Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SAPANLATMAK, işl. Kimdir birine sapan  atdyrmak. Üzüme çozýan serçeleri sapanlatsalar hem  hezil bermeýärdi.  SAPAR I


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet422/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   418   419   420   421   422   423   424   425   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAPANLATMAK, işl. Kimdir birine sapan 
atdyrmak. Üzüme çozýan serçeleri sapanlatsalar hem 
hezil bermeýärdi. 
SAPAR I, köm.s. 1. Ýola, gezek. Bir sapar 
hatardan çykypdyr Aly, Seýl üçin sähraga çykypdyr 
weli (Magtymguly). Bu sapar ol başga zat hakynda 
gürrüň etdi.  
SAPAR IIat. Hijri kamary ýyl hasabynyň ikinji 
aýynyň ady. Bisähet sapar aýy, Bezirgenim - ol 
ugrady (Magtymguly). Sapar aýynyň on dördüne, 
bäşine, Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi (

Saýatly 
– Hemra

). 3. Adam ady. 
SAPAR IIIat. Syýahat, gezelenç, seýil. 
Iş sapary ser. . Ol on günlük iş saparyna 
gitdi
SAPDYRMAK, işl. Sapmak işini birine 
etdirmek. Üljäni erik agajyna sapdyrmak. 
SAPLABERMEK [sapla:vermek], işl. Pil, 
kätmen we ş.m. gurallara sap oturdyp başlamak. 
SAPLABERMEK [sa:pla:vermek], işl. Saplap 
başlamak, arassalabermek. 
SAPLAMA, iş ady. Saplamak ýagdaýy. 
SAPLAMA [sa:plama], iş ady. Saplamak, 
arassalamak ýagdaýy. 
SAPLAMAK, işl. Pile, kätmene we ş.m. sap 
oturtmak, sap etmek. Ussa kätmeni taňk-taňk edip 
derrew bejerdi-de, ony saplamaga oturdy. 
SAPLAMAK [sa:plamak], işl. 1. Garyndylardan, 
goşantlardan arassalamak, tämizlemek. 2. Halas 
etmek, gutarmak, bejermek. Derman otlaryň güýji 
ony ähli kesellerden saplady. 3. Ýygyp bolmak, 
ýygyp gutarmak, tamamlamak. Uç-gyraksyz pagta 
meýdanyny saplap çykdyk. 


243 
SAPLAMAKLYK, iş ady. Saplamak ýagdaýy. 
SAPLAMAKLYK [sa:plamaklyk], iş ady. 
Saplamak ýagdaýy.
SAPLAMAZLYK, iş ady. Sap oturtmazlyk. 
SAPLAMAZLYK [sa:plamazlyk], iş ady. 
Saplamak, arassalamak işini etmezlik. 
SAPLANMAK, işl. Sap oturdylmak. Kätmenler, 
piller saplandy. 
SAPLANMAK 
[sa:planmak], 
işl. 
1
Arassalanmak, päkizelenmek; gutulmak. 2. Haýsydyr 
bir zady ýygnap gutarmak. Pagta meýdanlary 
pagtadan doly saplandy. 3. Keselden halas bolmak, 
dynmak, gutulmak. Men keselden saplandym. 
SAPLAŞMAK, işl. 1. Sap etmäge, sap oturtmaga 
kömekleşmek. Ogly kakasyna pil saplaşdy. 2
Saplamak işini birnäçe bolup etmek. Ussanyň 
şägirtleri taýýar pilleri saplaşyp otyrdy.
SAPLAŞMAK [sa:plaşmak], işl. Saplamaga
kömek etmek. 
SAPLATMAK, işl. Başga birine sap etdirmek
sap oturtdyrmak. Daýhanlar hemişe özleriniň 
saplatmaga goýan pilleriniň yzyndan günüň şu wagty 
gelýärdiler (A. Gowşudow).
SAPLATMAK [sa:platmak], işl. Saplamak işini 
başga birine etdirmek.  
SAPLAW [saplow], at. Suwuk nahary susup 
almak üçin ulanylýan uzyn saply susak. 
SAPLAÝYŞ, iş ady. Saplamak ýagdaýy. Pilimi 
saplaýşyňa göwnüm ýetdi
SAPLAÝYŞ [sa:plaýyş], iş ady. Saplamak
ýagdaýy. 
SAPLYK, syp. Sap eder ýaly, sap etmek üçin 
niýetlenen (agaç). Saplyk söwüt agajy. 
SAPLYK [sa:plyk], syp. 1. Goşantsyzlyk, 
arassalyk, garnuwsyzlyk. Nesliň saplygy. 2
Akgöwünlilik, päklik. Siziň saplygyňyzy, halys 
ýürekden eden hyzmatyňyzy nazara alyp, men sizi 
bagyşlaýaryn (B. Kerbabaýew).
SAPLYK-SÜPLÜKat. Süpürilip, syrylyp alnan 
çöp-çalam, süplük. Burugsap duran saplyk-süplügiň 
ajy tüssesi gözümi ýaşartdy. 
SAPMA, 1. iş ady. Sapmak ýagdaýy. 2. syp. 
Sapylan (nahal, agaç). Özüniň ýetişdiren dürli 
görnüşli sapma almalaryny görkezdi. 
SAPMAK, işl. 1. Iňňäniň gözünden sapak 
geçirmek, sapak ötürmek. 5. Bir ösümligiň 
çybygynyň gabygyny ýaryp, oňa ikinji bir ösümligiň 
gözüni berkitmek arkaly täze ösüntgi ýetişdirmek. 2
Iki zady, ýüpi we ş.m. biri-birine ulaşdyryp uzaltmak. 
Tanapymyzyň ujuna birneme ýüp sapaýmasak, odun 
bize çykatjak däl. 3. Gürrüňiň arasyny üzmän, başga 
bir gürrüňe, meselä ýazdyrmak. Durdy gürrüňiň 
yzyny halkara ýagdaýyna sapyp goýberdi (N. 
Esenmyradow). 4. Çitim etmek, çitmek. Ünsüni 
başga ýana sowup, mämişiň ýerine sary çitip, göge 
derek ak sapyp oturanlar azmy näme? (

Edebiýat we 
sungat

). 5. Iňňäniň gözünden sapak geçirmek. Häli-
hä 
ýagşy, 
ýogyn 
iňňä 
sapagy 
kömekçi- 
siz sapyp bilýän (A. Gowşudow). 
SAPMAKLYK, iş ady. Sapmak ýagdaýy. 
Bagbanlar agajy bir-birine sapmaklyk işini alyp 
barýarlar. 
SAPMATUT [sapmatu:t], at. Sapmak arkaly 
ösdürilip ýetişdirilen tut. 
SAPMAZLYK, işl. Sapmak işini amal etmezlik. 
SAP-SAGDYN [sap-sağdyn], syp. Jany örän sag. 
Dap-daýaw, sap-sagdyn, bili bükülmez, Göreş etse, 
duşmanyndan ýykylmaz (A. Salyh). 
SAP-SAP, syp. Hatar-hatar, setir-setir. Bir ýerde 
top bile baýdak dikilsin, Goşun iki ýandan sap-sap 
çekilsin (Seýdi).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   418   419   420   421   422   423   424   425   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling