Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


taýaklamak gybat etmek.  SAÝA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet431/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   427   428   429   430   431   432   433   434   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

taýaklamak gybat etmek. 
SAÝA [sa:ýa] IIat, tikinç. Telpek, gulakçyn ýaly 
başgaplar tikilende, ýörite ülňi boýunça biçilýän bir 
bölek. Onuň telpeginiň dört saýasy bardy (

Edebiýat 
we sungat

). 
SAÝAK,at. Del adam, ýat adam, nätanyş, keseki, 
saýry. Öýüňde saýak saklama (Nakyl). 
Saýak ýörmek (gezmek) erbet gezmek, ahlak 
taýdan bozulmak, ýoldan çykmak. Saýak ýörme, 
taýak bar, şindiden däl, baýak bar (Nakyl). 
SAÝALABERMEK 
[sa:ýala:vermek], 
işl. 
Kölegeläbermek, kölegede bolubermek. 
SAÝALAMA [sa:ýalama], iş ady. Saýalamak 
ýagdaýy. 
SAÝALAMAK [sa:ýalamak], işl. 1. Gögerip 
oturan agaç saýa salmak, onuň kölegesi düşmek. 2
Saýada, kölegede bolmak, saýada, kölegede oturmak, 
kölegelemek. Sakçylar gündizlerine şol kümejikde 
saýalap, töweregine gözegçilik edýärdiler (A. 
Gowşudow). 3. göç.m. Biriniň garamagynda, 
goragynda, penasynda bolmak.
SAÝALAMAKLYK [sa:ýalamaklyk], iş ady. 
Saýalamak ýagdaýy.  
SAÝALAŞMAK [sa:ýalaşmak], işl. Birnäçe 
bolup, agajyň saýasynda kölegeläp oturmak. 
SAÝALATMAK [sa:ýalatmak], işl. Saýada, 
kölegede boldurmak, saýada, kölegede oturtmak. 
Munuň her bir düýbüniň astynda sürüli goýny 
saýalatmak mümkindi (B. Kerbabaýew).
SAÝALAÝYŞ [sa:ýalaýyş], iş ady. Saýalamak 
ýagdaýy. 
SAÝALY [sa:ýaly] I, syp. Saýa, kölege salýan. 
Saýaly agaç. 
SAÝALY [sa:ýaly] IIat. Ülňi görnüşli saýa bilen 
biçilip tikilen. 
SAÝALYK [sa:ýalyk], syp. Saýa bolar ýaly. 
Saýalyk agaç.
SAÝALYRAK [sa:ýalyra:k], syp. Azda-kände 
kölegeliräk, saýasy köpräk. 
SAÝAWAN [sa:ýawa:n], at. Ýagyşdan, günden 
goranmak üçin kömelek görnüşli, ýazylyp-ýygnalýan 
enjam. Ne-hä ellerinde saýawan bardy, ne-de bir 
dony (K. Gurbannepesow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   427   428   429   430   431   432   433   434   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling