Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet420/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   416   417   418   419   420   421   422   423   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAPAK II, at. 1. Mekdeplerde aýry-aýrylykda 
okadylýan her bir ders. Edebiýat sapagy. Taryh 
sapagy. 2. Aýry-aýry derslere berilýän okuw sagady. 
Soňky sapak gutarmaga jaň boldy (A. Kekilow).
Sapak almak 1) hat-sowatly bolmak üçin 
birinden öwrenmek. Myraly bilen Soltansöýün bir 
öýde, bir otagda ýaşap, bir molladan sapak 
alypdyrlar (

Myraly

). 2) görelde almak, tälim 
almak, öwrenmek. Her bir aýdylýan sözden sapak 
alýardylar (B. Seýtäkow). 3) bir bolan zatdan ony 
geljekde gaýtalamazlyk üçin netije çykarmak, ony 
sapak edinmek. Sapak bermek 1) okatmak, okuw 
öwretmek, ders bermek. Şu gün mekdepde ilkinji 
gezek okuwçylaryň öňünde sapak berdim. 2) göç.m. 
ters görelde görkezmek, nädogry öwüt-nesihat etmek. 
Biwazylara sapak berýän asyl seniň özüň ekeniň! (A. 
Gowşudow). Sapak bişirmek gepl.d.geçilen sapagy 
gowy özleşdirmek, doly bilmek, öwrenmek. Ejesi 
ogluna: 

Halys oýnasyň gelýän bolsa, sapagyňy gowy 
bişirip git

diýdi. Sapak bolmak öň goýberen 
ýalňyşyňy soň gaýtalamazlyk üçin sebäp bolmak. 
Zyýany ýok, bu oňa-da, maňa-da sapak bolar (A. 
Nazarow). Sapak edinmek her bir ýalňyşlykdan 
geljek 
üçin 
netije 
çykarmak. 
Goýberen 
ýalňyşlyklarymyza ökünmeli, ony geljek ýyllardaky 
işlerimizde sapak edinmeli (A. Gowşudow). 
SAPAKDAŞ, at. Mekdepde biri bilen bile sapak 
geçýän okuwçy. Olar sapakdaşdylar.  
SAPALAK, at. Bir zatdan sypmak, gutulmak we 
ş.m. maksatlar bilen edilýän hileli hereket, hile, 
pirim, sap, al. 
◊ Sapalak atmak ser. Sapalaklamak. Tilki näçe 
sapalak atyp gaçsa-da, satanlak ala köpek ony 
sypdyrmandyr (

Türkmen halk ertekileri

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   416   417   418   419   420   421   422   423   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling