Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SAZANDAR
- SAZÇY
- SAZHON
- SAZLAMAK
- SAZLAŞYK
- SAZLAŞYKLY
- SAZLAŞYKSYZLYK
- SAZLYK
- SAZŞYNAS
- Sebäp eýerjeň sözlemi
- SEBÄPLI
- SEBIT
- SEBITARA
SAZANAKLATMAK [sa:zanaklatmak], işl.
Sazanaklar ýaly etmek, sazanaklamaga mejbur etmek. SAZANAKLAÝYŞ [sa:zanaklaýyş], iş ady. Sazanaklamak ýagdaýy. Olaryň sazanaklaýşyna haýpyň gelýär. SAZANDA [sa:zanna], at. Dutarda saz çalmak bilen meşgul bolýan adam, sazandar, sazçy. Sazanda ölse, ýer iňňildär (Türkmen pähimi). Ol sazandady — diňe saz çalýardy. ...Ýöne welin onuň ady il içinde «Şükür sazanda» diýlip ýöredilmän, «Şükür bagşy» diýlip ýöredilerdi (N. Saryhanow). SAZANDALYK [sa:zannalyk], at. Saz çalyjynyň,sazandanyň käri, ýagdaýy. – Kär sazandalykdyr, han aga – diýip, bagşy şol bir çök düşüp oturyşyna jogap berdi (N. Saryhanow). SAZANDAR [sa:zanna:r], at, ser. Sazanda. Aradan salym geçmänkä bolsa saz gurallary peýda bolup, sazandarlar bilen bagşy orta geçdi (B. Kerbabaýew). SAZANDARLYK [sa:zanna:rlyk], at, ser. Sazandalyk. Menem kä zergärlik, käte-de sazandarlyk, käte hem şahyrçylyk edýärin (N. Pomma). SAZARMAK [sa:zarmak], işl., gepl.d. Daň saz berip, günüň dogýan ýeri agaryp başlamak.Ýeňse kem-kemden sazaryp, agaryp, ýyldyzlary ýeke- ýekeden ýuwutmaga başlady (H. Derýaýew). SAZÇY [sa:zçy], at, ser. Sazanda. Bagşymy sazçylar gelýär (Ç. Aşyrow). SAZÇYLYK [sa:zçylyk], at. Saz sungatyna degişli. Sazçylyk mekdebi. Sazçylyk okuwy. Sazçylyk sungaty. SAZHON [sa:zho:n], syp. Saza höwesli, sazy gowy görýän. SAZLABERMEK [sa:zla:vermek], işl. 1. Saz gurallaryny sazlap başlamak. Kadyr dutaryň kirişlerini sazlaberdi. 2. Düzgüne getiribermek. 3. Biri bilen arasyny sazlap ugramak. SAZLAMA [sa:zlama], iş ady. Sazlamak ýagdaýy. 252 SAZLAMAK [sa:zlamak], işl. 1. sazç. Saz gurallarynyň kirşini çekip, gerekli owaza gurmak. Sazandalar dutarlaryny sazlap başladylar. 2. Gerekli enjamyň işleýşini düzetmek. Ol radionyň sesini sazlady. 3. Biri bilen araňy gowulandyrmak, dostlaşmak, ysnyşmak. Tejribeli miraplar bilen arasyny sazlady (N. Pomma). SAZLAMAKLYK [sa:zlamaklyk], iş ady. Sazlamak ýagdaýy. SAZLANMAK [sa:zlanmak], işl. 1. Saz gurallarynyň kirşi çekilmek, düzülmek. Ýetginjek sazandalar dutarlaryny sazlap, çalmaga başladylar (A. Gowşudow). 2.Gerekli enjamyň işleýşi düzedilmek. Motoryň işleýşi sazlandy. 3. Biri bilen araň gowulanmak, dostlaşmak. SAZLANYŞ [sa:zlanyş], iş ady. Sazlamak ýagdaýy. SAZLAŞDYRMAK [sa:zlaşdyrmak], işl. Sazlap çykmak. SAZLAŞMAK [sa:zlaşmak], işl. 1. Sesler biri- biri bilen sazlaşykly çykmak. 2. Biri-biri bilen utgaşmak. Ojak-tamdyrlardan çabyrap çykýan ýiti ýalyn ikindiniň gyrmyzy şapagy bilen sazlaşyp, oba birhili geň-enaýy dabara berýärdi (G. Kulyýew). SAZLAŞYK [sa:zlaşyk], at. Gurşap alan tebigatda aýry-aýry zatlaryň biri-biriniň üstüni ýetirmegi, goşulyşmagy arkaly özara utgaşmasy. 2. sazç. Birnäçe sesiň bilelikde goşulyp utgaşmasy. Dutardan çykýan sesleriň sazlaşygy. SAZLAŞYKLY [sa:zlaşykly], syp. 1. Goşulyşyp, yzygiderli bir äheňde gidýän (ses hakynda). 2. Utgaşykly. Işler sazlaşykly alnyp barylýar. SAZLAŞYKLYLYK [sa:zlaşyklylyk], at. Sazlaşygy barlyk, sazlaşykly bolmaklyk. SAZLAŞYKLYRAK [sa:zlaşyklyra:k], syp. Birneme sazlaşykly. SAZLAŞYKSYZ [sa:zlaşyksyz], syp. Goşulyşyp gitmeýän, sazlaşmaýan. Dumly-duşdan guş- gumrularyň sazlaşyksyz owazy eşidilýär (G. Kulyýew). SAZLAŞYKSYZLYK [sa:zlaşyksyzlyk], at. Sazlaşygy ýokluk, sazlaşykly dällik. SAZLATMAK [sa:zlatmak], işl. Sazlamak işini birine etdirmek. Dutary sazlatmak. SAZLAÝJY [sa:zlaýjy], at. Sazlap işlär ýaly edýän, kemçiligi düzedýän adam. Stanoklary sazlaýjy. SAZLAÝYŞ [sa:zlaýyş], iş ady. Sazlamak ýagdaýy. SAZLY [sa:zly], syp. Saz bilen ýerine ýetirilýän, saz bilen berilýän, eşitdirilýän; gapdalyndan saz goşulýan. Sazly arakesme. Sazly gepleşik. Sazly drama. SAZLYK [sa:zlyk] I, at, gepl.d. 1. Giden gamyşlyk, hyşalyk ýer. Sygry sazlygyň içinden alyp geldiler. SAZLYK [sa:zlyk] II, at. Ylalaşykly, arkalaşykly ýagdaý, agzybirlik. Durmuşyň lezzeti maşgala sazlygynda ýüze çykýar. SAZLYK [sa:zlyk] III, at. Jebislik. Önümçilikde takyklygy we sazlygy gazanmaly. SAZMYK [sa:zmyk], syp. Çalymtyl tüsse salgymyna, çal gubara meňzeýän. Şu sazmyk görnüşiň içinde gara salgym bolup aýlanyp ýörenler Ýelli bilen Wüşi keldi (A. Gowşudow). SAZ-SÖHBET [sa:s-söhvöt], at. Aýdym-sazly söhbet, aýdym aýdyp, saz çalmaklyk, sazly-söhbetli meýlis. Birniçe deň-duş ýigitler Hemra bilen... saz- söhbet edip oturar erdiler ( Saýatly – Hemra ). SAZŞYNAS [sazşyna:s], at. Sazyň taryhyny we teoriýasyny öwrenýän hünärmen. SAZŞYNASLYK [sazşyna:slyk], at. Sazyň taryhyny we teoriýasyny öwrenýän ylym. SEBET [sevet], at. 1. Içine zat salmak üçin inçe söwüt çybyklaryndan örülýän ululy-kiçili gap. Bazardan gelýärin, Elimde sebet, Sebediniň içi – pomidor, kelem... (K. Gurbannepesow). 2. Ýylgyndan, tutdan bedre şekilli edilip örülen balyk tutulýan enjam. SEBÄP [se:vä:p], at. Bir hadysanyň ýüze çykmagyna, döremegine şert döredýän ýagdaý, esas döredýän zat (näme üçin? diýen soraga jogap bolýan söz). Ýangynyň sebäbi. Urşuň turmagynyň sebäbi. ◊ Sebäp eýerjeň sözlemi eýerjeňli goşma sözlemlerde: baş sözlemden aňlanýan pikiriň sebäbini görkezýän eýerjeň sözlem. SEBÄPKÄR [sevä:pkä:r], at. Bir zadyň, ýagdaýyň ýüze çykmagyna, döremegine sebäp bolýan (adam ýa-da zat). Toýuň sebäpkäri. SEBÄPLI [sevä:pli], syp., bagl. 1. Bir adam ýa- da bir zat bilen bagly, bir zat üçin, zerarly. Sen sebäpli okuwdan gijä galdym. Ol ýarawsyzlyk sebäpli gelip bilmedi. 2. Bir sebäbe görä, esasly. Okuwdan sebäpli galmak. SEBÄPSIZ [sevä:psiz], hal. Hiç bir sebäbi, delili bolmazdan. Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz (Nakyl). SEBIT [sevit], at. 1. Belli bir ýer, etrap, töwerek. Myhman Tejen sebitlerinden gelipdir diýýärler. 2. Dünýäniň aýratyn ykdysady-geografik we beýleki aýratynlyklary kybapdaş bolan ýanaşyk ýurtlar topary. Türkmenistanyň halkara sebit guramalaryna gatnaşmak mümkinçiligi howul-hara syýasy konýunktura arkaly däl-de, bileleşigiň uzak möhletleýin maksada laýyklygy hem-de ykdysady geljegi bilen kesgitlenilýär (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). SEBITARA [sevita:ra], syp. Düzümine birnäçe sebit girýän, sebitler arasyndaky. Sebitara maslahat. Sebitara hyzmatdaşlyk forumy. SEBZEBAZ [sevzeva:z], at, k.d. Ýaşyl geýimli. Tört atly geldiler, bary sebzebaz, Hasalary ýaşyl, aty teblebaz (Magtymguly). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling