SEREDIBERMEK [seredivermek], işl. Seredip
başlamak.
SEREDILMEK, işl. 1. Bir zada ýa-da birine
bakylmak, äňedilmek. 2. Gowy saklanmak,
idedilmek. Bu goýunlara gowy seredilipdir. 3.
Nämedir bir zada göz-gulak bolmak. 4. Bir zat
barlanyp görülmek. Çap edilmeli makalalara gaýta-
gaýta seredildi. 5. Bir zat bejerilmek, düzedilmek,
oňarylmak. Otlanmansoň motora täzeden seredildi.
SEREDIŞ, iş ady. Seretmek ýagdaýy. Onuň
gözüni aýyrman seredişini halamadym.
SEREDIŞDIRMEK, işl. Bir zada seredip
çykmak. Birdenkä-de bir hata bar ünsüni berip
seredişdirdi-de, sesli okady (B. Kerbabaýew).
Seredişdirip görse, Çalaja demi gelýär (A.
Alamyşow).
SEREDIŞMEK, işl. 1. Birnäçe bolup bilelikde
seretmek. Ýoldaşlary oňa uzakdan ogrynça seredişip,
hezil edişip gülüşýärler (Ö. Abdyllaýew). 2.
Seretmäge
kömekleşmek.
Men
hem
elimiň
ýetdiginden çagalara seredişerin.
SERENJAM [serenja:m], at. Iň gerekli, zerur
bolan enjam, gerekli zatlar, goş, şaý. Goşun
serenjamyn, il serişdesin, Padyman ogluna bilmek
ýaraşmaz (Magtymguly)
◊ Serenjam bermek tertip-düzgüne salmak, ýerli-
ýerinde goýmak, tijemek. Öýüň içiniň serenjam
berlişi tämiz hem düşünjesi bar bolan bir aýalyň
sypatyny gözüň öňüne getirýärdi (A. Gowşudow).
SERENJAMÇY [serenja:mçy], at. Guramaçy;
serediji, göz-gulak bolujy, baştutanlyk ediji.
SERENJAMLAMAK [serenja:mlamak], işl. 1.
Gerekli enjam, goş we ş.m. bilen üpjün etmek.
Gerekli ýol goşlary bilen serenjamlap ýola saldylar.
Do'stlaringiz bilan baham: |