Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SADALAŞMA  [sa:dalaşma],  iş  ady.  1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet392/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   388   389   390   391   392   393   394   395   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SADALAŞMA 
[sa:dalaşma], 
iş 
ady. 
1
Sadalaşmak ýagdaýy. 2. dil.b. Sözleriň fonetik 
özgermelere sezewar bolup, bir sada, ýönekeý söze 
öwrülmek hadysasy. Mysal üçin, bilek ýüzük sözi 
fonetik sadalaşmanyň netijesinde bilezik diýen ýeke-
täk söze öwrülipdir.
SADALAŞMAK [sa:dalaşmak], işl. Has sada 
görnüşe 
gelmek, 
ýönekeýleşmek. 
Maşynyň 
çylşyrymly gurluşy sadalaşypdyr. 
SADALAŞMAKLYK [sa:dalaşmaklyk], iş ady. 
Sadalaşmak ýagdaýy. 
SADALYK [sa:dalyk], at. 1. Sada bolmaklyk
türkanalyk, ýönekeýlik. Permanyň sadalyk bilen 
seredýän gözleri dileg ediji nazar bilen oňa dikilip 
durdy (T. Taganow). 2. Düşünmesi kyn dällik, 
aňsatlyk, düşnüklilik, aýdyňlyk, ýeňillik. Eseriň dili 
örän sadalygy bilen tapawutlanýar. 3. Gurluşy, 
ýasalyşy, edilişi boýunça ýönekeýlik, çylşyrymly 
dällik.
SADAP, at. zergärç. s. 1. Şaý sepleriň ýüzüne gaş 
edip oturdylýan sary reňkli orta gymmatbaha daş. 
Täze helal ogşar ýaryň gaşyna, Sadaplar reşk eýlär 
göwher dişine (Talyby). 2. Deňziň düýbünden 
alynýan balykgulaklaryň içinde emele gelýän dür. 
Sadapda saklanan damja dür bolar (Aýtgy). 3
gepl.d. Ilik, düwme. Köýnegiň sadaby. 4. Gyza 
dakylýan at. 
Sadap ýaly (dek) ak reňkli, ýalpyldap duran. 
Hasapçy gyz ýylgyranda, onuň sadap ýaly ak dişleri 
ýaldyrap göründi (N. Jumaýew).
SADARAK [sa:dara:k], syp. Az-kem sada. 
Sadarakdan agrasrak bolmak – gelin-gyzlara 
mahsus häsiýetleriň biridir. 
SADASYRAMA 
[sa:dasyrama], 
iş 
ady. 
Sadasyramak ýagdaýy. 
SADASYRAMAK [sa:dasyramak], işl. Sada, 
türkana bolan bolmak, sada bolmasa-da, özüni sada 
häsiýetli edip görkezmäge çalyşmak. Onuň alkymyna 
baragada, sadasyrap söz gatdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   388   389   390   391   392   393   394   395   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling