Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PYZMAKLYK, iş ady. Pyzmak ýagdaýy. PYZYLMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet381/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   377   378   379   380   381   382   383   384   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PYZMAKLYKiş ady. Pyzmak ýagdaýy.
PYZYLMAK, işl. 1.Bir zat duran ýerinden
itilmek. Aýagyndan sypan galoşy pyzylyp, arkan 
entän Äşebibi ýykylman, köwşüni çalasyn geýdi-de, 
ýumrugyny gezedi (B. Kerbabaýew). 2. göç.m. 
Işinden boşadylmak, aýrylmak, kowulmak. 
PYZYŞiş ady. Pyzmak ýagdaýy. 
PYZYŞDYRMAK, işl. Birnäçe zady pyzyp 
çykmak. 
PYZYŞMAK, işl. Birnäçe bolup pyzmak. 
Gezekme-gezek ylgaşyp çykyp, telpek pyzyşardylar 
(A. Gowşudow). 
PYZZYLDAMA 
[pyzzyllama], 
iş 
ady. 
Pyzzyldamak ýagdaýy. Öl odunyт pyzzyldamasy 
galmady
PYZZYLDAMAK [pyzzyllamak], işl. Gyzgyn 
zada, oda suw syçranda, öl odun ýakylanda we ş.m. 
ýagdaýda pyzzyldyly ses çykyp ýanmak.
PYZZYLDATMAK 
[pyzzyllatmak], 
işl. 
Pyzzyldyly ses çykarar ýaly etmek. Pyzzyldadyp 
ýakmak. 
PYZZYLDAÝYŞ 
[pyzzyllaýyş], 
iş 
ady. 
Pyzzyldamak ýagdaýy. Çary agaň köne maşynynyň 
pyzzyldaýşy traktoryňkydan hem beterdi. 
PYZZYLDY [pyzzylly], at. Gyzgyn zada, oda 
suw syçranda, öl odun ýakylanda we ş.m. ýagdaýda 
döreýän sesiň ady.

 
R,  Türkmen elipbiýiniň ýigrimi birinji harpy. 
RABAT [yrava:t], at, kön.s. Gala, berkitme. Tahyr 
üçin kanda rabat salarlar (

Zöhre – Tahyr

). 
RADAR [rada:r], at. Radiotolkunlar arkaly 
giňişlikdäki zatlaryň ýerleşýän ýerini anyklamak we 
ulaglaryň tizligini kesgitlemek üçin ulanylýan enjam. 
RADIO 
[yra:dyýo / yra:dyýa], 
at. 
1. 
Elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen sesleri we 
belgileri aradaşlyga bermek we kabul etmek usuly. 2
Şol usul bilen ses kabul edýän enjam. 
RAFYK [yrafy:k], at, k.d. Ýoldaş, ülpet. Söýeni 
söý, söýene sen bol rafyk, Söýmedikden yrak eýle 
özüňni (Magtymguly). 
RAGBAT [yrağvat], at. Hereket edip bilmäge 
mümkinçilik berýän ysgyn, güýç, kuwwat, tap, mejal. 
Köp geplemäge ragbatym ýokdy (H. Meläýew). 
RAGBATSYZ [yrağvassyz], syp. Ragbaty 
bolmadyk, ysgynsyz, güýçsüz, kuwwatsyz. Ol 
ragbatsyz ýagdaýda bir elini ýere direýşine doňup 
galdy (H. Derýaýew).  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   377   378   379   380   381   382   383   384   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling