SAGLAÝYN-SOLLAÝYN
[sağlaýyn-
so:lloýun], hal. Hem sagdan, hem soldan, hem
sagyndan, hem çepinden. – Dogryňy aýtmasaň, ynha,
şu gamçy kebzäňde oýnar – diýip, biçäräni saglaýyn-
sollaýyn saýgylamaga durdy (G. Kulyýew).
SAGLYK [sağlyk], at. 1. Jany sagatlyk, guratlyk,
gurgunlyk, keselli dällik, sagdynlyk. Saglyk bolsa,
beglik bolar (Nakyl). Saglygym – baýlygym (Nakyl).
2. Aman-esenlik, sag-salamatlyk.
◊ Saglygy goraýyş ilatyň saglygyny goramaklyk
we arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekligi
durmuşa geçirmeklik. Saglyk öýi dürli hünärli
lukmanlaryň (hekimleriň) gözegçilik etmeginde
gatnalyp kesel bejerdilýän edara. Saglyk ýoly
adamlaryň dynç günleri saglyklaryny berkitmek üçin
dagdan geçýän ýoly.
Talyplar säher bilen saglyk
ýoluna çykdylar.
SAGLYK-AMANLYK [sağlyğ-ama:nlyk], at.
Aman-esenlik, sag-gurgunlyk, gurgunçylyk.
◊ Saglyk-amanlyk soraşmak salamlaşylandan
soň biri-biriň saglygyny soramak. Olar saglyk-
amanlyk soraşdylar.
SAGLYK-ESENLIK [sağlyğ-esenlik], at, ser.
Saglyk-amanlyk. Saglyk-esenlik soraşmak.
SAGLYK-SALAMATLYK [sağlyk-sala:matlyk],
at, ser. Saglyk-amanlyk. Saglyk-salamatlyk
soraşdyk biz öň (A. Kowusow).
SAGMA [sağma], iş ady. Sagmak ýagdaýy.
SAGMAK [sağmak], işl. 1. Malyň emjegini
gysyp, süýdüni almak. Her kim ýerli-ýerden
goýunlary kökerip, sagmaga başlady (H. Derýaýew).
Sygyr sagmak. Düýe sagmak. 2. göç.m. Aldaw,
zorluk we şuňa meňzeş ýol bilen birinden ep-esli zat
almak, ýonmak. Ol seni sagaýmasa, işiňi bitirer
öýdemok.
◊ Sag asmana süýdüňi eliňden gelenini aýama.
Do'stlaringiz bilan baham: |