SAGDYNLAŞMAK [sağdynlaşmak], işl. 1. ser.
Sagatlaşmak. Ol öňküsinden-de sagdynlaşdy. 2.
Ýagdaý, durmuş, gatnaşyk gowulaşmak, berkleşmek.
SAGDYNLYK [sağdynlyk], at. 1. ser. Sagatlyk.
2. Ruhy-ahlak taýdan arassalyk. Jemgyýetde
goňşusyna kömek etmek duýgusy höküm sürýän
bolsa, onda bu milletiň ahlak taýdan sagdynlygyna
şaýatlyk edýär (Gurbanguly Berdimuhamedow.
Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek
bagtdyr).
SAGDYNRAK [sağdynyra:k], syp. Az-kem
sagdyn.
SAGDYRMAK [sağdyrmak], işl. 1. Sagmak işini
başga birine etdirmek. Sygyr sagdyrmak. 2. Süýt
bermek, süýdüni kesmezlik.Sygyr ýedi-sekiz aýa
çenli sagdyrýar. 3. göç.m. Baýlygyň ep-esli bölegini
iýdirmek, eliňden aldyrmak, ütdürmek. Ol işiňi
bitirdim, bu işiňi etdim diýip aldap ýören kezzaba,
baý, sagdyransyň-a.
SAG-GURGUN [sağ-ğurğun], hal, ser. Sag-
aman.Olar hernä sag-gurgun gezişip ýörendirler-dä?
(
Edebiýat we sungat
).
SAG-GURGUNÇYLYK [sağ-ğurğunçuluk], at,
ser. Sag-amanlyk. – Sag-gurgunçylykmy? – diýip
sorady (B. Seýtäkow).
SAG-GURGUNLYK [sağ-ğurğunluk],at, ser.
Sag-amanlyk.
SAGLAK [sağlak], syp., ser. Saglakaý.
SAGLAKAÝ [sağlakaý], syp. 1. Çep eline
garanda sag eli bilen, ýer depende bolsa, tersine, sag
aýagy bilen däl-de, çep aýagy bilen piliň çep
gulagyna basyp has gowy işläp bilýän. 2. Sag eli, ýer
depilende bolsa sag aýagy bilen däl-de, çep aýagy
bilen işleýänler üçin ýasalan. Saglakaý orak.
Saglakaý pil.
SAGLAMAK
[sağlamak],
işl.
Anygyna,
magadyna ýetmek, anyklamak. Her zadyň aslyny
saglamak gerek (Baýly şahyr).
SAGLAŞMAK
[sağlaşmak],
işl.,
gepl.d.
Ugradylanda ýa-da wagtlaýyn aýrylyşylanda
sag
bol
diýişmek, sagbollaşmak, hoşlaşmak. Ol kim
bilen hoşlaşjagyna, kim bilen saglaşjagyna-da akyly
ýetmän, ýeňsesini öwürdi (B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |