Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet452/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   448   449   450   451   452   453   454   455   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SERGEZDANÇYLYK [serğezza:nçylyk], at, 
ser. Sergezdanlyk.Seýilem bir seýil, sergezdançylyk 
hem seýil (Nakyl). 
SERGEZDANLYK 
[serğezza:nlyk], 
at. 
Sergezdan halda bolmaklyk, sergezdanyň ýagdaýy. 
SERGI [serği], at. Köpçülige görkezmek üçin 
aýratyn jaýda, meýdanda jemlenip goýlan zatlaryň 
toplumy we olaryň goýlan ýeriniň ady.
Sergi bolup ýatmak dargap, pytrap ýatmak, 
ýaýrap ýatmak. Sergi bolup ýatyr gulanyň eti, Tilki 
bu boluşa şatlandy gaty (A. Salyh).
SERGIN [serğin], syp., ser. Açyk ýerden ösýän 
salkyn howaly. Gündogar tarapdan alabaharyň 
sergin şemaly öwüsýärdi (

Edebiýat we sungat

). 
SERGINLEMEK [serğinlemek], işl. Sergin 
howada salkynlamak.Tämiz howada serginläp 
geldim. 
SERGINLEŞMEK [serğinleşmek], işl. Ýuwaş-
ýuwaşdan sergin howa ösmek, salkynlaşmak.Bular 
bir uklap oýanýançalar, howa serginleşip, bir 
tarapdan ýuwaşraga-da şemal ösmäge başlapdyr 
(

Türkmen halk ertekileri

).
SERGINLETMEK [serğinletmek], işl. Içeriniň 
howasyny täzelemek, ýelejiretmek, şemallatmak.  
Öýleriň äpişgedir işiklerini açyşdyryp, serginledip 
goý! 
SERGINLIK [serğinlik], at. Sergin ýagdaýda 
bolmaklyk. Howanyň serginligi adamlaryň janyna 
hoş ýakýardy. 
SERGINRÄK [serğinirä:k], syp. Birneme sergin. 
SERGÜZEŞT [serğüzöşt], at, k.d. Başdan 
geçirilen waka. Melike sergüzeştin owwaldan ahyrga 
çenli beýan kylyp bir söz diýdi (

Melike – Dilaram

). 
SERHEŇ, at, taryh. Polkownik derejesi. Ol 
zalym han olar bilen hiç barlyşman, ölen-ýiten 
serbazlarynyň, serheňleriniň, sertipleriniň öjüni 
Seýdiden çykarjak bolup gazaba münüpdir (N. 
Pomma).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   448   449   450   451   452   453   454   455   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling