REŇK [ireňk], at. 1. Boýamak, reňklemek işinde
giňden ulanylýan madda, boýag. 2. Bir zadyň tebigy
öwüşgini. Oglum, ol atyň reňki, sypaty nähili?
(
Görogly
). Gündogarda bolsa dürli reňk bilen
boýalan älemgoşar peýda bolupdy (B. Kerbabaýew).
Reňk açmak reňki durlanmak, reňki
gowulanmak, owadanlanmak, ýalpyldamak. Körleç
gyzgylt şöhle durdugyça reňk açýardy (A.
Gowşudow). Reňki durlanmak 1) bişip başlamak,
süýjäp başlamak. 2) daýanyp, ýüzüň nurlanmak.
Reňki (ebti) agmak gaty ýadamak, gorkmak we ş.m.
ýagdaýlar sebäpli ýüzüň üýtgemek, ysgynyň gaçmak.
Reňkiň gaçmak kesele duşup, tapdan düşmek.
Syrkawyň reňki gaçypdyr. Reňkiň öçmek kesellilik
ýa-da güýçli gorky sebäpli, ýüzüň gany gaçmak,
reňkiň üýtgemek. Reňkiň saralmak näsaglyk, iglilik
sebäpli reňki öçmek, horlanmak.
REŇKDAR [ireňkda:r], syp. Gowy reňkli. Men
hiç wagt şeýle uly hem reňkdar güli görmändim.
REŇKDEŞ [ireňkdeş], syp. Meňzeş reňkli, reňki
meňzeş, bir meňzeş reňkde bolan. Reňkdeş mata.
REŇKLEME [ireňkleme], iş ady. Reňklemek
ýagdaýy.
REŇKLEMEK [ireňklemek], işl. 1. Reňke
ýatyryp boýamak, reňk aldyrmak. Halynyň ýüpüni
özümiz reňkledik. 2. Ýüzüne reňk çalmak, ýüzüni
reňk bilen örtmek. Maşyny reňklemek.
REŇKLEMEKLIK [ireňklemeklik], iş ady.
Reňklemek ýagdaýy.
REŇKLEMEZLIK [ireňklemezlik], iş ady.
Reňklemek işini etmezlik.
REŇKLENMEK [ireňklenmek], işl. Reňke
ýatyrylyp boýalmak.
REŇKLEŞMEK
[ireňkleşmek],
işl.
1.
Reňklemäge kömek bermek. Goňşusyna gapylary
reňkleşdi. 2. Bilelikde reňklemek. Aýallar uly
gazanda mata reňkleşip durdular.
Do'stlaringiz bilan baham: |