Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet390/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   386   387   388   389   390   391   392   393   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SABA [sava:] II, at, şahyr. Mylaýym ýel, 
ýakymly ösýän şemal. Säher çagy ösen saba, Neýleý 
indi nara döndi (Magtymguly). Eý, saba, zarym 
meniň arz ile jananymga aýt (

Zöhre – Tahyr

). 
SABAMA [sa:vama], iş ady. Sabamak ýagdaýy. 
SABAMAK [sa:vamak], işl. 1. Zat galman 
tükenmek, gutarmak, boşamak. Ýollardaky hereket 
sabapdy. 2. Bir zadyň galyndysyndan, hapasyndan 
arassalanmak, saplanmak. 3. Keselden gutulmak, 
açylmak, sagalmak. Hudaýyň meniň gözýaşyma 
rehimi gelip, keselden sabar ýaly, saňa gujur-gaýrat 
bermegini dileýän (

Edebiýat we sungat

).
SABAMAKLYK [sa:vamaklyk], iş ady. Sabamak 
ýagdaýy. 
SABAMAZLYK [sa:vamazlyk], iş ady. Bir 
zatdan saplanmazlyk. 
SABAŞMAK [sa:vaşmak], işl. 1.Birnäçe adam, 
zat, ýer sabamak (sabamak sözüniň 1-nji, 2-nji, 3-nji 
manylaryna hem degişli). 2. Belli derejede aýrylmak, 
sabamaga golaýlamak (kesel hakynda). Ýolukman 
geçen, wagt-wagt sabaşan hem bolýardy, ýöne ýene 
duýman durkaň burup başlaýardy (T. Gurbanow). 
SABATDYRMAK [sa:vatdyrmak], işl. Sabar 
ýaly etdirmek.
SABATMAK 
[sa:vatmak], 
işl. 
Sabamak 
derejesine ýetirmek. Kesellileri keselinden sabatmak 
ýeňil iş däl. 
SABAÝYŞ [sa:vaýyş], iş ady. Sabamak ýagdaýy. 
SABRY-KANAGAT 
[savry-kanağat], 
at. 
Sabyrlylyk hem-de kanagatlylyk, takat (ser. Sabyr 
we Kanagat). Göterlip mähri-şepagat, Gidipdir 
sabry-kanagat (Seýdi). 
SABRY-KARAR [savry-kara:r], at. Sabyr edip, 
kanagat edip oturmak duýgusy. Bu durmuşa 
Hemranyň sabry-karary galman,bir söz diýdi 
(

Saýatly – Hemra

). Obada ol gyzy göreli bäri, 
Gaçypdy ol ýigdiň sabry-karary (A. Kekilow).  
SABYN [sa:vyn], at. Ýag we aşgardan 
taýýarlanýan, suwda ereýän gaty bölek ýa-da goýy 
önüm (kir, el-ýüz ýuwmak üçin ulanylýar). Onuň 
sabyn gaýnadýan kärhanasy bardy (

Edebiýat we 
sungat

). 
Sabyn garasyny görmezlik köp wagtdan bäri 
sabynly ýuwunmazlyk, suwa düşmezlik. 
SABYNLABERMEK [sa:vynla:vermek], işl. 
Sabyn çalyp başlamak. Ol ýuwup oturan eşiklerini 
sabynlaberdi. 
SABYNLAMA [sa:vynlama], iş ady. Sabynlamak 
ýagdaýy. 
SABYNLAMAK [sa:vynlamak], işl. Ýuwmak 
üçin sabyn çalmak. Soň elini, ýüzüni sabynlap ýuwdy 
(K. Jumaýew).
SABYNLAMAKLYK [sa:vynlamaklyk], iş ady. 
Sabynlamak ýagdaýy. 
SABYNLAMAZLYK [sa:vynlamazlyk], iş ady. 
Sabyn çalmazlyk. 
SABYNLANMAK [sa:vynlanmak], işl. 1. Sabyn 
çalynmak. 2. Öz eliňi-ýüzüňi, endamyňy sabynlamak. 
SABYNLAŞMAK 
[sa:vynlaşmak], 
işl. 
1
Sabynlamaga kömekleşmek. Gel, şu ýüňleri sabynlaş. 
2. Birnäçe bolup bile sabynlamak (hal işligiň -yp 
goşulmasyny kabul eden sabynlaşmak işliginden soň 
durmak
oturmak 
işligi getirilip ulanylýar). 
Sabynlaşyp durmakSabynlaşyp oturmak
SABYNLATMAK [sa:vynlatmak], işl. Birine 
sabyn çaldyrmak, sabynlamak işini başga birine 
etdirmek. 
SABYNLAÝYŞ 
[sa:vynlaýyş], 
iş 
ady. 
Sabynlamak ýagdaýy. 
SABYNPEZ 
[sa:vynpez], 
at, kön.s.Sabyn 
ýasaýan adam. Görse, birisi bir şäherde sabynpeziň 
sabynyny gaýnadýan bolup işleýän ekeni (

Türkmen 
halk ertekileri

). 
SABYR [savyr], at. 1. Çydam edip garaşmak 
ukyby, takat. Sabyr soňy – sap altyn (Nakyl). Sabryň 
bolsa subhan ýeter dadyňa, Jeňňi-jedel laýyk däldir 
adyňa (Magtymguly). 2. Adam ady. 
Sabryň gaçmak garaşyp halys bolmak, 
garaşara takat galmazlyk. Sabyr etmek (eýlemek) 
sabyrlylyk bilen garaşmak, çydamak, howlukmazlyk, 
gyssanmazlyk. Sabyr käsäň dolmak bir zada 
garaşyp, sabyr edip halys bolmak, garaşyp garaşmaz 
bolmak. 
SABYRLY [savyrly], syp.1.Sabyr edýän, takatly, 
gyssanman garaşmagy başarýan. Sabyrly ýigit aşa 
ýeter (Nakyl). 2. Gyza dakylýan at. 
SABYRLYLYK 
[savyrlylyk], 
at. 
Sabyrly 
bolmaklyk, sabry-karary barlyk, sabyrsyz dällik, 
takatlylyk.
SABYRLYRAK [savyrlyra:k], syp. Azda-kände 
sabyrly.Göwün islegiňe ýetmek üçin sabyrlyrak 
bolmaly. 
SABYRLYSYRAMAK [savyrlysyramak], işl. 
Sabyrly, takatly bolan bolmak, çydamly bolan 
bolmak. Onda-da äheňini üýtgetmän, sabyrlysyrap 
gepledi (G. Kulyýew).


224 
SABYRSYZ [savyrsyz], syp. Sabry bolmadyk
sabry ýok, sabyrly däl. Possunyny geýip üşemez ýaly, 
Basgylap garlary, barýar sabyrsyz (N. Pomma). 
Sabyrsyz adam.  
SABYRSYZLYK [savyrsyzlyk], at. Sabyrsyz 
bolmaklyk, sabry ýokluk, takatsyzlyk. Ol Zyba 
sabyrsyzlyk bilen garaşdy (Ý. Mämmediýew). 
SABYRSYZRAK [savyrsyzyra:k], syp. Azda-
kände sabyrsyz. 
SABYR-TAKAT [savyr-ta:kat], at. Sabyr etmek, 
takat etmek duýgusy. Mahym gyzda sabyr-takat 
galmaý, gün-günden derdi artyp, ýüzleri zagpyran 
dek saralar erdi (

Zöhre – Tahyr

). 
SAÇ,at. Adamyň kellesine çykýan tüýler, gyl 
örtügi we olaryň bejerilen, örülen we ş.m. şekildäki 
görnüşi. Gözüňe sürme ýaraşar, Biliňe tirme ýaraşar, 
Saçyňa örme ýaraşar, Saçlary şamar Hatyja (Seýdi). 
Aýşanyň kömür ýaly şar gara, ýogyn saçy-da beýleki 
gyzlarda juda seýrekdi (S. Myradow). Gür saçGara 
saçAk saçDört örüm saçIki örüm saçSaç örmek
Saçy hynalamak.
Saç bagy saçyň örüminiň uç tarapynyň pugta 
durmagy üçin örümiň gap bilinden başlap saç bilen 
bile örülip, onuň ujragynda bir-iki gezek aýlap 
daňylýan reňkli ýüp. Saç ýaýmak saçyň örümini 
çözüp, ýas tutup aglamak. Ýaka ýyrtyp, saçyn ýaýyp 
ýüzüne, 
Gelin-gyzlar, 
ança 
juwan 
aglaşar 
(Misgingylyç). 
SAÇ [sa:ç], at. Içinde gutap, et, heýgenek we ş.m. 
zat gowrulýan, bişirilýän tegelek ýalpak gap. Saçda 
heýgenek bişirmek. 
SAÇAK, at. 1. Nahar iýlende ýazylýan, içine 
çörek dolanýan ýörite tutulan mata; supra, desserhan. 
Onuň saçagynda bu gün nany bar, Onuň hemme 
ýerde beýik sany bar (R. Seýidow). 2. Içine çörek, 
pişme, gant we ş.m. zatlar salnyp, toý ýerine eltilýän 
sowgat. Her gün saçak, pişme-köýmetli gelýän 
aýallar oglany ýüzüne sylýarlar (A. Gowşudow). 3
göç.m. Mukaddes zat, mukaddeslik.
Saçagyňyz egsilmesin! rysgalyňyz egsilmesin, 
horluk görmäň diýlip aýdylýan alkyş. Saçakly 
gatnaşmak iki maşgalanyň agzalary biri-biri bilen 
ýakyndan gatnaşmak. Aýsoltan eje olar bilen saçakly 
gatnaşyk ederdi (N. Pomma). 
SAÇAKÇYat. Tapan iýmitini iýýän gara-goňur 
reňkli, uzyn murtly, göni ganatly mör-möjek, tarakan. 
Gara saçakçyKiçijik saçakçy.
SAÇAKDAŞ, syp. Biri bilen bir saçakda iýip-
içýän (adam). Saçakdaş bolmak. 
SAÇAKLYK, 1. syp. Saçak etmek üçin 
niýetlenen (mata). 2. at. Toýa gidilende saçaga 
salmak üçin alynýan köke, süýji we ş.m. zatlar. 
SAÇAKTORBA [saçakto:rvo], at, kön.s. Öňki 
wagtlarda toýa, hudaýýola gidilende iki, üç saçak 
salnyp äkidilýän torba. 
SAÇALAMAK, işl. Saçyp durmak, ýaýradyp 
durmak. Güller müşk-anbar ysyny gysganman, 
dumly-duşa saçalaýar (H. Derýaýew). 
SAÇALANMAK, işl. Yzygiderli saçmak. 
Ýaradan gan saçalandy. 
SAÇBAG [saçva:ğ], at, ser. Saç: saç bagy.
Saçbagyň ujunyň simdir işmesi, Üstünden ýol düşse 
kyndyr aşmasy (Magtymguly). 
SAÇDYRMAK [saşdyrmak], işl. Dökdürmek 
(köplenç, der, gan hakynda). Derini saçdyrmak
Ganyny saçdyrmak
SAÇLAGRAK 
[saşlağyra:k], 
syp. 
Saçy 
adatdakysyndan, bolmalysyndan gürräk, ösgünräk. Ol 
garaýagyzdan saçlagrak oglandy. 
SAÇLAK [saşlak], syp. Gür, ösgün saçly. Saçlak, 
süňkbaşy iri, mylaýym adam bular içeri girenden 
ýerinden turdy (B. Seýtäkow). 
SAÇLY [saşly], syp. 1. Saçy düşmedik, saçy bar.
2. Saç goýberden, saçyny ösdürip goýberen, saçyny 
syrdyrmadyk. 3. Gyza dakylýan at. 
◊ Gara saçly molla gepl.d. aýal maşgala, aýal. 
SAÇLYK [saşlyk], at, zergärç. Saçyň üsti bilen 
goýberilýän, ujy şelpeli ýa-da düwmeli, gaşly, 
gyzyllanan, köplenç, kerpiç-kerpiç, bölekleri biri-
birine halkajyklar bilen birleşdirilen bezeg şaýy. 
SAÇLYRAK [saşlyra:k], syp. Biraz saçly. 
SAÇMA, iş ady. Saçmak ýagdaýy. 
SAÇMAK,işl. 1. Syçratmak. Mest iner dek ak 
köpükler saçypdyr, Oglan, alla ýaryň, bargyl diýdiler 
(Magtymguly). 2. Dökmek. Der saçyp işlemekÝüz-
gözüňden ganyňy saçmak. 3. Ýaýratmak. Şöhle 
saçmakNur saçmak
SAÇMAKLYK, iş ady. Saçmak ýagdaýy. 
SAÇMONJUK [saçmo:njuk], at, zergärç. Iki 
setir edilip düzülen, arasy gulply, gyranly, saçyň 
aralaryny çatmak üçin dakylýan bezeg şaýy. 
SAÇPAÝ [saçpa:ý], at. Durmuşa çykan gyzyň 
saçy arkasyna atdyrylanda, baş salnanda gaýynlary 
tarapyndan saçyna dakmak üçin berilýän serpaý. 
SAÇUJY [saçu:jy], at, zergärç.s. Saçbagy bilen 
berkidilip, saçyň ujuna dakylýan düwmeli ýa-da 
şelpeli bezeg şaýy. 
SAÇUZYN [saçuzuýn], at. Oňurganyň iki 
tarapyndan uzap gidýän gyzylymtyl-sary damar, siňir. 
SAÇYBERMEK [saçyvermek], işl. Saçyp 
başlamak; saçmagy dowam etmek.
SAÇYLMAKişl. Dökülmek. Gyzyldan gyrmyzy 
ganlar, Saçylar meýdan içinde (

Görogly

). 
SAÇYŞiş ady. Saçmak ýagdaýy.
SAÇYŞMAK, işl., gepl.d. Birnäçe bolup 
bilelikde saçmak, pytratmak, dagatmak. Näme bulary 
töwerege saçyşyp otyrsyňyz. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   386   387   388   389   390   391   392   393   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling