Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SEGRELMEK [seğrelmek], işl. Bökülmek,  bökjeklemek.  SEGREME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet437/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   433   434   435   436   437   438   439   440   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEGRELMEK [seğrelmek], işl. Bökülmek, 
bökjeklemek. 
SEGREME [seğreme], iş ady. Segremek 
ýagdaýy. 
SEGREMEK [seğremek], işl. 1. Iki öň aýagyny 
öňe atyp ýöremek, gorgunlamak (at hakynda). Ürker 
ýaby taý görende, Bedew segräp läşden geçer 
(Aşyky). 2. Bökmek, bökjeklemek. Däli Garçar 
segräp baryp, suwa düşdi, büreler suwa akyp gitdi 
(

Kitaby dedem Gorkut

). 
SEGREMEKLIK 
[seğremeklik], 
iş 
ady. 
Segremek ýagdaýy. 
SEGREŞMEK [seğreşmek], işl. Birnäçe at 
segremek. 
SEGRETMEK [seğretmek], işl. Bökdürmek, 
bökjekletmek. Bu ýandan Bähram hunhor atyny 
segredip, meýdana çykdy (

Kasym oglan

). 
SEGREÝIŞ [seğreýiş], iş ady. Segremek 
ýagdaýy. 


254 
SEGRÄBERMEK [seğrä:vermek], işl. Segräp 
ugramak; dowamly segremek. 
SEGSE [seğse], at. Gyrkylygyň sallaryny 
birikdirýän iki uçly, ortasy tokgaja hem kiçijik agaç 
bölegi. 
SEGSEN [seğsen], san. 80 belgisiniň ady we 
onuň aňladýan sany. Magtymguly, dostlar, garramaň 
beter, Ýetmişiň, segseniň arasy ýeter (Magtymguly). 
SEGSENINJI [seğseninji], san. 80 mukdar 
sanyndan ýasalan tertip san.  
SEŽDE: 1) sežde etmek namaz okalýan 
wagtynda alyny, el-aýaklary, iki dyzy we aýagyň 
barmaklaryny ýere degrip goýmak. Metjidiň 
töweregi sežde etmäge gelen her hili geýimdäki 
musulmanlardan doly (B. Seýtäkow). 2) hudaýa 
sygnyp, aýat-töwwir etmek, doga okamak.
SEKDIRME, 1iş ady. Sekdirmek ýagdaýy. 2.at. 
Gaýma we keşde bilen edilýän nagyşlaryň 
arasyndaky inçe zolaklaryň içine gaýalýan dürli 
reňkli gaýma. Ýokarsyna çyraz, iki gapdalyna 
sekdirme edip, ortasyna-da älem saldy. 
SEKDIRMEK, işl. Bir ýere aýak basdyrmak, 
bardyrmak, getirmek (sekdirmek sözi sözlem içinde 
gelen ýagdaýynda soňundan inkärlik aňladýan söz 
getirilip ulanylýar). – Eziz Watana duşmanyň 
toýnagyny sekdirmeli däldiris – diýdi (A. 
Gowşudow).
SEKDIRMEKLIKiş ady. Sekdirmek ýagdaýy. 
SEKDIRMEZLIK, iş ady. Bir ýere aýak 
basdyrmazlyk, bardyrmazlyk, getirmezlik. Duşman 
aýagyny sekdirmezlik. 
SEKIat. Üstünde düşek ýazyp oturmak, ýatmak 
üçin, köplenç, gumdan galdyrylan belent ýer.
SEKIL, at. Käbir atyň, owlagyň we ş.m. 
aýaklarynyň dyzyndan aşakdaky ak ýeri. Meleguşuň 
akja sekiliniň yzyndan galýan inçejik tozan indi göge 
galman, 
aýagyna 
çolaşyp 
barýardy 
(B. 
Soltannyýazow).
◊ Sekil atmak saça ak girip başlamak. 
SEKILMEK, işl. Bir ýere aýagyň bilen ýöräp
barylmak. 
SEKIŞ, iş ady. Sekmek ýagdaýy. 
SEKIZsan. 8 belgisiniň ady we onuň aňladýan 
sany. 
◊ Sekiz suw taryh. bir gije-gündizlik, 24 sagatlyk 
suw nobaty, serkar. 
SEKIZDOGAJYK [sekizzoğa:jyk], at. Palasa 
salynýan 

bossany

nagşynyň we gölçäniň içine 
salynýan sekiz sany üçburçluk görnüşli owunjak 
nagyşlaryň ady. Bu sekizdogajyk hala gowy öwüşgin 
beripdir. 
SEKIZGANAT [sekizğa:nat], syp. Tärimi sekiz 
bölek, sekiz bölek tärimli. Sekizganat ak öýüň 
Ýaraşygy sallançak (Hüwdi). 
SEKIZGAÝŇAK [sekizğaýňak], at. Dörtburç 
çyzygyň daş-töweregine goçak aýlanyp, şeýle hem 

gabsagöl halynyň

gölüniň ortasyna, ýüň jorabyň 
durkuna salynýan nagyş. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   433   434   435   436   437   438   439   440   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling