Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet432/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   428   429   430   431   432   433   434   435   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAÝDYRMAK [sa:ýdyrmak] Iişl. Golaýlatmak. 
Günortanky çaýy öýläne saýdyryp içen çopanlardyr 
çoluklar göz baglanýança goýunlary bakmak bilen 
boldy (

Edebiýat we sungat

). 
SAÝDYRMAK [sa:ýdyrmak] II, işl. Saýgyç 
bilen saýyp tüýtdürmek, ýazdyrmak. Ýüň saýdyrmak. 
SAÝGAK [saýğak], at. Çölde ýaşaýan goşa 
toýnakly, 
gäwüş 
gaýtarýan 
keýige 
meňzeş 
süýdemdiriji haýwan. 
SAÝGARMA [saýğarma], iş ady. Saýgarmak 
ýagdaýy. 
SAÝGARMAK [saýğarmak], işl. 1. Çala 
görmek, aňşyrmak. Ol ýoluny çala saýgarýardy. 2
Aýyl-saýyl 
etmek, 
tanamak, 
bilmek, 
tapawutlandyrmak. Ýagşyny, ýamany saýgarmak.
SAÝGARMAKLYK [saýğarmaklyk], iş ady. 
Saýgarmak ýagdaýy. 
SAÝGARMAZLYK [saýğarmazlyk], iş ady. 
Aýyl-saýyl etmezlik, bilmezlik. 
SAÝGARTMAK [saýğartmak], işl. Saýgarmak 
mümkin bolmak. Depelikler çala sudur bolup, zordan 
saýgardýardy (T. Gurbanow). 
SAÝGARYLMAK [saýğarylmak], işl. Görüp 
bolmak, saýgarmak mümkin bolmak. Ol iň soňky bir 
ýerde aýak çekip, yzyna garanda, mekdebiň çal demri 
çala saýgarylýardy (B. Kerbabaýew). 
SAÝGARYŞ [saýğaryş], iş ady. Saýgarmak 
ýagdaýy. 
SAÝGYÇ [sa:ýğyç], at. Ýüň saýmak üçin 
ulanylýan uzyn çeýe çybyk. Ýylgyndan ýasalan 
saýgyç
SAÝGYÇLAMA 
[sa:ýğyşlama], 
iş 
ady. 
Saýgyçlamak ýagdaýy. 
SAÝGYÇLAMAK [sa:ýğyşlamak], işl. Keçe 
ediljek ýüňi saýgyç bilen urup ýazmak. Ýüň 
saýgyçlamak. 
SAÝGYÇLAMAKLYK [sa:ýğyşlamaklyk], iş 
ady. Saýgyçlamak ýagdaýy. 
SAÝGYÇLANMAK [sa:ýğyşlanmak], işl. Keçe 
ediljek ýüň saýgyç bilen urlup ýazylmak. 
SAÝGYÇLAŞMAK [sa:ýğyşlaşmak], işl. 1
Saýgyçlamaga kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup ýüňi 
saýgyç bilen urup ýazmak.
SAÝGYÇLATMAK 
[sa:ýğyşlatmak], 
işl. 
Saýgyçlamak 
işini 
başga 
birine 
etdirmek; 
saýgyçlamaga mümkinçilik döretmek, ýol bermek. 
Munça ýüňi kime saýgyçlatjak? 
SAÝGYÇLAÝYŞ 
[sa:ýğyşlaýyş], 
iş 
ady. 
Saýgyçlamak ýagdaýy. 
SAÝGYLABERMEK [sa:ýğyla:vermek], işl. 
1. Saýgylamaga başlamak. 2. göç.m. Söz bilen 
urubermek, teýeneli söz aýdyp käýäbermek. 
SAÝGYLAMA 
[sa:ýğylama], 
iş 
ady. 
Saýgylamak ýagdaýy. 
SAÝGYLAMAK [sa:ýğylamak], işl. 1. Gamçy, 
çybyk we ş.m. zat bilen yzygiderli urmak, ýençmek. 
2. göç.m. Teýeneli söz aýdyp käýemek, ýüzüni 
almak, ýazgarmak, söz bilen urmak. Öňki aýdanlary 
bilen çäklenmän, ony has hem beter saýgylasy geldi 
(B. Kerbabaýew).
SAÝGYLAMAKLYK [sa:ýğylamaklyk], iş ady. 
Saýgylamak ýagdaýy. 


249 
SAÝGYLANMAK [sa:ýğylanmak], işl. 1
Gamçy, çybyk we ş.m. bilen yzygiderli urulmak
ýenjilmek. 2göç.m. Teýeneli söz aýdylyp käýelmek, 
ýazgarylmak. 
SAÝGYLAŞMAK [sa:ýğylaşmak], işl. 1. Biri-
biriňi saýgylamak (saýgylamak sozüniň 1-nji manysy 
boýunça). 2. göç.m. Birnäçe bolup teýeneli söz 
aýdyp, biriniň ýüzüni almak.
SAÝGYLATMAK [sa:ýğylatmak], işl. 1. Başga 
birine gamçy, çybyk we ş.m. zat bilen urdurmak, 
ýençdirmek; öz saýgylanmagyňa ýol bermek. Özüň 
ýaly adama saýgyladyp durarlarmy?2göç.m. Başga 
birine teýeneli söz aýtdyrmak, ýüzüňi aldyrmak.
SAÝGYLAÝYŞ 
[sa:ýğylaýyş], 
iş 
ady. 
Saýgylamak ýagdaýy. 
SAÝHAL, at. Saýhalla mahsus häsiýet, edim-
gylym. Sende saýhal diýen zatdan nam-nyşan ýok
SAÝHALLABERMEK [saýhalla:vermek], işl. 
Saýhallamaga başlamak. Kitaplary saýhallamak. 
SAÝHALLAMAiş ady. Saýhallamak ýagdaýy. 
SAÝHALLAMAK, işl. Tertip-düzgüne salmak,
ýerli-ýerinde goýmak, tertipleşdirmek. 
SAÝHALLAMAKLYK, iş ady. Saýhallamak 
ýagdaýy. Kitaplary saýhallamaklyk köp wagtymy 
aldy. 
SAÝHALLAMAZLYK, iş ady. Ýerli-ýerinde 
goýup, tertip-düzgüne salmazlyk. 
SAÝHALLANMAK I, işl. Öňki bolşuna 
seredeniňde has saýhally bolmak. Öň garagol 
bolanam bolsa, indi sahallanypdyr. 
SAÝHALLANMAK II, işl. Ýerli-ýerinde 
goýlup, tertip-düzgüne salynmak. 
SAÝHALLAŞMAK, işl. 1.Saýhallamaga kömek 
etmek. 2. Birneme azalyşmak, köşeşmek. Çalýan 
mukamlary hem göwnüňe saýhallaşan ýaly 
(

Edebiýat we sungat

). 
SAÝHALLATMAKişl. Saýhallamak işini başga 
birine etdirmek. 
SAÝHALLAÝYŞiş ady. Saýhallamak ýagdaýy. 
SAÝHALLY, syp. 1.Salykatly, edepli. Ol 
howlukman, töweregine garanjaklap, saýhally 
ädimleýärdi (

Mugallymlar gazeti

). Saýhally adam 
bilen gürrüň edeniňde, ýüküň ýeňlän ýaly bolýar (A. 
Annaberdiýew). 2. Gelşikli, owadan; ýerbe-ýer. 
Görgejin bitakat erdim, elhepus saýhally saçyň 
(Mätäji). 
SAÝHALLYLYK, at. Saýhally bolmaklyk, 
salykatlylyk, 
edeplilik. 
Saýhallylyk 
adamy 
adamkärçilikli edýär. 
SAÝHALLYRAK 
[saýhallyra:k], 
syp. 
Deňeşdirilýän-den adamdan azda-kände saýhally, 
salykatlyrak. Ulusy kiçisine görä saýhallyrak 
görünýär. 
SAÝHALSYZ, syp. Saýhaly ýok, saýhally däl. 
Saýhalsyz adam.  
SAÝHALSYZLYK, at. 1. Saýhaly ýokluk, 
saýhally dällik. Saýhalsyzlyk halanmaýan häsiýet.  
SAÝLAGYÇ 
[saýlağyç], 
syp. 
Bir zady 
saýlamagy, saýgaryp-seçip almagy oňat görýän. 
SAÝLAMA Iiş ady. Saýlamak ýagdaýy.  
SAÝLAMA II, syp., at. Hili, görnüşi boýunça 
beýlekilerden saýlanyp duran, saýlanyp aýrylan, 
seçilip alnan, iň gowusy.Saýlama nagyşlar salyp, 
Seýdä tahýa-da eltipdir (N. Pomma). Saýlama 
gawun. Garpyzlaryň saýlamasy. 
SAÝLAMAK, işl. 1. Meňzeş zatlaryň içinden
ýararlysyny almak ýa-da peýdalanmak üçin aýryp 
goýmak. Okamak üçin saýlan kitaplaryny gyrada 
goýdy. Gowy bişen torly gawunlary saýlady. 2. Ses 
bermek arkaly saýlawly wezipä bellemek. Saýlamaga 
we saýlanmaga bolan hukuk. Ony kärdeşler 
arkalaşygynyň ýerli guramasyna saýladyk3. Nahary, 
iýmiti dandap iýmek (aş saýlamak durnukly söz 
düzümi bilen deňeşdir). Aşgazany kemli bolansoň, ol 
nahary saýlap iýýär4. Iň gowusyny almak, eýlesine 
geçirmek, saýlap-seçmek. Tutdum bir seni baryndan 
saýlap, Lebleri şekerden mazaly geldi (Magtymguly). 
◊ Aş saýlamak serAş: aş saýlamak
SAÝLAMAKLYK, iş ady. Saýlamak ýagdaýy. 
SAÝLAMAZLYK, 
iş 
ady. 
Saýlap-seçip 
almazlyk. 
SAÝLAN [saýla:n], at. Keçä, hala, kürtä, we ş.m.
salynýan aýlawly burma nagyş. 
SAÝLANMAK, işl. 1. Meňzeş zatlaryň içinden
ýararlysy alynmak ýa-da peýdalanmak üçin aýrylyp 
goýulmak. 2. Ses bermek arkaly saýlawly wezipä 
bellenmek. Onuň saýlanmagyna men-ä iki elläp razy.
3.Bir zadyň içinden iň gowusy seçilip alynmak. Bu 
saýlanyp alnan tohum at. 4. Köpçülikden ýa-da bir 
ýerden uzaklaşmak, araňy açmak, çetleşmek. Olar 
ilki iki ýany gowaçylyk ýol bilen gitdiler, soňra 
ekinçilikden 
saýlanyp, 
ýoda 
çykdylar 
(N. 
Esenmyradow). 
5
Syraty, 
görk-görmegi, 
salykatlylygy bilen beýlekilerden tapawutlanmak. 
Onuň märekede saýlanyp duran gelni bardy. 6
Ýokary galyp başlamak. Gögeren gämikler ýerden 
ýaňy saýlanypdy. Gyzaryp dogan gün ýany ýerden 
saýlanypdy. 
SAÝLANTGY, syp. Köp zadyň içinden seçilip, 
saýlanyp, seljerilip alnan, saýlama. Ol saýlantgylaryň 
hataryna girdi. 
SAÝLANYLMAK, 
işl. 
Saýlanyp, 
seçilip 
alynmak.
SAÝLAP-SEÇMEK 
[saýla:p-seçmek], 
işl. 
Seçip-seljerip saýlamak, iň gowusyny saýlap almak.
SAÝLAŞDYRMAK, işl. 1. Köp zadyň içinden 
gowusyny ýa-da erbedini saýlap çykmak. Men oňa 
Çarynyň aýdanlaryny, özümiňkileri ýazyşdyryp, 
Baýrama görkezeýin, ol maňa saýlaşdyryp şu zatlary 
alsaň bolar diýer (A. Durdyýew). 2. Bir topar zadyň 
içinden 
gowusyny 
saýlap 
almak. 
Ol 
maňa:

Saýlaşdyryp alsaň bolýar

 diýdi. 
SAÝLAŞMAK, işl. 1. Bir topar zadyň arasyndan 
gowularyny saýlamaga kömekleşmek. Dostum bilen 
bazara bile gidip, oňa garpyz saýlaşdym2. Bilelikde 
saýlamak. Iki dogan pazyllaryň arasynda aýlanyp, 
bişen garpyzlary saýlaşyp ýördüler
SAÝLATMAK, işl. 1. Saýlamak işini başga 
birine etdirmek. Garpyz tanaýan adama bäş sany 
bişenini saýlatsana! 2. Saýlamaga mümkinçilik 


250 
döretmek, ýol bermek. Saýlap aljak weli, satyjy
almalaryň 
gowusyny 
saýladarmyka? 
3
Saýlanmagyňy gazanmak. – Şu wezipä saýlanasyň 
gelýärmi? – Saýlasalar saýlatjak. 
SAÝLAW [saýlow], at. 1. Ses bermek arkaly 
(deputatlary, dowlet bastutanyny, wezipeli adamlary, 
guramalaryn agzalaryny) saýlamaklyk. 2. Saýlap 
alyş, seçip alyş. 3. Oglana dakylýan at. 
SAÝLAWÇY [saýlowçy], at. Saýlawa gatnaşyp, 
ses bermäge hukugy bolan adam. 
SAÝLAWLY [saýlowly], syp. Saýlaw, saýlamak 
arkaly bellenýän. Saýlawly organ
SAÝLAÝYŞ, iş ady. Saýlamak ýagdaýy. 
SAÝMA [sa:ýma], iş ady. Saýmak ýagdaýy. 
SAÝMAK [sa:ýmak] I, işl. Hasap etmek
hasaplamak, öýtmek. Eşek özün egsik saýmaz 
bedewden, Gymmat etseň, at ýanynda bellidir 
(Magtymguly). 
SAÝMAK [sa:ýmak] II, işl. 1. Saýgyç bilen 
saýyljak ýüňi urup ýazmak, saýgylamak. Ýorgana 
salmak üçin ýygnap ýören ýarym halta çüprek 
ýüňüni tüýdüp çykdy, ony saýdy (A. Durdyýew). 2
Eline gamçy, taýak, we ş.m. alyp urmak, ýençmek. 
Beýdip ogluňy saýma, bir ýerini möçükdirersiň, bes 
ederçe boldy.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   428   429   430   431   432   433   434   435   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling