ymtylýan, kem-kemden güýçlenýän, ýuwaş- ýuwaşdan ösýän, köpelýän, öňe gidişli. PROKURATURA [purokuratu:ra], at. Kanunlaryň dogry berjaý edilişine gözegçilik edýän döwlet guramasy. PROKUROR [purokuro:r / pürküro:r], at. 1. Kanunlaryň dogry ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini edýän wezipeli adam. 2. Kazyýetde işe seredilýän döwürde işi kanuny esasda ýerine ýetirýän hünärmen. PROREKTOR [purore:ktor], at. Rektoryň orunbasary. Okuw bölümi boýunça prorektor. PROSENT [pyrase:nt /gepl.d. piresent], at. 1. Bitewi hökmünde kabul edilýän sanyň ýüzden bir ülüşi (% belgisi bilen aňladylýar). 2. Birlik hökmünde kabul edilen hasydyr bir zadyň ýüzden bir ülüşlerinde ölçelýän mukdar. Girdejiniň 100 prosenti. PROSES [pyrase:s], at. Belli bir netije almaga gönükdirilen hereketleriň jemi. Okuw-terbiýeçilik prosesi. Önümçilik prosesi. Tehnologik proses. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling