Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SELÇEŇLEMEK, işl., ser. Seýreklemek


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet439/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   435   436   437   438   439   440   441   442   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SELÇEŇLEMEK, işl., ser. Seýreklemek
Akmaýanyň gürrüňi selçeňlände, oňa habar gatdy (B. 
Kerbabaýew).
SELÇEŇLENMEKişl., ser. Seýreklenmek
SELÇEŇLEŞMEK, işl., ser. Seýrekleşmek
Garrynyň ýygyrtlaşan gabaklarynyň, selçeňleşen 
kirpikleriniň arasyndan ýaş damdy (B. Kerbabaýew).
SELÇEŇLETMEK, işl., ser. Seýrekletmek
Şondan bäri Pökgen aýdyma hiňlenmesini hem has 
selçeňletdi (A. Gowşudow). 
SELÇEŇLIKat, ser. Seýreklik
SELÇEŇRÄK[selçeňirä:k], syp., ser. Seýregräk. 
Selçeňräk gögeren gowaçalar agşamyň şypaly 
şemalyna başlaryny yraşyp otyrdylar. 
SELEŇ, syp. Daş-töwreginden şemal, ýel, howa 
urup duran, açyklyk, giňlik (ýer, meýdan). Bizi seleň 
meýdanda hatara goýlan üsti näz-nygmatly stollaryň 
başyna getirdiler (

Edebiýat we sungat

). 
◊ Seleň şemal salkyn, mylaýym şemal. Derýanyň 
üstünden gelýän seleň şemal argyn bedenlere 
dermandy.  
SELEŇLEME, iş ady. Seleňlemek ýagdaýy.
SELEŇLEMEK, işl. 1. Açyk howa, giňişlik ýere 
çykyp, 
gezelenç 
etmek, 
dem-dynç 
almak, 
ýelejiremek, şemallamak. Goýry kölegede bir salym 
seleňledik. 2.Salgym atmak, howalanyp görünmek. 


255 
Soltan Sanjaryň gümmezi uzakdan seleňläp 
görünýärdi (B. Kerbabaýew). 
SELEŇLEMEKLIK, 
iş 
ady. 
Seleňlemek 
ýagdaýy. 
SELEŇLEMEZLIK, 
iş 
ady. 
Seleňläp 
görünmezlik. 
SELEŇLEŞMEK, işl. 1. Birnäçe bolup giň ýere 
çykyp, gezelenç etmek. 2. Uly-uly agaçlar uzakdan 
ýa-da 
ýokarda 
howalanyp 
görnüp 
durmak. 
Ýapraklarynyň reňkleri biraz solgunlanan erik 
agaçlary ulumsylyk bilen seleňleşýärler (B. 
Kerbabaýew). 
SELEŇLEÝIŞiş ady. Seleňlemek ýagdaýy. 
SELEŇLIK, syp. Daş-töweregi açyk, seleň, 
tämiz howaly (ýer, meýdan). Nähili seleňlik! Adam 
şeýle seleňlikde ýaşasa, Hiý ömrülla garrarmy! (G. 
Kulyýew). 
SELEŇRÄK [seleňirä:k], syp. Daş-töweregi 
şemallyrak, şabadrak. Seleňräk ýerde ýaşasaňdyň! 
SELÄLIK [selä:lik], at. Oraza aýynda agzyny 
bekleýänleriň dan atmazyndan öň iýýän nahary. 
Kempir bilen ikisi gaýym selälik edindiler 
(

Görogly

). Selälige turmak.
SELINat. Gumda bitýän topbak düýpli, çogdam 
çykýan, dik baldakly, uzyndan inçe ýaprakly 
köpýyllyk ösümlik. 
SELINLEME, iş ady. Selinlemek ýagdaýy. 
SELINLEMEK, işl. Teläriň, kümäniň üstüne 
selin basyp ýapmak, guýynyň örüm bilen diwarynyň 
arasyna selin dykmak. 
SELINLEMEKLIKiş ady. Selinlemek ýagdaýy. 
SELINLEŞMEK, işl. Teläriň, kümäniň üstüni 
selin bilen basyryşmak, selinlemäge kömekleşmek. 
SELINLETMEK, işl. Selinlemegi başga birine 
etdirmak. Teläriň üstüni selinletmek
SELINLEÝIŞ ,iş ady. Selinlemek ýagdaýy. 
SELINLIsyp. Selin gögeren ýer. Selinli, sözenli 
oýda çekene bakardyk. 
SELINLIKsyp. Selniň köp gögeren ýeri. Biz bir 
selinlik ýerde düşlemeli bolduk. 
SELJERILMEKişl. 1. Bir zat ikinji bir zatdan 
tapawutlandyrylmak, onuň hiliniň neneňsidigi 
saýgarylmak. Her kimiň eden işi seljerilmelidir. 2
Analiz edilmek, derňelmek. Seljerilen eser

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   435   436   437   438   439   440   441   442   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling