Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet395/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   391   392   393   394   395   396   397   398   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAGALYBERMEK [sağalyvermek], işl. Saglygy 
gowulanybermek, sagalyp başlamak. 
SAGALYŞ [sağalyş], iş ady. Sagalmak ýagdaýy. 
SAGALYŞMAK [sağalyşmak], işl. 1. Dura-bara 
saglygy gowulaşmak. Sagalyşan bolsaň bolýar. 2
Birnäçe adam bilelikde sagalmak. Hassalar derrew 
sagalyşyp gitdi
SAG-AMAN [sağ-ama:n], hal. Sag-gurgun, sag-
salamat, 
aman-esen. 
Gullukdan 
sag-aman 
geldiňizmi? 
SAG-AMANLYK [sağ-ama:nlyk], at, ser. 
Saglyk-amanlyk 
SAGAN [sağan], at, ösüml.d.Ketigene meňzeş, 
reňki sarymtyl, kiçijik tikenli gytyk boýly ösümlik. 
SAGANA [sağana], at. Içi otag ýaly, kerpiçden 
örülen mazar gümmezi. Bu ýer – sagananyň içi eken 
(N. Jumaýew). 
SAGAŇKYRLAMAK [sağaňkyrlamak], işl. 
Süýdüni sagyp bolaňkyrlamak. 
SAGA-SOLA [sağa-so:lo], hal. Hem saga, hem 
çepe, iki baka, eýläk-beýläk. Ol bir zatdan howatyr 
edýän ýaly, saga-sola seredip gelýärdi. 
Saga-sola sowurmak (pytratmak) puly, 
baýlygy we ş.m. bisarpa tutmak, biderek harçlamak. 
SAGAT [sağat], syp.1. Saglygy gowy, keselsiz, 
sagdyn. Ol süňňi sagat adam. Ýüregi sagat. On iki 
synasy 
sagat.2. 
gepl.d. 
Harap 
bolmadyk, 
döwülmedik, gurat, abat. Bu maşyn gaty sagatdyr. 
◊ Sagadyna çykmak keselinden saplanyp, sagat 
bolmak. Ol köp wagtlap iňňelik iýen ýaly bolup gezdi, 
ýöne indi her näme bolsa-da, sagadyna çykypdyr. 
Sagadyna (magadyna) ýetmek bir zadyň anygyna 
ýetmek, hak ýa-da nähakdygyny anyklamak. Men bu 
gürrüňiň sagadyna ýetdim (A. Durdyýew). 
SAGAT [sa:ğat], at. 1. Bir gije-gündiziň çäginde 
wagty ölçemek üçin enjam, mehanizm. Asma sagat. 
Elektron sagat. Goşar sagady. Jaňly sagat. Diwar 
sagady. Jübi sagady. 2. Altmyş minuta deň bolan 
wagt aralygy. Men saňa bir sagatdanam köp 
garaşdym. 3. Günüň ýarymyndan ýa-da ýarygijeden 
başlap hasaplanýan 60 minuta barabar möhlet. Öýlän 
sagat üç. Agşam sagat ýedi. Gije sagat iki. 4. Okuw 
mekdeplerinde okadylýan sapaga berilýän wagt. 
Meniň mekdepde iki sagat okuwym bar. 5. gepl.d. 
Umuman wagt. Ol aýdan sagadyň taýýardyr.  
SAGATÇY [sa:ğatçy], at. 1. Sagat bejerýän ussa. 
Sagatçy äýnegini maňlaýyna goýup, sagadyň içine 
seredýär (B. Kerbabaýew). 2Wagty belleýji, wagty 
ölçeýji. 3taryh. Suw paýlaşygy döwründe her kime 
düşýän suwy sagatma-sagat bölüp goýberýän ýörite 
bellenen adam, mirap. 
SAGATLANMAK [sağatlanmak], işl. Keselden 
açylmak, sagalmak. 
SAGATLAP [sa:ğatla:p], hal. Sagadyň içinde, 
sagadyň dowamynda. Annaguly käwagtlar bir hana 
sogrup, lap edip aýtdygym däl, hut üç düýp 
gowaçanyň daşyndan bir sagatlap aýrylmady (A. 
Durdyýew). Birnäçe sagatlap. Iki sagatlap. Üç 
sagatlap
SAGATLAŞMAK [sağatlaşmak], işl. Saglygyň 
öňküsinden gowulaşmak, keselden açylyşmak, 
sagalyp başlamak. Birneme sagatlaşanymdan soň işe 
çykaryn. 
SAGATLAÝYN 
[sa:ğatlaýyn], 
hal. 
Dowamlylygy sagat bilen ölçelýän. Sagatlaýyn iş
SAGATLY [sa:ğatly], syp. 1. Sagat dakylan; sagat 
goýlan. Ol sagatly elini uzatdy. Üsti sagatly stol. 2
Sagatlaýyn. Sagatly iş. 
SAGATLYK [sağatlyk], at. Sagat bolmaklyk, 
sagdynlyk, jany saglyk, hiç hili keseli ýokluk. 
Sagatlyk hemme kişä ýetdirýän zat däl. 
SAGATLYK [sa:ğatlyk], syp. Dowamlylygy bir 
sagada çekýän, bir sagadyň içinde ýerine ýetirip 
bolýan. Bir sagatlyk arakesmeBir sagatlyk iş

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   391   392   393   394   395   396   397   398   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling