SALHAM-SAJAK [salham-sa:jak] ser. Sallam-
sajak.
SALKYM,at. Üzümiň bir sapakda ýerleşen
topbagy, hoşasy. Bir salkymyň datmadyk, Çeker
arman, halyly (M. Garryýew).
SALKYN I, syp. Mylaýym, aram, sergin howa.
Yssy günler her kim salkyn ýeri agtarýar (A.
Gurbanow).
◊ Salkyn düşmek howanyň yssysy sowlup,
mylaýym, sergin howa peýda bolmak. Agşam salkyny
düşdi.
SALKYN II, at. Ertirden günorta, öýleden gün
ýaşýança wagt aralygy, günüň birinji ýarymy ýa-da
günüň ikinji ýarymy. Ata bu salkynda ondan göni iki
kilogram pagtany artyk ýygypdyr (B. Pürliýew).
SALKYNLABERMEK [salkyn-la:vermek], işl.
1. Salkyn bolup başlamak. 2. Salkyn ýerde dem-dynç
almaga başlamak. Sen şu ýerde otur-da salkynlaber.
SALKYNLAMA, iş ady. Salkynlamak ýagdaýy.
Gün öýlä saýdygy howa salkynlama bilen boluberýär.
SALKYNLAMAK, işl. 1. Salkyn bolup
başlamak, salkyn howa aralaşmak, salkyn düşmek.
Howa salkynlap başlady. 2. Salkyn ýerde, salkyn
howada dem almak. Salkynlaýyn diýip düşek atdym
(
Görogly
).
SALKYNLAMAZLYK, iş ady. Salkyn bolup
başlamazlyk.
SALKYNLAŞMAK, işl. Dura-bara salkynlamak,
birneme salkyn howa aralaşmak, serginleşmek.
Gündiziň gyzgyn howry sowlup, gije salkynlaşypdy
(B. Kerbabaýew). Günem ýaşdy, Aý nur saçdy,
Salkynlaşdy Aşgabat (R. Seýidow).
SALKYNLATMAK,işl. Howany öňküsinden
salkyn etmek. Ýagan ýagyş howany birneme
salkynlatdy.
SALKYNLAÝYŞ, iş ady. Salkynlamak ýagdaýy.
SALKYNLYK I, at. Salkyn ýagdaýda bolmaklyk,
aramlyk, serginlik. Gyzgyn howanyň deregine
salkynlyk aralaşdy.
Do'stlaringiz bilan baham: |