Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SALDAMLYRAK [sallamlyra:k], syp. Bolmalysyna seredeňde agramlyrak, agramy köpräk. SALDAR
- SALDARLAMAK
- SALDARLAMAZLYK
- SALGABERMEK
- SALGAMAKLYK
- SALGATMAK
- SALGYHANA
- SALGYLANMAKLYK
SALDAMLAMAK [sallamlamak], işl., ser.
Saldarlamak.Sen şol towugy maňa ber, men bir saldamlap göreýin – diýipdir ( Türkmen halk ertekileri ). SALDAMLY [sallamly], syp. 1. Ele saldam berýän, agram salýan, agramy duýulýan. Şol ýükler onçakly gaba bolmasa-da, örän saldamly görünýärdi (B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Paýhasly, salyhatly, ýerlikli (ýöreýiş, sözleýiş, hereket we ş.m. hakynda). 3. Önjeýli, ep-esli. Saldamly goşant. SALDAMLYLYK [sallamlylyk], at. 1. Saldamly bolmaklyk, saldamy barlyk. 2. göç.m. Agraslyk, salykatlylyk, ýerliklilik (ýöreýiş, sözleýiş, hereket we ş.m. hakynda). Ol örän saldamlylyk bilen söze başlady. SALDAMLYRAK [sallamlyra:k], syp. Bolmalysyna seredeňde agramlyrak, agramy köpräk. SALDAR [sallar]: saldar almak çyban, beze ýaly çykuwlar zarbygyp, sorkuldap agyryp ugramak. SALDARLABERMEK [sallarla:vermek], işl. 1. Agramyny çaklap görübermek. 2. göç.m. Öz pikiriňdeaýlap görübermek. SALDARLAMA [sallarlama], iş ady. Saldarlamak ýagdaýy. SALDARLAMAK [sallarlamak], işl. 1. Ele alyp, agramyny çaklamak, bir zady eliňe alyp, agramyny barlap görmek. Näme diýjegini bilmän, gawuny eline alyp, saldarlap gördi (H. Garabaýew). 2. göç.m. Öz pikiriňde aýlap görmek, dogrulygy, nädogrulygy hakda oýlanyp, paýhas edip görmek. SALDARLAMAKLYK [sallarlamaklyk], iş ady. Saldarlamak ýagdaýy. SALDARLAMAZLYK [sallarlamazlyk], iş ady. Saldarlap görmezlik. SALDARLANMAK [sallarlanmak], işl. 1. Agramy barlanyp görülmek. 2. göç.m. Oýlap-ölçäp görülmek. SALDARLAÝYŞ [sallarlaýyş], iş ady. Saldarlamak ýagdaýy. SALDYRMAK [sallyrmak], işl. Salmak işini başga birine etdirmek, salmaga mümkinçilik döretmek, ýol bermek. Isgender, Jemşit saldyran, Beýik binalar görüner (Magtymguly). Patyşa şäherden sesýetim uzakda, görnükli ýerde belent minara saldyrypdyr ( Myraly ). Indi ýumruk ýaly çagalara kesek saldyrýaňmy? SALGABERMEK [salğa:vermek], işl. Salgap ugramak. Aty görenden ýaglygyny salgaberdi. SALGAMA [salğama], iş ady. Salgamak ýagdaýy. El salgama nämä gerek, özi gördi ahyry. SALGAMAK [salğamak], işl. 1. Eliňi ýa-da eliňdäki zady howada bulaýlamak, galgatmak, hereket etdirmek. Märekäniň aňry çetinde duran bir adam maňa elini salgap, ýanyna çagyrdy. 2. Eliňi ýa- da eliňdäki gamçyny, taýagy urulmakçy bolunýan adama, ata we ş.m. tarap gönükdirip bulaýlamak. Maňa eliňi salgarça sen kimmişiň?! Gamçyny ata salgamak. 3. Diýilýän zada pitiwa edemok, ony oňlamok, kabul edemok diýen manyda eliňi yzlygyna bulap goýbermek. Işine gaty ökde diýilýan adam siz bilen işleýärmi? diýip soradym weli, ol ýüz-gözüni bürüşdirip, elini salgap goýberdi. SALGAMAKLYK [salğamaklyk], iş ady. Salgamak ýagdaýy. SALGAMAZLYK [salğamazlyk], iş ady. Elini ýa-da elindäki zady howada bulaýlamazlyk, galgatmazlyk. SALGAŞMAK [salğaşmak], işl. Biri-birine tarap ellerini galgatmak. Olaryň biri-birine ellerini salgaşyp, janygyp sözleşmekleri hem şony tassyklaýardy (B. Kerbabaýew). SALGATMAK [salğatmak], işl. Salgamaga ýol bermek. Oňa özüňe elini salgadyp durma (salgamak sözüniň 3-nji manysy boýunça). SALGAÝYŞ [salğaýyş], iş ady. Salgamak ýagdaýy. SALGY [salğy], at. 1. Ugur ýa-da bir ýer soralanda berilýän maglumat, ugur görkezme. 2. Biriniň ýa-da bir zadyň ýerleşýän ýeriniň nyşany, aýratynlygy, bellär ýaly alamaty. Onuň täze gala, kimiňkä gidenini salgy alyp, Gandym aksakgal şol tarapa at goýdy (A. Gowşudow). 3. Poçta üsti bilen iberilýän hatyň we beýleki zatlaryň ýüzüne barjak ýeriniň we iberilýän zady aljak adamyň, edaranyň we ş.m. ady görkezilen ýazgy. 4. Ýaşalýan ýeriň, jaýyň ýa-da edaranyň, kärhananyň, guramanyň ýerleşýän ýeri. SALGYHANA [salğyha:na], at. Adamlaryň ýaşaýan we edaralardyr guramalaryň ýerleşýän ýeri hakynda maglumat berýän ýörite edara. SALGYLANMA [salğylanma] 1. iş ady. Salgylanmak ýagdaýy. 2.at. Köplenç, ylmy işlerde bir pikiri delillendirmek, anyklamak üçin gorkezilýän başga bir çeşme. SALGYLANMAK [salğylanmak], işl. Köplenç, ylmy işlerde bir pikiri delillendirmek, anyklamak üçin başga bir çeşmä ýüzlenmek. Birnäçe mysallara salgylanalyň! SALGYLANMAKLYK [salğylanmaklyk], iş ady. Salgylanmak ýagdaýy. SALGYLANMAZLYK [salğylanmazlyk], iş ady. Anyklamak üçin ikinji bir zada ýüzlenmezlik. Statistiki maglumatlara salgylanmasaň hem ak 234 mermerli Aşgabadyň keşbini görüp, haýran galýarsyň (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). SALGYLANYLMAK [salğylanylmak], işl. Anyklamak üçin beýleki bir zada ýüzlenmek. Işde görnükli alymlaryň işlerine salgylanylypdyr. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling