Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet401/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   397   398   399   400   401   402   403   404   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAKGYÇLAMAK [sakgyşlamak], işl., gepl.d. 
Bir zady ýanjap, gaýtalap oturmak. 
SAKLABERMEK [sakla:vermek], işl. Saklap 
başlamak; saklap ýörmek. Entek olary eliňde 
saklaber. 
SAKLAMAiş ady. Saklamak ýagdaýy. 
SAKLAMAK, işl. 1. Eliň bilen tutup durmak
eliňde tutmak. Käte-käte penjireden yşyklap, Otyr 
kitabyny elinde saklap (B. Hudaýnazarow). 2
Duruzmak, togtatmak, hereketini ýatyrmak. Sürüji 
maşyny saklady. 3. Öz eklenjiňde, garamagyňda 
ýaşatmak, eklemek; idetmek. Mal saklamak. 4. Bek 


231 
bellemek, unutmazlyk. Şu aýdanlarymy hergiz 
ýadyňda sakla. 5. Goramak. Ýüpegi saklamasaň ýüň 
bolar, aýaly saklamasaň – güň (Atalar sözi).
Bendesini bela-beterlerden hudaýyň özi saklasyn. 6
Daýanç, direg bolup hyzmat etmek. Ýykyljak tamy
ýeke kerpiç saklamaz (Atalar sözi). 7. Birini 
goýbermän eglemek, bir zada güýmäp, işinden, 
ýolundan goýmak. Saklamasaň, gitsem dogry ýol 
bilen, Ýeterdim maksada, käbäm atam jan! (A. 
Kekilow). 8. Wagtynda bermezlik, wagtynda ýerine 
ýetirmezlik. Arada gyzymyň kätmenini sapla diýip 
eltdim, şonam üç-dört gün saklady (A. Durdyýew). 9
Gizlemek, ýaşyrmak. Kem-käs ýalbaraýyn-da, etjek 
işimi öz ýanymda saklaýyn (B. Kerbabaýew). 10
Tussag etmek, tutmak. Jenaýatkäri saklamak. 
SAKLAMAKLYKiş ady. Saklamak ýagdaýy. 
SAKLAMAZLYK, iş ady. Aýawly tutmazlyk, 
aýamazlyk.
SAKLANMAK,işl. 1. Özüňi saklamak, özüňe
erk edip bilmek, özüňe buýurmak. Her niçik-de 
bolsa, mugallym saklanyp: – Käýinmek gerek däl! – 
diýip ýüzlendi (N. Pomma). 2. Aýak çekmek, durmak, 
daýanmak. Ol yzyna seredip saklandy. 3. Bir ýerde 
az-kem eglenmek. Gelen myhman başlygyň 
kabulhanasynda birneme saklandy. Men köpräk 
saklanaýdym öýdýän, indi beri gaýdaýyn. 4
Idedilmek, eklenmek. Dynç alyş öýündäki çagalar 
gowy saklanýar. 5. Bar bolmak, bolmak. Zyýanly 
duzlaryň toprakda köp mukdarda saklanýandygy 
tejribe üsti bilen barlandy. 6. Ýygnalyp goýulmak, 
aýalyp goýulmak. Gymmatly golýazmalar ýörite 
jaýlarda saklanýar. Tohumlyk bugdaýlar ýörite 
ammarlarda saklanýar. 7. Öňünde durup bilmek, 
çydam etmek. Bent sil suwunyň öňünde saklanaýsa 
ýagşydyr. 8. Ýerine ýetirilmek, berjaý edilmek. Işde
tertip-düzgün saklanýar. 9. Ýygnakda garşy bolubam, 
tarapdar bolubam ses bermezlik. Şu meseläni kabul 
etmeli diýen teklibe garşy, saklanan barmy? 10
Goralmak. Goraghanalar berk saklanýar. 11
Zaýalanman durmak, gowy durmak, üýtgemezlik. 
Ýapan 
hyýarlarym 
gowy 
saklanypdyr. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   397   398   399   400   401   402   403   404   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling