SEÇIŞMEK, işl. 1. Seçmäge kömekleşmek. 2.
Birnäçe bolup bile seçmek. Gelin alynýan ýerde
aýallar pul, süýji-koke seçişip durdy.
SEÇME I, iş ady. Seçmek ýagdaýy.
SEÇME II, at. Peşeňe salnyp atmak üçin
gurşundan guýlan owunjak güllejikler.
SEÇMEDAN [seçmeda:n], at. 1. Seçme salnan
gaýyş guty, seçme gaby. Ol hataryny biline guşap, aw
pyçagy bilen seçmedanyny hem dakyndy. 2.Nili
hyrsyz, seçme atylýan aw tüpeňi.
SEÇMEK, işl. 1. Her ýere, her ýere düşer ýaly
edip dagynyk sepmek. Goňşy-golamlary ýygnap,
dessine Patrak seçdiler ogluň üstüne (A. Kekilow). 2.
Köp zadyň içinden saýlap-seçip almak, saýlamak.
Men öz hünärimi seçip aldym. 3. Süri malyň
sagylýanyny, owlak-guzusyny saýlamak, saýlap
aýyrmak. Kimiň eli gaňrakly, kimiň eli pürli ýylgyn
çybykly
goýunlary
seçmäge
başladylar
(H.
Derýaýew). 4. gepl.d. Saýlaw arkaly saýlamak. 5.
gepl.d., ser. Saçmak. Kireňsiz asmanda aşak
sallanan Gün, özüniň ýiti şöhlesini seçýärdi (A.
Gowşudow).
SEÇMEKLIK, iş ady. Seçmek ýagdaýy.
SEÇMEZLIK, iş ady. Seçmek işi, hereketi ýerine
ýetirilmezlik.
SET [set], san, k.d. Ýüz. Ýüregim set paradyr,
belli tenimde ýara ýok (Magtymguly).
SEDA [seda:], at, şahyr. Gulaga eşidilýän ses,
ses-üýn. Gulagyma geldi ýaryň sedasy, Hoş geldiň,
Mejnunym, sapa gelip sen! (
Leýli – Mejnun
). Eger-
eger olaryň birinden hem seda çykmady (T.
Gurbanow).
SEG [seğ], at, k.d. It. Donum ýyrtar diýdim, sege
ýalbardym, Ötmesin diýip ýaz günleri gaý bile
(Hatam şahyr).
SEGABY [seğa:vy], syp. Bagananyň bir görnüşi.
Onuň başynda segaby telpegi, aýagynda äňsiz uly
ädigi, uzyn uçgurlarynyň gotazy sallanyp duran
jalbary bardy (N. Jumaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |