Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SEREŞLEME, iş ady. Sereşlemek ýagdaýy.  SEREŞLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet451/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   447   448   449   450   451   452   453   454   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEREŞLEME, iş ady. Sereşlemek ýagdaýy. 
SEREŞLEMEK, işl., gepl.d. Açyp görkezmek, 
görer ýaly edip goýmak, ýaýradyp goýmak. 
Hojamberdi penjesindäkini oňa sereşledi (R. 
Gelenow).
SEREŞLEÝIŞiş ady. Sereşlemek ýagdaýy. 
SERETDIRMEK, işl. 1. Seretmek işini başga 
birine etdirmek; barlatmak; bejertmek. Sen hi, 
lukmana baryp, gözüňe seretdirýärmiň? (A. 
Durdyýew).
SERETMEiş ady. Seretmek ýagdaýy. 
SERETMEK, işl. 1. Birine ýa-da bir zada 
garamak, äňetmek, göz dikmek, nazar salmak. Ol 
oňa gözlerini mölerdip seretdi (B. Kerbabaýew). 2
Garaşyk etmek. Ýetim çagalara seretmek. 3
Idetmek, bakmak. Mallara gowy seredip bildiňizmi? 
4. Göz-gulak bolmak, esewan bolmak. Bar, nahara 
seret! 5. Barlap görmek. Lukman gözüme seredip, 
oňa näme bolandygyny anyklady. 6. Derňemek; 
seljermek. Jenaýat işine seretmek. Iş toparynyň 
agzalary taslama seredip, öz pikirlerini aýtdylar. 5
Ýygnagyň, maslahatyň we ş.m. gün tertibine 
girizmek, garamak. Ýygnakda köp meselä seretmeli 
boldy. 6. Bir zady bejermek, düzetmek, işlär ýaly 
etmek. Maşynyma hemişe bir ussa seredýär. 7
Seretmek işliginden soň oturmak, durmak, ýörmek 
kömekçi işlikleri gelip, täze manyly düzümli işlik 
ýasalýar: Seredip oturmak oturan ýeriňden 
dowamly seretmek. Seredip durmak dik duran 
ýeriňden dowamly seretmek. Seredip ýörmek aýak 
üstünde gezip ýörkäň daş-töwerekdäki zatlara
dowamly seretmek.
SERETMEKLIK, iş ady. Seretmek ýagdaýy.
SERETMEZLIK, iş ady. Seretmek işi amal 
edilmezlik. 
SERGEZDAN [serğezza:n], at. 1. Hiç hili iş
bilen meşgullanman ygyp ýören ykmanda. 2göç.m. 
Iki arada alaçsyz galan, näme etjegini bilmän ýören. 
Miraplaryň birnäçesi şol iki oýuň arasynda 
sergezdan galypdylar (B. Kerbabaýew). 3. Bir zadyň 
ugrunda gezmek, ser-sepil bolmak. Wahyt, menden 
habar sorsaň, Bir ýar üçin sergezdan men (

Zöhre–
Tahyr

).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   447   448   449   450   451   452   453   454   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling