Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


REFORMA [refo:rma], at. Haýsydyr bir zady  (oba hojalygyny, bilim ulgamyny we ş.m.)  özgertmeklik, üýtgedip gurmaklyk.  REHIL


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet383/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   379   380   381   382   383   384   385   386   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

REFORMA [refo:rma], at. Haýsydyr bir zady 
(oba hojalygyny, bilim ulgamyny we ş.m.) 
özgertmeklik, üýtgedip gurmaklyk. 
REHIL [irehil], at, kön.s. Üstünde kitap goýup 
okamaga hyzmat edýän açylyp-ýapylýan ganat şekilli 
tagta. 
REHIM [irehim], at. Biriniň agyr, gözgyny 
halyna, ýagdaýyna, çekýän gam-gussasyna, hasratyna 
bildirilýän duýgudaşlyk, şepagat. Hany seniň enä 
bolan rehimiň? (B. Kerbabaýew).

Rehimi inmek (gelmek) biriniň agyr ýagdaýyna 
nebsiň agyryp, dözmezlik etmek. Garry onuň bolup 
oturyşyny görüp, oňa nebsi agyrdy hem-de rehimi 
indi (N. Saryhanow). Kim bilsin, ne pikir geçýär 
başyndan, Emma rehmiň gelýär, görseň daşyndan (A. 
Kekilow).
REHIMDAR [irehimda:r], syp. Kalby rehimden 
doly, rehimli. 
REHIMDARLYK [irehimda:rlyk], at. Kalby 
rehimden dolulyk, rehimlilik. 
REHIMLI [irehimli], syp. Birine ýa-da bir zada 
rehimi gelýän, rehim edýän, ýüregi ýuka, şepagatly, 
rehimdar. Rehimli adam. 
REHIMLILIK [irehimlilik], at. Rehimi barlyk
rehimli bolmaklyk, rehimdarlyk, rehim-şepagatlylyk. 
Rehimlilik etmek. 
REHIMSIZ [irehimsiz], syp. Hiç zada rehimi 
gelmeýän, 
rehim 
etmeýän, 
rehim-şepagatsyz, 
birehim. Rehimsiz zalymlar bagry daş bolar, Barar 
ýere kesek atyjy bolma (Magtymguly). 
REHIMSIZLENMEK [irehimsizlenmek], işl. 
Rehimsiz bolup başlamak, birehim bolmak. 
Rehimsizlenip başlamak. 
REHIMSIZLIK [irehimsizlik], at. Rehimsiz 
bolmaklyk, rehimi ýokluk, rehimli dällik, rehim-
şepagatsyzlyk, birehimlik. 
REHIM-ŞEPAGAT [irehim-şepa:ğat], at. Rehim 
we hemaýat. 
REHIM-ŞEPAGATSYZ 
[irehim-şepa:ğassyz], 
syp. Rehim-şepagaty ýok. Rehim-şepagatsyz adam 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   379   380   381   382   383   384   385   386   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling