Sallançak kilim sallançak etmek üçin ýörite
nagyşlanyp dokalýan kilim. Sallançak ýüpi sallançak
gurmak üçin işilen ýa-da örülen ala hem ýogyn ýüp.
SALLANJYRABERMEK [sallanjyra:vermek],
işl. Sallanjyrap başlamak.
SALLANJYRAMA, iş ady. Sallanjyramak
ýagdaýy.
SALLANJYRAMAK, işl. Sallanybrak, ýüzüňi
aşak salyp ýöremek, süýnüp-sarkyp näzli ýöremek.
Onuň aý ýaly ýüzi, sallanjyrap ýöreýşi Soltansöýnüň
bütin durmuşyny özüne çekipdir (
Myraly
).
SALLANJYRAMAKLYK,
iş
ady.
Sallanjyramak ýagdaýy.
SALLANJYRAŞMAK,
işl.
Bilelikde
sallanjyramak.
Gyz-gelinler
giň
köçe
bilen
sallanjyraşyp barýardylar.
SALLANJYRAÝYŞ,iş
ady.
Sallanjyramak
ýagdaýy.
SALLANMA,iş ady. Sallanmak ýagdaýy.
SALLANMAK,işl.
1.Ýokardan
aşaklygyna
goýberilmek. 2. Özüňi beýik ýerden aşak
goýbermek. Ol erik agajynyň berdaşly şahasyndan
sallanyp ýere düşdi. 3. Çala ýere bakybrak, aýagyňy
ýuwaşlyk bilen ýerden göterip ýöremek. Bag içine
ýar sallanyp girende, Bilbiller saýramaz, haýrana
galar (Mollanepes). 4. Sallangy ýagdaýda bolmak,
asylyp durmak. Bişen iri-iri armytlar sapagyndan
sallanyp, şahalarynyň başyny aşak egipdir.
SALLANYŞ,iş ady. Sallanmak ýagdaýy.
SALLANYŞMAK,işl. 1.Köp zat sallanyp
durmak. Käsi suw kädi, käsi süýt kädi sypatynda
dürli reňkdäki armytlar şahalarda sallanyşyp
görünýär (B. Kerbabaýew). 2. Birnäçe bolup
sallanyp ýöremek (ser. Sallanmak 3).
Do'stlaringiz bilan baham: |