12.Garrylygyna garamazdan, bedeni, durky, guruwy
gaty üýtgemezlik. Ol garrar ýaly däl, gaty gowy
saklanypdyr.
SAKLAŞMAK, işl. 1. Saklamaga kömekleşmek.
Baş öwredilýän atyň jylawyndan tutup saklaşdy.
Çaga saklaşmak. 2. Bilelikde saklamak, saklap
durmak. Agyr zady elinizde saklaşyp durmaň, ýerde
goýuň.
SAKLATMAK, işl. Saklamak işini başga birine
etdirmek; saklamaga mejbur etmek; saklamaga
mümkinçilik bermek, saklamaga ýol bermek. Puly
bankda saklatmak. Kitaplary ýerde goýdurma, az
wagtlyk elinde sakladaý.
SAKLAW [saklow], at. Gorap saklamak üçin
goýlan topar, gorag. Olaryň daşlarynyň saklawlary
öňküsinden gowşamaýardy (A. Gowşudow).
SAKLAWLY [saklowly], syp. Saklawy bar bolan,
goragly.
Oýuň
töweregi
saklawlydy
(Ý.
Mämmediýew).
SAKLAWSYZ [saklowsuz], syp. Goralyp
saklanmaýan, goragsyz. Gawun ekilen oýtagy
saklawsyz goýmak bolmaz.
SAKLAÝYŞ, iş ady. Saklamak ýagdaýy.
SAKLYK, at. Sak häsiýetlilik, eserdeňlik,
hüşgärlik.
SAKMAN, at. Guzuly goýunlar topary. Guzuly
goýunlar uly sakmana, kiçi sakmana, kämahallar
orta sakmana bölünýär.
SAKSYZ, syp., gepl.d. Sakçysyz, saklanmaýan.
SAKY [sa:ky], at. Meýlislerde arak-şerap guýup
berýän adam. Gurup eşret üçin mejlis, pyýala tutdy
sakylar (Gaýyby). Şeýle ajap saky ol, şowhun berýär
giň jaýa, Oň aksakgal bolşuny diýsem, uly hekaýa
(M. Seýidow).
SAKYLYK [sa:kylyk], at. Sakynyň käri,
ýagdaýy; saky bolmaklyk.
SAKYNDYRMAK
[sakynnyrmak],
işl.
Sakynmaga mejbur etmek, sakynmagyna sebäp
bolmak, sakynmak katdyna ýetirmek. Ol adamyň
hyrsyz keşbi oglanjygy sakyndyrdy.
Do'stlaringiz bilan baham: |