Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SAP-SARY [sap-sa:ry], syp. Gaty sary, örän sary,  jylk sary. Sap-sary kagyz.  SAPYLMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet423/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   419   420   421   422   423   424   425   426   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAP-SARY [sap-sa:ry], syp. Gaty sary, örän sary, 
jylk sary. Sap-sary kagyz. 
SAPYLMAK, işl. 1. Iňňä sapak ötürilmek. Sapak 
sapylan iňňäni eline aldy. 2ösüml. d. Sapmak arkaly 
döredilýän 
täze 
görnüşli 
ösümlik. 
Sapylan 
pyntyklaryň kadaly ösmegine yzygiderli gözegçilik 
edýärler (

Mugallymlar gazeti

). 3. Çitim çitilmek. 
Älem sapylyp, gyra syrylýardy (

Edebiýat we 
sungat

). 
SAPYNMAK, işl. Özüň üçin sapmak. Gelin 
keşde iňňesine sapak sapynyp, onuň ujuny düwdi. 
SAPYRAN [sa:pyra:n], at, ösüml.d. Elde 
oýnamak üçin daşy dilim-dilim, içi çigitli kädijik. Bu 
wagtlar obanyň arçyny elindäki sapyranyny beýläk 
oklap, häliden bäri içinden öwrüp oturan pikirini 
orta atdy (H. Derýaýew).
SAPYŞ, iş ady. Sapmak ýagdaýy. Iňňä sapak 
sapyşyna göz ilmeýärdi
SAPYŞDYRMAK, işl. Köp zady sapyp çykmak, 
ählisini sapmak. Men olary sapyşdyryp hem gördüm, 
sapman-da gördüm (N. Pomma).
SAPYŞMAK, işl. 1. Bir zady sapmaga 
kömekleşmek. 2. Bilelikde sapmak. Gyzlar iňňelere 
sapak sapyşyp otyrlar
SAR I, at. Serçeler maşgalasyna degişli bolan 
gara-ala ýelekli jok-joky pisint guş. Ol tygly 
malahdyr – jöwen ganymy, Gürlär, howa galar, sar 
sesin aňsa (Zelili). 
SAR II, at. 1. Deriniň, içmegiň we ş.m. 
ýylmanak ýüzi. Ertir turup seretsem – dag keýginiň 
derisi, Saryna ýagyş degen, hiç galmandyr sarysy 
(Kemine). 2. Berklik, durk, gaýymlyk, çydam. 
Köýnegiň sary gidendir, gaty ýuwsaň ýyrtylar. 
Sary gaçmak (gitmek) geýlip, könelip 
ýyrtylyp başlamak, könelmek. Şu aralykda onuň sary 
giden alaça köýneginiň ýeňleri ýyrtyldy (B. 
Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   419   420   421   422   423   424   425   426   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling