Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet393/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   389   390   391   392   393   394   395   396   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SADASYRAMAKLYK [sa:dasyramaklyk], iş 
ady. Sadasyramak ýagdaýy. 
SADASYRAŞMAK 
[sa:dasyraşmak], 
işl. 
Birnäçe adam sadasyramak, özleri sada bolmasalar-
da, sada adam ýaly görünmäge çalyşmak, sada bolan 
bolmak. 
SADASYRAÝYŞ 
[sa:dasyraýyş], 
iş 
ady. 
Sadasyramak ýagdaýy. 
SADRANÇ [sadyranç], at, kön.s. 
Küşt. 
Hemranyň agalary hem şu gyz patyşa bilen sadranç 
oýnardylar (

Hüýrlukga – Hemra

). 
Sadranç ýaly dim-dik bolup duran, direnip 
duran (esasan, dogumly hem syrdam ýaş ýigitler 
hakynda). Sadranç ýaly bolup gerşiň üstüne çykdylar 
(A. Gowşudow). Dem salym durdular, gürrüňleşdiler, 
Daýaw ýigit bolsa misli bir sadranç (K. 
Gurbannepesow).
SADYK [sa:dyk], syp. 1. Tüýs ýürekden berlen, 
wepaly, wepadar. Yşk ähli bolmaýyn yşkyňda sadyk 
bolmasam (Baýram han Türkmen). 2. Oglana 
dakylýan at. 
SADYKLYK [sa:dyklyk], at. Sadyk häsiýetlilik, 
wepalylyk. Abdylmejit han sadyklyk bilen baş egdi 
(G. Kulyýew).
SADYLLA [sa:dylla:]: (sary) sadylla bolmak 
köp garaşmak, intizar bolmak. (sary) sadylla etmek 
köp garaşdyrmak, intizar etmek. 
SADYR [sa:dyr], syp. Porsap giden, ýaramaz, 
hapa, köne (ýata suw hakynda). Suw hem bir ýerde 
köp ýatsa, sadyr bolýar (B. Seýtäkow). Obanyň 
erkekler topary bolsa: 

Wepadan beýle sadyr iş 
çykmaz, munuň bir emmasy bardyr

diýip goýdular 
(A. Gowşudow). 
◊ Sadyr atmak ýata suw hapalanyp yslanmak.
SAG [sağ] I, 1. syp. Saglygy gowy, oňat, sagat, 
sagdyn, keselli däl. Sag ýatsa ýaman, syrkaw – gezse 
(Nakyl). – Näme, oglum, janyň sag dälmi? – diýip 
sorady (B. Kerbabaýew). Jany saga bu işler işem däl

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   389   390   391   392   393   394   395   396   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling