SAGATMA-SAGAT [sa:ğatma-sa:ğat], hal. 1.
Gymyldy-hereketiň amala aşan her bir sagady
boýunça. Seniň işe gelen, işden gaýdan wagtlaryňy
sagatma-sagat, hatda minutyna çenli belläp goýdum.
2.Her sagatda, yzygiderli, yzyny üzmän. Şemal çäge
depelerini emaý bilen sagatma-sagat, minutma-minut
süýşürip barýandyr.
SAGATSAÝYN [sa:ğassa:ýyn], hal. Sagat
yzyndan sagat geçdigiçe. Ýazyň ilki aýlarynda howa
sagatsaýyn üýtgeýärdi, birden bulutlaşyp şemal
turýardy (B. Kerbabaýew).
SAGBOLLAŞMAK [sağvolloşmok], işl. Biri
bilen hoşlaşmak, sag bol diýişmek. Eýsem, şol
hoşlaşykda il halky bilen sagbollaşyp, özi ýaly
gerçeklere baş bolup, Watan goragyna meýletin giden
ýigit kim? (
Edebiýat we sungat
).
SAGBOLLAŞMAZLYK [sağvolloşmozluk], iş
ady. Biri bilen
sag bol
diýişmezlik. Onuň bilen
sagbollaşman gidip biljek däl.
SAGDAK [sağdak] I, at. Ýaýyň oky salnyp,
heýkelleýin asylýan gap. Atam altyn sagdagym, enem
unly bogdagym (Nakyl). Sagdagymda segsen okum
bar, biri hata gitmez! (
Saýatly – Hemra
).
SAGDAK [sağdak] II, at, dokm. Gölçäniň
ortasyna, halynyň gyra nagşyna salynýan sekiz
ýaprakly, bir ýa-da dört sany açylan güle meňzeş
nagyş. Sagdak salnan gölçe.
SAGDYN [sağdyn], syp. 1. ser. Sagat 1. Sagdyn
adam. 2. Güýçli, daýaw, gujurly. Sagdyn gollar. 3.
göç.m. Bolgusyz pikirlere gulluk etmeýän, arassa,
sap. Sagdyn pikirli adam.
SAGDYNLAŞDYRMAK
[sağdynlaşdyrmak],
işl. Ýagdaýy, gatnaşygy gowulandyrmak.
227
Do'stlaringiz bilan baham: |