Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Rowa görmek (bilmek, kylmak, eýlemek)


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet389/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   385   386   387   388   389   390   391   392   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Rowa görmek (bilmek, kylmak, eýlemek) 
mynasyp bilmek, laýyk bilmek. Asly toprakdan bolan 
adama özüňi näme rowa görýärsiň? (

Görogly

). 
Awy salma meniň içen aşyma, maňa aýralykny rowa 
eýleme? (Andalyp). Aşygyň öldürmäge neçün rowa 
kyla sen? (Dosmämmet). 
ROWAÇ [yrowa:ç], syp. Sow, şowly, oňaýly, 
oňuna. Bar onda, keýgim, işiň rowaç bolsun! (T. 
Gurbanow). 


221 

Rowaç almak (bolmak) sow almak, şowuna 
bolmak, ugruna bolmak, rowaçlanmak. Rowaç 
tapmak ser. Rowaç almak. Rowaç tap, işleriň, 
tutumlaryň şowly bolsun. 
ROWAÇLANDYRMAK [yrowa:şlannyrmak], 
işl. Rowaçlanmak derejsine ýetirmek. Hojalygyň işini 
rowaçlandyrmagyň giň maksatnamasy düzülipdir. 
ROWAÇLANMA [yrowa:şlanma], iş ady. 
Rowaçlanmak ýagdaýy.
ROWAÇLANMAK [yrowa:şlanmak], işl. Rowaç 
almak, şowly bolmak, oňuna bolmak, üstünlikli 
ýaýbaňlanmak. Işiňiz has-da rowaçlansyn. 
ROWAÇLANMAKLYK [yrowa:şlanmaklyk], iş 
ady. Rowaçlanmak ýagdaýy. 
ROWAÇLANMAZLYK [yrowa:şlanmazlyk] iş 
ady. Rowaç bolmazlyk. Işleriniň rowaçlanmazlygy 
telekeçini ruhdan düşürmedi.  
ROWAÇLANYBERMEK [yrowa:şlanyvermek], 
işl. Rowaçlanyp başlamak; rowaçlanmagyny dowam 
etdirmek. Onuň işi ahyry rowaçlanyberdi.  
ROWAÇLANYŞ 
[yrowa:şlanyş], 
iş 
ady. 
Rowaçlanmak ýagdaýy.
ROWAÇLYK 
[yrowa:şlyk],at. 
Rowaç 
bolmaklyk, şowlulyk. Rowaçlyk arzuw etmek. 
ROWANA [yrowa:na]: rowana bolmak bir ýere 
ugramak, ýola düşmek, bir ýana gitmek. Elgaraz, 
Hemra sözüni tamam edip, ýarag-esbabyny 
taýýarlap, ýolga rowana boldy (

Saýatly – Hemra

). 
Ýüzün tutup ummana, Aşyk ýigit ýoluna Bolanmyşyn 
rowana (K. Gurbannepesow).
ROWAÝAT [yrowa:ýat], at. Geçmiş hakynda
halk arasynda ýaýran, nesilden-nesle, dilden-dile 
geçen gürrüň. Baba aga käwagt oňat maslahatlar 
berýärdi we şolara degişli rowaýatlar aýdyp 
gülüşdirmegi oňarýardy (N. Esenmyradow).  
ROWAÝATÇY [yrowa:ýatçy], at. Rowaýat 
aýdýan adam, hekaýaçy. – Sakgaldaş! – diýip, ol 
ýaňky 
rowaýatçy 
ýaşula 
ýüzlenýär 
(B. 
Hudaýnazarow).
ROÝ [yro:ý], at, k.d. Ýüz, meňiz. Ak ýüzünde 
haly taýly Şirin sözli, hoş roýly Uzyn boýly, göwsi 
jaýly, Gelinler geçen ýoldur bu (Zelili). 
ROÝAL [yraýa:l], at, sung. Doly sesli, uzyn 
kirişleri, uly gapyrjagy bolan klawişli saz guraly. 
ROZA [yro:zo], atserOrazaÖmür az, döwran 
deraz, ne roza bar, ne namaz (Magtymguly). Roza, 
namazlarynyz kabul bolsun! (Dileg). 
ROZUGÄR [uro:zuğä:r], at. 1. Ýaşaýyş, durmuş. 
Bipaýan perzende ýörme, guwanma, Indi maňa özge 
rozugär olmaz (

Hüýrlukga – Hemra

). 2. Gün-
güzeran. Magtymguly niçik geçse rozugär, Haka 
şükür et, barma namarda, zynhar (Magtymguly). 
Narly, tüweleme, zor, hemişe rozygäriň aladasy bilen 
(O. Ödäýew).
ROZY-MAGŞAR [uro:zy-mağşar], at. Ahyret, 
kyýamat. Mähribanlyk babydan dilber, maňa rehm 
eýleseň, 
Rozy-magşarda 
saňa 
lutf 
eýlegeý 
perwerdigär (Gaýyby). 
RÖWŞEN [üröwşön], at. 1. Ýagtylyk, nur. Gitdi 
gözlerim röwşeni, ol şirin jandan aýrylyp 
(Magtymguly). 2. Ýagty, parlak. Röwşen geljegimiz
3. Oglana dakylýan at. 
RÖWÜŞ [üröwüş], at. 1. Ýagdaý, görnüş, hal. Bu 
röwüşde köp wagtlar geçdi (

Zöhre – Tahyr

). 2. Ýol, 
ýörelge, usul, tär. Suratkeşiň öz garaýşy ileri tutýan 
röwüşleri kem-kemden aýyl-saýyl bolup başlaýar 
(

Edebiýat we sungat

).
RUBAB [uruba:p], at, sazç. Kiriş kakar bilen 
çalynýan gadymy saz guraly. Saz eýlese gyjagu-dutar, 
çeň birle Rubab, Hoş owaz geýendeli, bir destan istär 
köňül (Seýdi). 
RUBAGY [uruba:ğy], at, edeb. Bir bentde 
gutarnykly many aňladýan dört setirli goşgy. 
RUBAÝY [uruba:ýy], at, edeb., ser. Rubagy
RUDYPAÝ [uru:dupa:ý], at. Adam şekilli hyýaly 
jandar. Göroglynyň nesihatyn almadyň, Owal neçüýn 
rudypaýdan gaýtmadyň... Barjamyzy ýakyp oda, Biz 
rudypaýa uçradyk (

Görögly

). 
RUGSAT [uruğsot], at. 1. Bir zady amala 
aşyrmak üçin ygtyýar. 2. Işleýän, okaýan adama 
ýylda bir sapar dynç almak üçin berilýän wagt. Öten 
ýyl rugsadymyň köpüsini Tejende geçirdim (A. 
Gurbanow). 
RUGSATLY [uruğsotly], syp. Rugsat berlen. 
Rugsatly okuwçy. Rugsatly gelmek. 
RUGSATSYZ [uruğsossuz], syp. Rugsady ýok, 
rugsady bolmadyk, birugsat.
RUH [uru:h] I, at. 1. Akyl, aň arkaly emele 
gelýän içki duýgy. Durmuşa göz ýetirýän adamyň 
ruhy hem belent bolýar. 2. Ölen adamyň hyýaly ruhy. 
Adam ölse-de, ruhy gezer ýörermiş. 3. Jismi däl, 
bedensiz mahluk, perişde.

Ruhdan düşmek sustuň pes bolmak, bir zada 
bolan ynamyň gaçyp, göwnüçökgün ýagdaýa 
düşmek. Bize ruhdan düşmek gelişmeýär. Ruhuny 
götermek galkyndyrmak, gylawlandyrmak, keýpini 
götermek. Bu ýagdaý biziň ruhumyzy göterdi 
(

Edebiýat we sungat

). Ruhy öçmek gaty 
horlanmak ýa-da gaty gorkmak zerarly ýüzüňde gan-
pet galmazlyk, ýüzüň nury gaçmak. Ruh bolup 
galmak eti-gany dökülip, gaty horlanmak. Oňa näme 
bolýarka, ruh bolup galaýypdyrRuha dönmek ser
Ruh bolup galmak
RUH [uru:h] II, at. Küşdüň ýokarsy tegelek 
görnüşli esasy maly. Agaçdan ýonup perzi, pil, ruh, 
şa, at ýasapdyrlar (A. Gowşudow). 
RUHANY [uru:ha:ny], at. Dine hyzmat edýän 
adam (molla, ahun). 
RUHANYLYK [uru:ha:nylyk], at. Ruhanynyň 
käri. 
RUHLANDYRMAK [uru:hlonnurmok], işl. 
Ruhuny götermek, ruhuny galkyndyrmak, ylham 
bermek, ruhy taýdan güýç-kuwwat bermek.
RUHLANDYRYJY 
[uru:hlonnurujy], 
syp. 
Ylham beriji, güýç-kuwwat beriji, ruhuny göteriji, 
galkyndyryjy. Ruhlandyryjy sözler. 
RUHLANMA [uru:hlonmo], iş ady. Ruhlanmak 
ýagdaýy. 


222 
RUHLANMAK [uru:hlonmok], işl. Ruhy 
göterilmek, ylham almak, galkynmak, ruhy taýdan 
joşmak. 
RUHSUZ [uru:hsuz], syp. Ruhy bolmadyk, 
ruhdan düşen, göwnüçökgün, sussupes. 
RUHUBELENT [uru:huvelent], syp. 1. Ruhy, 
göwni göterilen, galkynan, keýpi kök. Sen özüňi 
ruhubelent tut. 2. Daşoguz welaýatynda bir etrabyň 
ady. 
RUHUBELENTLIK 
[uru:huvelentlik], 
at. 
Ruhubelent halda bolmaklyk.
RUHY [uru:hy], syp. Adamyň içki dünýäsi bilen 
baglanyşykly, adam ruhuna degişli.
RUHYÝET [uru:hyýet], at. Adamyň ruhy 
dünýäsi bilen baglanyşykly düşünjeleriň jemi.
RUMYN [rumy:n], at, ser. Rumynlar. 
RUMYNLAR [rumy:nlar], at. Rumyniýanyň 
esasy ilatyny düzýän halk we şol halkyň wekilleri. 
RUPYÝA [uru:pyýa], at. Hindistanyň pul 
birliginiň ady. 
RUS [rus/orus], at, ser. Ruslar
RUSLAR 
[ruslor/oruslor], 
at. 
Russiýa 
Federasiýasynyň esasy ilatyny düzýän halk we şol 
halkyň wekilleri. 
RÜSTEM [ürüssöm], syp. 1. Başarnygy taýdan 
kim-de bolsa birinden artyk, ökde, üstün çykýan, 
asgyn däl. Mesele çözmekde Aman synpda iň 
rüstemidi (

Edebiýat we sungat

). 2. Oglana 
dakylýan at. 
RÜSTEMLIK [ürüssömlük], at. Güýji ökdelik, 
asgyn dällik.

Rüstemlik satmak uly-uly, gopbamsy 
gürlemek, batyrlyk satmak. 
RYSGAL [yrysğal], at. Taňrynyň beren paýy, 
rysk (ilki-ilkiler azyk, iýilýän-içilýän zatlar hakynda 
ulanylyp, soň-soňlar baýlyk, mal-mülk bilen 
baglanyşykly manyda-da gelip ugrapdyr). Baýguşuň 
rysgaly agzyna geler (Nakyl). 
RYSGALLY [yrysğally], syp. Rysgaly köp bolan, 
rysgaly bar bolan. Bolsa-da, rysgally ýigit eken. 
RYSGALLYLYK [yrysğallylyk], at. Rysgaly 
barlyk, rysgally bolmaklyk. 
RYSGALSYZ [yrysğalsyz], syp. Rysgally däl, 
rysgaly ýok, kemrysgal. Rysgalsyz adam. 
RYSGALSYZLYK [yrysğalsyzlyk], at. Rysgally 
bolmazlyk, rysgalsyz bolmaklyk, rysgaly ýokluk, 
rysgally dällik, kemrysgallyk.
RYSK [yrysk], at, ser. Rysgal  

Ryskyny aýyrmak öýüni aýyrmak, özbaşdak 
hojalyk etmek (öýlenen ýigit hakynda). Rysky daş 
ýarmak işi şowuna, edeni oňuna bolup durmak. 
Seniň ryskyň daş ýarýar eken (R. Gelenow).
RYSWA [yryswa:], syp. Ýaman atly, masgara, 
betnam, biabraý. Ýa-da meniň gizlin syrym paş bolup, 
Ile ryswa bolarmykam, ala göz (Baýly şahyr). 
RYSWALYK 
[yryswa:lyk], 
at. 
Ryswa 
bolmaklyk, ýaman atlylyk, masgaralyk, betnamlyk, 
biabraýlyk. Halk bolsa onuň ryswalygy hakynda 
gürrüň edişip, bizi gezer ýaly etmedi (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
RYÝAL 
[yryýa:l], 
at. 
Käbir 
Gündogar 
ýurtlarynyň pul birliginiň ady. 
RYZK [yryzk], at, ser. Rysgal.Öz ryzkyna hiç 
kanagat etmedik, Gözün diker, kişi aşyna zar bolar 
(Magtymguly). Guş-gumrular hem öz ryzklaryny 
çöpläp, iýşip ýörler (H. Derýaýew). 
 
 
 
 
 
 
 
 
 
 


223 
 
 

 
S, Türkmen elipbiýiniň ýigrimi ikinji harpy. 
SABA [sava:] Ihal, şahyr. 1. Irden, ir-ertir, säher. 
Her saba gelerdim mekdep ýoluna, Garamazdym 
sagy bilen soluma (Andalyp). 2. Geljekki gün, indiki 
gün, ertir. Saba bolar, tagt üstüne han çykar (

Asly–
Kerem

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   385   386   387   388   389   390   391   392   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling