Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet404/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   400   401   402   403   404   405   406   407   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SALAM [sala:m], 1at. Birine duşanyňda saglyk-
amanlyk soraşmak üçin aýdylýan ýüzlenme sözi (ser. 
Salawmaleýkim). 
Salam, 
mugallym. 
Salam, 
okuwçylar! 2. Dostluk duýgusyny aňladýan dabaraly 
gutlag sözi. Bäsleşige gatnaşyjylara ýalkymly salam! 
Salam (salamyny) almak özüňe salam beren 
adamyň salamyna 

Salam

diýip, gaýtargy bermek. 
Salam bermek öňüňden çykan ýaşula, tanşyňa we 
beýleki duşan adama 

Salam!

diýip aýtmak. Salam 
haty uzak ýerden öz ýagdaýlaryň bilen tanyşdyrmak 
we salam iberýän adamyň hal-ýagdaýyny soramak 
üçin iberilýän hat. Salam ibermek başga birinden öz 
tanaýan ýakyn adamlaryňa salam sözüni ýollamak.
Salam iberenem, salam getirenem sag bolsun. 
Salam getirmek (gowşurmak) aýdylan salamy 
iberilen adama dil üsti bilen ýetirmek.
SALAMAT [sala:mat], hal. 1. Aman-sag, sag-
gurgun, aman-esen, sag-aman; parahat. Istär ki gözel 
ýary, gördüm ki salamatdyr (Mollanepes). 2. Oglana 
dakylýan at. 
SALAMATLYK [sala:matlyk], at. Aman-saglyk, 
sag-gurgunlyk, aman-esenlik, sag-amanlyk; dynçlyk, 
parahatlyk. Saglyk, salamatlyk bir-bir sordular, 
Durmaň, ulug jaýa ýörgül diýdiler (Magtymguly). 
SALAMÄLIK 
[sala:mä:li:k], 
at. 
Aýal 
maşgalanyň özünden ululara berýän salamy. 
Gartaşan aýal: – Salamälik! – diýip, öýe girdi. 
SALAM-HELIK [sala:m-heli:k], at. Biri bilen 
duşulanda alşylýan salam, salamlaşma. Garry ene: 

Indiki ýaşlaryň birentegi salam-heligi-de bilenok

 
diýip zeýrendi. 
SALAMLAŞMA 
[sala:mlaşma], 
iş 
ady. 
Salamlaşmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   400   401   402   403   404   405   406   407   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling