Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PYRLANYŞMAK, işl. Yzygiderli pyrlanyp  durmak (birnäçe pyrlanýan zat, adam hakynda).  PYRLAŞMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet379/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   375   376   377   378   379   380   381   382   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PYRLANYŞMAK, işl. Yzygiderli pyrlanyp 
durmak (birnäçe pyrlanýan zat, adam hakynda). 
PYRLAŞMAK, işl. 1. Pyrlamaga kömek etmek. 
2. Birnäçe bolup, bilelikde pyrlamak. Garry aýallar 
ellerindäki iklerini pyrlaşyp, ik egirýärdiler. 
PYRLATMAK, işl.Pyrlamak işini başga birine 
etdirmek. Oglanjyklar ellerindäki ýelgamaklaryny 
pyrladyp, iki-baka at salýardylar
PYRLAWAÇ [pyrlowa:ç], at, ser. Ýelgamak
Çagalar pyrlawaçlaryny ýele tutup ylgaşýardylar. 
PYRLAÝYŞiş ady. Pyrlamak ýagdaýy. 
PYR-PYR: pyr-pyr aýlanmak 1) çalt-çalt, yzly-
yzyna aýlanmak. 2) yhlasly hyzmat etmek. Biçäre 
Gülaýym Ärhasanyň daşyndan pyr-pyr aýlandy 
(

Görogly

). 
PYRRA: pyrra öwrülmek (aýlanmak) dessine, 
basym, çalt, derrew, birden yzyňa dolanmak ýa-da 
aýlanyp başlamak. Aman yzyna pyrra öwrüldi. 
PYRRYK,syp., gepl.d.Biderek azap. Işler-ä 
paşmady, bar edenimiz pyrryk boldy.  
PYRRYLDAK [pyrryllak], at. Sapalak, hile, 
pirim. 
PYRRYLDAKÇY [pyrryllakçy], at. Sapalakçy, 
hilegär, pirimçi, pyrryldak gurýan adam. Ol tüýs 
baryp ýatan pyrryldakçy eken. 
PYRTYKAL [pyrtyka:l], at. 1. Tropik we 
subtropik howaly ýerlerde bitýän sitrus agajy. 2. Şol 
agajyň çala gyzyl öwusýän sary reňkli, turşumtyk-
süýji tagamly, ýumşak gabykly miwesi. 
PYS, s.ş.aňl.söz. Köplenç, tigir ýelini goýberip, 
pyssaranda we başga ýagdaýlarda ýuwaşlyk bilen 
çykýan ses. 

Pys bolmak puç bolmak, puja çykmak, netijesiz 
bolmak; ugry gaçmak, ýaramazlaşmak. Pys geçmek 
puç geçmek, boş geçmek, sowa geçmek, degmezlik. 
Atylan ok pys geçdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   375   376   377   378   379   380   381   382   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling