Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet376/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   372   373   374   375   376   377   378   379   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PÜRKGÜÇ [pürükgüç]at. Suw ýa-da suwuklyk 
sepmek, pürkmek üçin bedre görnüşli, jüründigi 
deşik-deşik enjamly gap. 
PÜRKMEK [pürükmök], işl. 1. Pürkgüç we ş.m. 
bilen ýa-da agzyňa suw alyp sepelemek, sepmek. 2
Ýagyş owunjak damjalap ýagmak. Daşarda ýagys 
pürküp dur.
PÜRKÜLMEK [pürkülmök], işl. Owunjak 
damja görnüşinde syçrap sepelenmek (suwuklyk 
hakynda). 
PÜRKÜŞMEK [pürküşmök], işl. 1. Pürkmäge 
kömek etmek, sepelemäge kömekleşmek. 2. Biri-
biriňe pürkmek, biri-biriň üstüne sepmek, sepişmek. 
Çagalar biri-birine suw pürküşip, üst-başlaryny öl-
myžžyk etdiler. 
PÜRLEK [pürlök], syp. Pür bilen örtülen, 
durşuna pür bolup duran, pürli. 
PÜRLI [pürlü], syp. 1. Ýaprak ýerine püri bolan. 
2. Oglana dakylýan at.Sazanda Pürli Saryýew 
PÜR-PUDAK [pür-pu:dok], at. 1. Agajyň pürleri, 
pudagy, şahasy. Erik, alma, şetdaly, Mekdep daşyn 
bezeýär, Göýä bäsleşýän ýaly, Pür-pudagy uzaýar (N. 
Omadow). 2göç.m. Nesil. Pür-pudak ýaýradar alkyş 
kylanym (Magtymguly). 
PÜRRELEME [pürrölömö], iş ady. Pürrelemek 
ýagdaýy. 
PÜRRELEMEK 
[pürrölömök], 
işl. 
1
Hemmesini kesişdirmek, döwüşdirmek (ösümlik 
hakynda). 2. Barysyny ýolup almak. Gawuny 
ýygmaly bolupdyr diýip ýördüm weli, menden 
öňürtiläp, pürreläp gidipdirler. 3. göç.m. Bir ýan 
ujundan ýok etmek, bir ýan ujundan gyrmak, 
öldürmek. 
PÜRRELEŞMEK 
[pürrölöşmök], 
işl. 
1
Pürrelemäge kömek etmek. 2. Birnäçe ýa-da köp 
bolup pürrelemek (pürrelemek sözüniň 1-3 manylary 
boýunça).  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   372   373   374   375   376   377   378   379   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling