Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


RESIM [iresim], at. Däp, adat, däp-dessur, adaty  düzgün-tertip. Ony söýmek bize gadymdan resim (K.  Işanow).  RESMI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet387/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   383   384   385   386   387   388   389   390   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

RESIM [iresim], at. Däp, adat, däp-dessur, adaty 
düzgün-tertip. Ony söýmek bize gadymdan resim (K. 
Işanow). 
RESMI [iresmi:], syp. 1. Döwlet işlerini ýerine 
ýetirmek bilen baglanyşykly bolan, hökümet, 
ýolbaşçylyk tarapyndan bellenen. Resmi sapar. 

Resmi habar döwlet edaralarynyň habar beriş 
serişdeleriniň üsti bilen ýaýradýan ýörite habary. 
RESMILEŞDIRMEK [iresmi:leşdirmek], işl. 
Resmi görnüşde ýerine ýetirmek, kanunlaşdyrmak.
RESMILIK [iresmi:lik], at. Resmi görnüşde 
bolmaklyk, resmi ýagdaý. Duşuşugyň resmiligi 
RESMINAMA [iresmina:ma], at. Bir delili ýa-da 
bir zada bolan hukugy tassyk edýän iş bilen 
baglanyşykly resmi güýje eýe bolan kagyz. Ylalaşyk 
Türkmenistanyň işeňňir ykdysady hyzmatdaşlary 
bolup durýan ýurtlaryň köpüsi bilen gol çekilen 
ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna girýär 
(

Türkmenistan

). Işe, okuwa girmek üçin zerur 
bolan resminamalary tabşyrmaly. 
RESPUBLIKA [respu:blika], at. 1. Ýokary 
häkimiýet edaralary belli bir möhletlik saýlanýan 
döwlet dolandyryş görnüşi. 2. Şol hili häkimiýeti 
bolan ýurt. 
RESUL [iresu:l], at. l. kön.s. Ilçi. 2. Allanyň 
ibereni, pygamber. 3. Oglana dakylýan at. 
RET [iret]: ret etmek bir zady inkär etmek; bir 
zatdan boýun gaçyrmak; bir pikir we ş.m. bilen 
razylaşmazlyk. 
REWOLÝUSION 
[revolýusiýo:n], 
syp
Rewolýusiýa degişli, rewolýusiýanyn ideýalaryny 
aňladýan. Rewolýusion göreş. 
REWOLÝUSIÝA 
[revolýu:syýa], 
at
Jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarda düýpli öwrülişik. 
REZOLÝUSIÝA [rezolýu:syýa], at. Haýsydyr 
bir meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagy 
netijesinde kabul edilen karar (gurultaýda, ýygnakda 
we ş.m.). Birleşen Milletler Guramasynyň Baş 
Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky 
”Türkmenistanyň 
hemişelik 
bitaraplygy” 
Rezolýusiýasy dünýäniň syýasy jemgyýetçiliginde, 
halkara syýasatynda täze bir sahypany açdy.
REÝGAN [ireýğa:n], syp. Biderek, puç, netijesiz. 
Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp, Şum pelek 
azabym reýgan eýledi (Magtymguly). Azabyň reýgan 
bolmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   383   384   385   386   387   388   389   390   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling