Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet384/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   380   381   382   383   384   385   386   387   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

REHIM-ŞEPAGATSYZLYK 
[irehim-
şepa:ğassyzlyk], at. Rehim-şepagaty ýokluk, rehim-
şepagatsyz bolmaklyk.
REHMET [irehmet], at, k.d. 1. Ýuka ýüreklilik, 
mähirlilik. 2. göç.m. Peýdaly ýagyş. Asmanam, goý, 
rehmet nuruny saçsyn (A. Atabaýew). 
REHNET [irehnet], at. Bir zatdan görülýän eşret, 
lezzet, maza. Zähmet soňy – rehnet (Nakyl). 
REHNETLI [irehnetli], syp. Rehneti bar bolan
eşretli. Ol sazlaryň hemmesinde-de rehnetli zähmet 
wasp edilýär. 
REJE [ireje], at. 1. Boluş, ýagdaý. Howanyň 
rejesi gowy däldi (G. Kulyýew). 2. göç.m. Niýet, 
hyýal, pikir. Olaryň öz çüri üçekli öýlerine gaýtmak 
rejesi ýokdy (

Edebiýat we sungat

). 3. Tertip, 
düzgün. Reje bilen edilen, içine at keçesi düşelen 
teläriň goýry kölegesi bardy (B. Kerbabaýew).  
REJELEMEK [irejelemek], işl. 1. Tertibe 
salmak, tertipli etmek, tertipleşdirmek. Indi olar 
reňklemek, suwamak, rejelemek işlerini özbaşdak 
amala aşyrýarlar. 2. Ýerli-ýerinde, ýerbe-ýer edip 
goýmak, jaýlaşykly ýerleşdirmek. Ýorgan-düşeklerini 
rejeläp ýygnaşdyrýardy (B. Seýtäkow). 3. Timar 
bermek, gelşikli etmek, taraşlamak, timarlamak, 
ýylmamak. 
REJELENMEK [irejelenmek], işl. Tertibe 
salynmak, ýerli-ýerinde goýulmak. Kitaplar rejelenip 
goýlupdyr. 
REJELEŞDIRMEK 
[irejeleşdirmek], 
işl. 
Rejeläp çykmak. Düzedişdirmek gerek bolmasa-da, 
düşekleri rejeleşdirdi (R. Gelenow). 
REJELEŞMEK [irejeleşmek], işl. 1. Rejelemäge 
kömek bermek. 2. Biri bilen ýa-da birnäçe bolup 
bilelikde rejelemek. 
REJELETMEK [irejeletmek], işl. Rejelemek 
işini başga birine etdirmek. Oduny rejeledip 
basdyrmak. 
REJELI [irejeli], syp. Tertibe salnan, tertipli; 
gelşikli; talabalaýyk. Tebigy serişdeleri rejeli 
peýdalanmak. 2. Ýerbe-ýer edilip goýlan, ýerli-


219 
ýerinde goýlan, jaýlaşykly. Jaýdan üç sany halyny 
çykaryp, rejeli ýazdy (A. Nazarow).
REJELILIK [irejelilik], at. Tertibe salnan 
ýagdaýda bolmaklyk, tertiplilik, ýerbe-ýerlik, 
gelşiklilik. Öýüň içiniň rejeliligine göwnüň ýetmezçe 
däldi. 
REJESIZ [irejesiz], syp. Tertibe salynmadyk, 
tertipsiz, bulam-bujar. Ol özüniň tegelenip duran 
bugdaýreňk ýüzündäki rejesiz ösen gara sakgalyny 
sypalap goýberdi (B. Pürliýew). 
REJESIZLIK [irejesizlik], at. Rejelenmedik, 
rejesi ýokluk, rejeli dällik. 
REJEÝÜP [irejeýüp], at. Gurluşykda diwaryň, 
haly dokalanda gyrasynyň dogrulygy olaryň daş 
ýüzünden çekilip barlanýan ýüp.
REŽISSÝOR [režisso:r], at. Teatr, kino we 
telewizion, radio oýunlaryny we gepleşiklerini 
goýýan çeper ýolbaşçy, guramaçy.
REKLAMA [rekla:ma], at. Harytlara we dürli 
görnüşli hyzmatlara isleg döretmek maksady bilen 
olaryn häsiýetli alamatlary hakynda maglumat beriş, 
mahabat. Söwda reklamasy. Teatr reklamasy. 
REKTOR [re:ktyr / re:ktor], at. Ýokary okuw 
mekdebiniň ýolbaşçysy. 
RELS [re:ls], at. Demir ýollarda şpallara 
berkidilen, üstünden otlynyň tigirleri ýöreýän insizje 
polat ýol.
REMEL [iremel], at, şahyr. Goşgy düzmegiň 
aruz ölçeginiň bir görnüşi. 
REMEZAN [iremeza:n], at. 1. Kamary 
aýlarynyň dokuzynjysy, oraza aýy. Remezan aýynda 
on tördi gije, Gözeller üýşerler, bir zyban kakar 
(Mollanepes). 2. Oglana dakylýan at. 
RENÇ [irenç], at. Biriniň ýa-da bir zadyň 
ugrunda görülýän görgi, çekilýän jepa, azap. Näler 
çekdim biwepanyň renjini, Rakyplar emmesin lebiň 
gandyny (

Saýatly – Hemra

). 
RENÇLI [irenşli], syp. Jebirli, azaply; görgüli. 
Rençli iş. 
RENDE [irenne], at. Agaç ussasynyň agaç, tagta 
ýonmak, ýylmamak üçin ulanýan el guraly, sürgi. Ol 
agaç ýonulanda rendäni nähili tutmalydygyny 
öwredýärdi. 
RENDELEME [irenneleme], iş ady. Rendelemek 
ýagdaýy. 
RENDELEMEK [irennelemek], işl. Rende bilen 
ýonmak, ýylmamak, sürgülemek. 
RENDELENMEK [irennelenmek], işl. Rende 
bilen 
ýonulmak, 
ýylmanma, 
sürgülenmek. 
Rendelenip ýonulan agaç. 
RENDELEŞDIRMEK [irenneleşdirmek], işl. 
Rendeläp çykmak, sürgüläp çykmak, hemmesini 
rendelemek. Tagtalary rendeleşdirmek. 
RENDELEŞMEK 
[irenneleşmek], 
işl. 
1
Rendelemäge kömek bermek. Agaç ussasyna tagta 
rendeleşmek. 2Bilelikde rendelemek. Agaç ussalary 
gapy ýasaljak agaç-tagtalary rendeleşip durdular
RENDELETMEK 
[irenneletmek], 
işl. 
Rendelemek işini başga birine etdirmek; rendelemäge 
ýol bermek. Tagtalary maňa rendeletjekmi? 
RENDELEÝIŞ [irenneleýiş], iş ady. Rendelemek 
ýagdaýy. 
RENTGEN [rentge:n], at. 1. Şöhlelenmäniň 
ölçeg birligi. 2. Rentgen şöhleleri arkaly beden 
agzalaryny surata düşürýän enjam, gural, abzal. 
REŇBE-REŇ [ireňme-reň], syp. Dürli reňkde 
bolan, her hili reňkli. Baharda açylan reňbe-reň 
güller, Bir pasyl açylar, ýaza myhmandyr 
(Magtymguly). 
REŇBE-REŇLIK [ireňme-reňlik], at. Dürli 
reňklilik, her hili reňklilik, dürli reňkde bolmaklyk. 
Baýdaklaryň reňbe-reňligi älemgoşary ýadyňa salýar. 
REŇGI-ROÝ [ireňňi-ro:ý], at, k.d. Ýüzüň reňki. 
Ol seniň üçin reňgi-roýun saraldyp, sabyr-karardan 
aýryldy (

Görogly

). Hemra diýer, reňgi-roýum 
saraldy, Ýana-ýana bagrym başy kül boldy (

Saýatly 
– Hemra

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   380   381   382   383   384   385   386   387   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling