Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SEPMEKLIK, iş ady. Sepmek ýagdaýy.  SEPMEZLIK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet447/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   443   444   445   446   447   448   449   450   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEPMEKLIKiş ady. Sepmek ýagdaýy. 
SEPMEZLIK
iş 
ady. 
Sepmegi 
amala 
aşyrmazlyk. 
SEP-SEPsyp., ser. Seplem-seplem
SEPSIZ I, syp. Biri-birine seplenmedik, sepi 
bolmadyk. Sepsiz pil. Sepsiz pürs. 
SEPSIZ II, syp. Şaý-sepi bolmadyk, şaý-sepsiz, 
bukjasyz, goş-golamsyz. Gyz maşgalany sepsiz 
ugratmak bolmaz. 
SER, at, k.d. 1. Baş, kelle. Turup, Magtymguly 
gözün açypdyr, Serine ne köýler gelip geçipdir 
(Magtymguly). Serimden geçer men, Gulden 
geçmenem, Ýarymyň habaryn aldym, gider men (

Gül 
– Bilbil

). 2. Bir zadyň ýokarsy, üsti, başy. Serinden 
dumany gitmez, Gorganly daglar görüner (Halk 
aýdymyndan).
Serden geçmek bir zadyň ugrunda başyňy 
gurban etmek, janyňdan geçmek. Seri ýokluk
halynyň teňligi sebäpli, hiç zat bilen gyzyklanmazlyk. 
Onuň dünýä bilen seri ýokdy. Ser salmak göz 
aýlamak, göz gezdirmek, üns bermek, äňetmek, 
seretmek. Ol diňşirgenip, daş-töweregindäki janly 
herekete ser saldy (A. Gowşudow). Ser urmak belli 
bir wagta, ýaşa we ş.m. golaýlamak, ýeteňkirlemek. 
Ol ýaşy segsenine ser uran adamdy. 
SERB [se:rp], at, ser. Serbler
SERBAZ [serva:z], at, k.d. Nöker, esger. Ýetip 
bardy ki serbaz öň sapydan (Abdysetdar Kazy). 
SERBER [server], at. Kesekli ýere mala 
basylanda, malanyň agramyny artdyrmak üçin onuň 
üstüne basylýan agramlyk ýük. Mälikguly dagy baran 
güni azallary, boýuntyryklary, serberleri, boronalary 
düýä ýükläp, sürüm, ekiş geçiriljek atyza eltdiler 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy). 
SERBESER [serveser], at, k.d. Erkin, azat. 
Meniň jigim gül öwser, Gül içinde serbeser, Ballar 


259 
bilen bakaýyn, Süýtden suwa ýakaýyn (Hüwdi). 
Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gezgin 
(Mollanepes). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   443   444   445   446   447   448   449   450   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling