Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
PROZA [puro:zo]at, edeb. Şygyr bilen däl-de, gürrüň, kyssa görnüşinde ýazylýan eser. PUBLISIST
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
PROZA [puro:zo]at, edeb. Şygyr bilen däl-de,
gürrüň, kyssa görnüşinde ýazylýan eser. PUBLISIST [publisi:st] at. Publisistik makala, eser ýazýan ýazyjy. PUBLISISTIKA [publisi:stika] at, edeb. Çeper edebiýatyň bir görnüşi bolup, jemgyýetiň gündelik durmuşynyň wakalaryna, hadysalaryna işjeň seslenýän žanr (onuň makala, oçerk, pamflet, feleton görnüşleri bolýar). PUÇ [pu:ç], syp. Biderek, boş, ugursyz, hiç zat. Al gerek bolsa! Onda, mundan öňki sözleriň bary puç-da?! (B. Kerbabaýew). Puç bolmak biderek bolmak, netijesiz bolmak. Senden edýän tamalarym puç bolmady (B. Japarow). Puja çykmak ser. Puç bolmak. PUÇLAMAK [pu:şlomok], işl. Ýüzük oýnunda sen boş diýip aýtmak, puç etmek. Meni puçlasaň, edil agzyňa zäk atylan ýaly ederin (B. Kerbabaýew). PUÇLANMAK [pu:şlonmok], işl. Puç bilinmek, hasapdan çykarylmak, boş hasaplanmak. 210 PUÇLATMAK [pu:şlotmok], işl. Puç etdirmek, boş hasaplatmak. PUÇLUK [pu:şluk], at. Bidereklik, boşluk. Wadasynyň puçlugyny bildik. PUDAK [pu:dok], at. 1. Ösümligiň, agajyň owunjak pürli şahasy, baldagy, çybyk. 2. Bir işiň, ylmyň, önümçiligiň aýratyn bir ugry. 3. Keçäniň arka ýüzüne basylýan ýaprakly çybyk şekilli nagyş. 4. Oglana dakylýan at. PUDAKLAMA [pu:doklomo], iş ady. Pudaklamak ýagdaýy. PUDAKLAMAK [pu:doklomok], işl. Pudak çykaryp başlamak, pudak ösüp başlamak. PUDAKLAÝYN [pu:dokloýun], hal. Pudaklar, ugurlar boýunça. PUDAKLAÝYŞ [pu:dokloýuş], iş ady. Pudaklamak ýagdaýy. PUDALMAK [pu:dolmok], işl. Pudaklary kesilip ýylmalmak, pudaklary çapyşdyrylyp aýrylmak, çapylmak. Onuň diňe başyndaky topbaja pudagyndan başga şahalary pudalan bolmaga çemeli, ol goýy gara dumanyň arasynda käbir wagt salgym atyp görünýärdi (A. Gowşudow). PUDAMA [pu:domo], iş ady. Pudamak ýagdaýy. PUDAMAK [pu:domok], işl. Artyk pudaklaryny kesip ýylmamak, pudaklaryny çapyp aýyrmak. Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň, Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi (K. Gurbannepesow). PUDAMAKLYK [pu:domokluk], iş ady. Pudamak ýagdaýy. PUDARLAMA [pu:dorlomo], iş ady. Pudarlamak ýagdaýy. PUDARLAMAK [pu:dorlomok], işl. Bölek- bölek edip kesmek, böleklere bölüşdirmek (et hakynda). Kerim ýeňini çermäp, bir salymyň içinde goýny pudarlady (Ý. Mämmediýew). PUDARLAMAKLYK [pu:dorlomokluk], iş ady. Pudarlamak ýagdaýy. PUDARLANMAK [pu:dorlonmok], işl. Bölek- bölek edilip kesilmek, böleklenmek. Goýnuň eti pudarlanyp, ýüpden asyldy ( Edebiýat we sungat ). PUDARLAŞDYRMAK [pu:dorloşdurmok], işl. Pudarlap çykmak (et hakynda). PUDARLAŞMAK [pu:dorloşmok], işl. 1. Pudarlamaga kömekleşmek. 2. Bilelikde pudarlamak. Adamlar öldürilen sygryň etini pudarlaşyp otyrdylar. PUDARLATMAK [pu:dorlotmok], işl. Pudarlamak işini başga birine etdirmek. PUDARLAÝYŞ [pu:dorloýuş], iş ady. Pudarlamak ýagdaýy. PUDAŞMAK [pu:doşmok], işl. 1. Pudamaga kömek etmek. 2. Birnäçe bolup pudamak. Adamlar ýoluň gyrasyndaky agaçlary pudaşyp ýör. PUDATMAK [pu:dotmok], işl. Pudamak işini başga birine etdirmek, ýylmatmak. Bu giden bagy kime pudatsam diýýäň? PUDAÝYŞ [pu:doýuş], iş ady. Pudamak ýagdaýy. PUDRA [pu:dra], at. Kosmetikada ýüze çalmak üçin giňden ulanylýan un görnüşindäki hoşboý ysly gözellik serişdesi. PUDRALAMAK [pu:drolomok], işl.Pudra çalmak. PUGTA [puğto], syp. 1. Mäkäm, berk, ykjam. Onuň ellerinden pugta tutup, owadan gözlerini äriniň gözüne dikdi (B. Seýtäkow). 2. Berk, gowy, mazaly, oňat, doly. Aýdanlarymy pugta ýadyňda sakla. 3. Özüne bek, etjegini bilýän. Ol gaty pugta adamdyr. PUGTALAMA [puğtolomo], iş ady. Pugtalamak ýagdaýy. PUGTALAMAK [puğtolomok], işl. 1. Mäkämlemek, berkitmek, berkleşdirmek, pugta etmek. 2. Geplemeli, geplemesiz, etmeli, etmesiz zatlary gulagyna guýup, öz diýşiň ýaly etmelidigini duýdurmak, agzyna berk bolmagyny tabşyrmak, berklemek. Ýoldaşyňy pugtalaweri, ýogsam aýtmasyz zatlary aýdybermesi bardyr. PUGTALAMAKLYK [puğtolomokluk], iş ady. Pugtalamak ýagdaýy. PUGTALANDYRMAK [puğtolonnurmok], işl. Mäkämleşdirmek, berkleşdirmek. PUGTALANMAK [puğtolonmok], işl. 1. Has mäkäm edilmek, berkidilmek. 2. Has mäkäm bolmak, berkemek. PUGTALATMAK [puğtolotmok], işl. Pugtalamagy başga birine etdirmek, mäkämletmek, berkitdirmek. PUGTALAÝYŞ [puğtoloýuş], iş ady. Pugtalamak ýagdaýy. PUGTALYK [puğtoluk], at. 1. Berklik, mäkämlik. 2. göç.m. Özüňe pugta bolmaklyk, durnuklylyk. PUGTAMA [puğtomo], iş ady. 1. Pugtamak ýagdaýy. 2. Aýal köýneginiň ýakasy, begres, çabyt, geýim, don, çäkmen, jübüleriniň agyzlary we ş.m. jäheklenenden ýa-da balakýüpi tutulanyndan soň, gyralaryna, agzyna berklik üçin, dürli reňkdäki sapak bilen edilýän sanjym nagşy. PUGTAMAK [puğtomok], işl. Köýnegiň ýakasyna, donuň, çabydyň jübüsiniň agzyna, geýimiň etegine we ş.m. berklik üçin jähegiň ýa-da balakýüpiniň ýüzünden pugtama nagşyny salmak. PUGTAMAKLYK [puğtomokluk], iş ady. Pugtamak ýagdaýy. PUGTAŞMAK [puğtoşmok], işl. 1. Pugtamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup pugtamak. Joralary çykjak gyzyň jäheklenip bolnan eşiklerini pugtaşyp otyr. PUGTATMAK [puğtotmok], işl. Pugtamak işini başga birine etdirmek. Ejesi köýneginin ýakasyny gyz agtygyna pugtatdy. PUGTUK [puğtuk], at.Aýal geýiminiň balak ýüpüniň sag we çep tarapyny berkitmek üçin salynýan nagyş. PUGTUMA [puğtumo], at, ser. Pugtama 2. PUHARY [puhory], at. Jaýyň diwarynyň iç ýüzünden, burçundan ýasalýan ojak. 211 PUKARA [pukora:], syp. 1. Barly däl, garyp, ýoksul. Bize şa gyzy-da, geda gyzy-da gerek däl, bize özümiz ýaly pukara gyz gerek (S. Myradow). 2. göç.m. Biçäre, görgüli. Ýeri, pukarany munça azara goýup, ondan näme çykdy diýsene? (A. Gowşudow). 3. göç.m. Gepsiz-gürrüňsiz, sesi-üýni ýok, ýuwaş. Gyzyň kakasy Musa öz bagbançylygy bilen mydar edip ýören bir pukarady (B. Soltannyýazow). PUKARAÇYLYK [pukora:çylyk], at, ser. Pukaralyk. Gurban aganyň aýaly Jumagül köp pukaraçylygy başyndan geçiren daýaw, eli-aýagy işe gelşip duran garaýagzyň görmeklisidi (A. Durdyýew). PUKARALYK [pukora:lyk], at. Pukaranyň hal- ýagdaýy. Ol öz pukaralygyna garaman, il bähbidi bardyr öýden ýerinde janyny aýamaýardy (B. Kerbabaýew). PUKARASYRAMAK [pukora:syramak], işl. Pukara bolan bolmak, özüni pukara edip görkezjek bolmak. Dogrusy, daşyndan göräýmäge süýji dilli pukarasyran bolup ýören bu türkana garry ýeser adamdy (T. Gurbanow). PUKARASYRAŞMAK [pukora:syraşmak], işl. Birnäçe bolup pukarasyramak. PUL, at. 1. Harytlaryň bahasynyň ölçegi hem-de töleg serişdesi bolan metal şaýylyklar we kagyz belgileri. 2. Baýlyk; maýa. Pula gyzmak pula nebsiňi şaglatmak, pul diýip ölüp barmak. Puluň ýesiri pula erkini aldyran, puldan başga zady bilmeýän. PULDAR [pulla:r], syp., ser. Pully. Puldar baýlar pul berýär ( Görogly ). PULDARLYK [pulla:rlyk], at. Köp pullulyk, köp puluň eýesi bolmaklyk. PULLANMAK [pullonmok], işl. Puluň köpelmek, pully bolmak, baýlaşmak. Akja palçy oglunyň çöle gidip, pullanyp gelmeginiň sebäbini düşündirdi (N. Baýramow). PULLULYK [pulluluk], at. Puly köplük, puly barlyk, puldarlyk. PULLY, syp. 1. Puly kän, puldar. Pully adamyň gepi-sözem üýtgeşik bolýar. 2. Mugt däl, pul tölenýän, puluna. 3. Içine pul salnan. Pully gapjyk. 4. Pula dahylly, pula degişli, pul bilen baglanyşykly, pul hakyndaky. Soň pully gürrüň näme bilen gutardy, gürrüňiň şol ýeri gyzykly. PULSUZ, syp. 1. Pully däl, mugt. 2. Puly bolmadyk, puly ýok, kör-köpüksiz. Pulsuz bazara barandan, köpünsiz göre giren ýagşy (Nakyl). PULSUZLYK [pulsuzluk], at. Puly ýokluk, puly bolmazlyk. PURSAT [pursot], at. 1. Wagt, möhlet, çag, mütdet, puryja. 2. Gysga wagt aralygy, amatly wagt. Pursat bir guşdur, elden sypdyrsaň, uçar gider, ony gaýdyp tutmak bolmaz (A. Gowşudow). 3. Bir zadyň maýy, ýagdaýy, çemi. Pursat tapan mahaly, it gaçjak bolup, bar güýji bilen özüni bir tarapa baka oklady (A. Gowşudow). PURSATLAÝYN [pursotloýun], syp. Belli bir pursatda, pursat içinde bolup geçýän, wagtlaýyn, möhletleýin. Pursatlaýyn iş. PURYJA [puruýjo], at, ser. Pursat , möhlet. Sizlere ertire çenli puryja bereýin ( Görogly ). PUŞDA [puşdo], at, gepl.d. Joýalaryň aralygyndaky zolak ýer, iki joýanyň arasy. Murtuny towlap, goluny ýaýyp, puşdanyň üstüni basyp, biri- birine ýetipdir (N. Pomma). PUŞMAN [puşma:n], at. Nädogry, galat edilen işe soňundan edilýän ökünç, ýalňyşlyk bilen bolan işe çekilýän ahmyr, arman. Garyp köşkden çykyp gaýdansoň, Şasenem öz eden işine puşman etdi ( Şasenem – Garyp ). Puşmanda men eden-etmiş kärimden, Biperwaýam bolan-bolmuş barymdan (Magtymguly). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling