Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SAMANHANA [sa:manha:na], at. Saman saklanýan jaý, tam, kepbe. Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli. SAMMYK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SAMANHANA [sa:manha:na], at. Saman
saklanýan jaý, tam, kepbe. Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli. SAMMYK, syp., gepl.d., ser. Samsyk. Özüň ýaly sammykdyr öýdýärmiň? SAMMYKLABERMEK [sammykla:vermek], işl. Kimdir birine ugrunda ýok biderek sözleri aýdybermek. Näme birden sammyklaberdiň? SAMMYKLAÇ, syp. Gepi-sözi ugursyz, samsyklaç. SAMMYKLAMA, iş ady. Sammyklamak ýagdaýy. SAMMYKLAMAK, işl. Kimdir birine ugrunda ýok biderek sözleri aýtmak. Bagyşlaň, men ýersiz- ýere sammyklaýdym öýdýän (R. Gelenow). SAMMYKLAMAKLYK, iş ady. Sammyklamak ýagdaýy. Şol ýerde sammyklamaklyk nämä gerekdi. 237 SAMMYKLAMAZLYK, iş ady. Ugrunda ýok biderek sözleri aýtmazlyk. SAMMYKLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup bilelikde sammyklamak. Sammyklaşyp oturmaň-da, işiňiz bilen boluň! SAMMYKLATMAK, işl. Sammyklamaga mümkinçilik bermek, ýol bermek. Gowusy, ony sammyklatmaň! SAMMYKLAÝYŞ, iş ady. Sammyklamak ýagdaýy. SAMMYKLYK, syp. Sammygyň gylyk-häsiýeti, samsyklyk. Ene, aý ene! Amanyň sammyklygyna seret-le! (B. Kerbabaýew). SAMMYKSYRAMAK, işl. Sammyk bolan bolmak. SAMMYLDABERMEK [sammylla:vermek], işl. Sammyldap başlamak, ugursyz gürrüň aýdybermek. Agzyňa gelenini sammyldaberme-de, işiň bilen bol. SAMMYLDAMA [sammyllama], iş ady. Sammyldamak ýagdaýy. Günüň ýaryny bolgusyz sammyldama bilen geçirdiň. SAMMYLDAMAK [sammyllamak], işl. Bolgusyz, ugursyz zatlar hakynda sözlemek, ugursyz- utgasyz gürlemek. Iň gowusy sammyldama-da, gowy sür-de ugra! (G. Muhtarow). SAMMYLDAMAKLYK [sammyllamaklyk], iş ady. Sammyldamak ýagdaýy. SAMMYLDAMAZLYK [sammyllamazlyk], iş ady. Ugursyz zatlary gürlemezlik. SAMMYLDAŞMAK [sammyllaşmak], işl. Birnäçe bolup sammyldamak. Sammyldaşyp oturmakdan görýän peýdaňyz näme? SAMMYLDATMAK [sammyllatmak], işl. Kimdir birini bolgusyz gürletmek, sözletmek. Şol oturany bir biderek sammyldatmaň, başlasa soňundan goýduryp bolmaz. SAMMYLDAÝYŞ [sammyllaýyş], iş ady. Sammyldamak ýagdaýy. SAMRAMA, iş ady. Samramak ýagdaýy. SAMRAMAK, işl. 1. Gaty gyzdyryp ýa-da düýşürgäp ýatan adamyň aýdýan her hili sözleri. Belki ýatanda düýşünde-de şeýle sözler samraýandyr (B. Kerbabaýew). 2. gepl.d. Bolgusyz, biderek gürrüň etmek, boş samahyllamak, ýaňramak, sammyldamak. Ýigit bardyr, sana geçmez, Samrar otyr, üýni öçmez (Mollamurt). SAMRAMAKLYK, iş ady. Samramak ýagdaýy. Gerekli-gereksiz samramaklygyň soňy abatlygyň üstünden eltmez. SAMRAMAZLYK, iş ady. Düýşüňde alasarmyk sözler aýtmazlyk, biderek gürrüň etmezlik. SAMRAŞMAK, işl. Köp bolup, bilelikde samramak. SAMRATMAK, işl. Samramak derejesine ýetirmek, samramagyna sebäp bolmak, samramaga mejbur etmek. Agyr gyzamyk çykarýan çagajygyň gyzgynynyň gaty galmagy ony samradyp ugrady. SAMRAÝYŞ,iş ady. Samramak ýagdaýy. SAMSAM,at. Samsyk. Samsam adam bilen oturma, turma (Magtymguly). SAMSAM [samsa:m], at, kön.s.Kesgir, ýiti gylyç. Samsam gylyç bilen, düldül at bilen Tagty-sera degin bargan Alydyr (Magtymguly). SAMSYGRAK [samsyğyra:k], syp. Akyly kemräk; çalarak samsyk. SAMSYK, syp. 1. Akyly kemter, ugursyz, kelesaň. Ýok, meniň özüm samsyk, size ynanyp, biriňize-de gözegçilik etmändirin ( Edebiýat we sungat ). 2. Käýinilip aýdylýan söz, käýinç sözi. ◊ Samsyk gürrüň ugur-utgasyz aýdylan gürrüň, söz. Munuň aýdýan samsyk gürrüňine seret-le! (B. Kerbabaýew). SAMSYKLABERMEK [samsykla:vermek], işl. Samsyklap başlamak. SAMSYKLAÇ,syp. Akyly kemräk, akyly gelip gitmeliräk, kelesaňrak. Onuň özüni samsyklaç alyp barşyna hem-ä gülkim tutdy, hem-de gaharlandym (H. Garabaýew). SAMSYKLAMA, iş ady. Samsyklamak ýagdaýy. SAMSYKLAMAK, işl. Akyly kemlikden bolgusyz zatlar aýdyşdyrmak. SAMSYKLAMAKLYK, iş ady. Samsyklamak ýagdaýy. SAMSYKLAMAZLYK, iş ady. Samsyklyk etmezlik. SAMSYKLATMAK, işl. Birine samsyk gürrüň, hereket etdirmek. SAMSYKLAÝYŞ, iş ady. Samsyklamak ýagdaýy. SAMSYKLYK, at. Samsygyň bolşy, gylyk- häsiýeti. Bir gezek samsyklyk etdim. ◊ Samsyklyga salmak samsyk ýaly bolmak, özüňi samsyk edip görkezmek, samsyksyramak. Samsyklyga salyp, oňa sag adamyň aýdyp bilmejek sözüni aýtdyp goýberipdir. SAMSYKSYRAMAK, işl. Özüňi samsyklyga salan bolmak, samsyk ýaly görünjek bolmak. SAMYR, at. Goňur sütükli we gymmatbaha derili kiçiräk haýwan. Samyr derisinden gulakçynymyň, Nemlenen bagjygy doňdy bada-bat (B. Hudaýnazarow). SAMYRDAMAK, işl., ser. Öz ugruna bir zatlar gürlemek, samramak.Ol käýarym bir zatlar samyrdaýardy. SAMYRDAŞMAK, işl., ser. Samraşmak. Samyrdaşyp oturmasaňyz-la! SAMYRDATMAK, işl. Birini samyrdamaga mejbur etmek. Gyzgyn ýokary galyberse, adamy samyrdadýar. SAMYRDY, at. 1. Ugursyz-utgasyz ýaňrama, boş samahylly gürrüň. 2. Huş ýitirilende ýa-da düýş görlende edilýän manysyz gürrüň. SAMYR-SAMYR, s.ş.aňl.söz. Düşnüksiz samralyp oturylanda eşidilýän sesler. Samyr-samyr edip, halys ýadatdyň-la. 238 SAMYR-SUMUR,at. Düşnüksiz samyrdyly gürrüň. – Bir azajyk ýataýyn, nahary soň iýerin – diýip, ukynyň alasarmyklygynda samyr-sumur etdi. SAMYRTORBA [samyrto:rvo], at. Guýy gazylanda gum çykarmak üçin ulanylýan berk dokalýan torba. SAMYRURGAN [samyrurğon], at. Guýy gazylanda gum çekmek üçin samyrtorba berkidilýän üç bükdürilip işilen berk ýüp. Samyrurgan uzynrak boldugyça işiň öndürijiligi hem artýar. SAMY-SUMY,at, ser. Samyr-sumur.– Tüweleme, aw ganly-da, tüweleme! – diýip, samy- sumy etdi ( Edebiýat we sungat ). SAN [sa:n], at. 1. Bir zadyň hasabyny ýöretmek üçin mukdar düşünjesi, ululyk. Bitin sanlar. Drob sanlar. Rasional sanlar. 2. Zatlaryň, hadysalaryň we ş.m. mukdaryny, tertibini aňlatmak üçin hyzmat edýän belgi. Gazetiň soňky sanynda. 3. dil b. Grammatikada: hasap-hesip işinde zatlaryň mukdaryny, tertibini aňladýan söz topary. Mukdar we tertip bildirýän sözlere san diýilýär. 4. göç.m. Hatarda, hasapda görülmeýän (adam hakynda). Ol ýöne bir gury san. ◊ Sana geçmek (geçirmek) belli bir derejede hasap edilmek, bir zadyň hataryna goşulmak. Şeýdip, janlarym, illäp-günläp, kel gyzy äre beren ýaly, muny-da bir sana geçireliň (A. Durdyýew). Sana goşmak (salmak, getirmek) 1) agyr hassany bejerip, adam etmek. Baku şäherinde bir keselhana, Meredow Welini goşupdy sana (B. Hudaýnazarow). 2) gowy adam edip ýetişdirmek, il hatarynda gowy terbiýe bermek. Sana goşulmazlyk adam hatarynda görülmezlik. Hiç sana goşulmaz, bir göze ilmez, Her ýigidiň golda maly bolmasa (Zelili). Sana kowalaşmak ýerine ýetirilýän işiň sanyny artdyryp, hiline üns bermezlik. Bu işde sana kowalaşmaga ýol bermek bolmaz. San belgisi kybapdaş, meňzeş zatlaryň içinde bir zadyň tertibini görkezýän san, nomer. 100-nji san belgili karar. 5-nji san belgili buýruk. Awtomobiliň san belgisi. San bolmak 1) adamlaryň biri bolmak, adamlar hatarynda durmak. Gezer erdim, il içinde san bolup, Gymmatdan düşüp men, derde hun bolup (Magtymguly). 2) abraýly adamlar hatarynda bolmak. Hyrka geýip, il içinde san bolsam (Magtymguly). San çalyşmasy sözlemde, esasan, sanlaryň ýerine ulanylýan sözler. Sandan aýrylmak at-abraýlylar hataryndan çykmak. Han hezretiň köňli bitdi, Biz weli sandan aýryldyk (Seýdi). Sandan çykan 1) harap bolan, zaýalanan. Sandan çykan araba. 2) ters ýola düşen. Düzelmeseň, sandan çykan adam bolarsyň. Sandan galmak 1) ulanmakdan galmak, halys könelmek. Sandan galan içmek. 2) zähmet ukybyny ýitirip iş-güýçden galmak, garramak, deregiň dagamak. Ony açyp-ýapmak sandan galan adamlaryň birine ynanylsa-da, oňarlar ( Edebiýat we sungat ). San gara elinden iş gelmeýän, iş oňarmaýan adam. Oňa ýöne bir sangara diýäýmeseň, bary-ýogy deňdir, elinden iş gelýän däldir. San ýokluk adam hatarynda görülmezlik. SANABERMEK [sana:vermek], işl. Sanap başlamak. – Men ony sanabereýinmi? – diýip, garşydaşynyň ýüzüne soragly bakdy. SANAÇ, at. Geçi ýaly öý haýwanlarynyň derisi eýlenip, bujaklary daňlyp ulanylýan deri gap. Garry, sen menden bir sanaç uny köpräk iýensiň, sen ýagşa- ýamana düşünmelisiň (A. Durdyýew). ◊ Sanajyna ýel bermek her hili gürrüňler, sözler bilen ýüregini çişirmek. SANADYLMAK [sa:nadylmak], işl. Kimdir birine jemini, mukdaryny hasaplatmak. Şolaryň näçe gezek sanadylandygyndan habaryň barmy? SANAGLY [sa:nağly] I, at. 1. ser. Sanalgy 2. Rubagy ýazýanlar sanagly bolar, Hemmesi-de ilde soragly bolar (K. Gurbannepesow). Sanagly günde baryp geldi. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling