Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet454/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   450   451   452   453   454   455   456   457   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SERILMEK, işl. 1. Bir zat guradylmak
çalykdyrylmak üçin ýaýradylyp goýulmak. Kenarda 


261 
serlen haltalar, torlar, Agaryp görünýär tertipsiz 
çaşyp (Ş. Borjakow). 2. göç.m. Läş çaşyp, sergi 
bolup ýatmak. Baş gider, göwre läş bolar, Seriler 
meýdan içinde (

Görogly

). 3. Çalam-çaş bolup, ýere 
ýazylyp ýatmak. Güýçli degen urgy zerarly özüne erk 
edip bilmän, serlip gitdi
SERINDI [serinni], at. Nah gatyşykly, tarada 
dokalýan ýüzi çyzmykly goňras mata. Serindiden 
aýal köýnegi tikilýär. 
SERINMEKişl. Özüň üçin bir zady guratmak, 
çalykdyrmak maksady bilen serip goýmak. 
SERIŞ,iş ady. Sermek ýagdaýy. 
SERIŞDE [seri:şde], at. 1. Bir işi ýerine 
ýetirmek, amala aşyrmak üçin gerekli gural, enjam, 
şaý. Ussanyň ussaçylyk serişdesi bolmasa, ol näme 
edip bilsin. 2. Ýaşaýyş, güzeran üçin gerekli bolan 
pul, maýa, maddy baýlyklar.  
SERIŞDIRMEK, işl. Birtopar zady guratmak 
üçin ýazyşdyryp, asyşdyryp goýmak, serip çykmak. 
Berdi gurtlary derrew teläriň üstüne serişdirip, soňra 
ýene-de gurt edişdirmäge oturdy (H. Derýaýew). 
SERIŞMEK,işl. 1. Sermäge kömek bermek. Ol 
enesine kak serişdi. 2. Birnäçe bolup, bilelikde 
sermek. Ýap boýuna kir ýuwmaga baran gyzlar kir 
serişip durdular.
SERŽANT [serža:nt], at. Goşunda, polisiýa 
gullugynda kiçi serkerdeler düzümine dakylýan harby 
at. 
SERŽANTLYK [serža:ntlyk], at. Seržantyň käri, 
ýagdaýy. Harby we syýasy taýýarlygyny ösdürenligi 
üçin oňa kiçi seržantlyk derejesini berdiler. 
SERKAR [serka:r], at, taryh. 24 sagatlyk 
möçberindäki suw tutmak nobaty. Mirap hem 
ownuk-uşak harç üçin köpüň zadyndan ýene bir 
ýarym serkar satdy (B. Kerbabaýew).
SERKARBAŞY [serka:rvaşy], at, taryh. Suw 
tutulyşynyň düzgünine seredýän adam. Her 
serkarbaşy aksakgal öz serkarynyň hasaby bilen 
paýlaşyk meýdanyna geldi (A.Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   450   451   452   453   454   455   456   457   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling