Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SEŇŇERLEME
- SEŇŇERLEMEKLIK
- SEŇŇERLEŞMEK
- Seňrigini ýygyrmak
- SEŇSE
- SEŇSELEMEKLIK , iş ady. Seňselemek ýagdaýy. SEŇSELEMEZLIK
- SEŇSELEÝIŞ
- SEPDIRMEK
- SEPELEMEKLIK
- SEPELEÝIŞ
- SEPILMEK
SEŇKILDEÝIŞ
[seňkilleýiş], iş ady. Seňkildemek ýagdaýy. SEŇKILDÄBERMEK [seňkillä:vermek], işl. Seňkildäp başlamak. SEŇKILDI [seňkilli], at. Loňkuldyly ylgaw. SEŇŇER, at. 1. Ýörite garym gazylyp, gumy öňüne üýşürilip edilýän berkitme. Onuň öňünden hem garym gazyp, seňňer gurapdyrlar (A. Gowşudow). 2. Uly, beýik üýşmek. Bu hataryň töwereginde daşlaryna garym çekilen küde-küde ýandaklar dag ýaly seňňer alşyp durdy (H. Derýaýew). SEŇŇERLEME, iş ady. Seňňerlemek ýagdaýy. SEŇŇERLEMEK, işl. 1. Seňňer gurmak, seňňer etmek. Okoby seňňerlemek. 2. Depe ýaly beýik bolmak, üýşmek bolup durmak, beýgelip görünmek. Olar seňňerläp oturan gum depesiniň üstüne odun üýşürmäge başladylar (A. Gowşudow). SEŇŇERLEMEKLIK, iş ady. Seňňerlemek ýagdaýy. SEŇŇERLENMEK, işl. Seňňer atyp beýgelip görünmek, seňňerläp görnüp durmak. Üsti ýükden seňňerlenip duran maşynyny saklady (N. Saryhanow). SEŇŇERLEŞMEK, işl. Depe ýaly bolşup durmak, beýgelişip görünmek, seňňer atyşmak. SEŇŇERLEÝIŞ, iş ady. Seňňerlemek ýagdaýy. SEŇRIK, at. 1. Burnuň iki gaşyň arasyna baryp birleşýän üst ýüzi. 2. Gum, dag ýerlerinde uzalyp gidýän depe. ◊ Seňrigine kakmak gaýtawul bermek, garşy çykmak. Seňrigini ýygyrmak nägilelik bildirmek. SEŇRIKMEN, syp. Burnunyň üsti, seňrigi beýik, tüňňi, uly. Seňrikmen adam taýhary gözlemegi teklip etse-de, Çerkeziň çigninden ýapyşan penjäniň eýesi oňa göwnemedi (B. Kerbabaýew). SEŇSE, at. Güýçli zarba, urgy sebäpli huşuny ýitiren, huşsuz, saňsar bolan. SEŇSELEDILMEK, işl. Seňse ýagdaýyna ýetirilmek. SEŇSELEME, iş ady. Seňselemek ýagdaýy. SEŇSELEMEK, işl. Seňse bolmak, huşuňy ýitirmek, özüňden gidip, beýhuş bolmak. Gözläliň, bir ýerde eşekden ýykylyp, seňseläp ýatan bolmasyn (A. Gowşudow). SEŇSELEMEKLIK, iş ady. Seňselemek ýagdaýy. SEŇSELEMEZLIK, iş ady. Huşuňy ýitirmezlik, seňseläp, beýhuş bolup ýatmazlyk. SEŇSELETMEK, işl. Urup seňse etmek, seňselär ýaly etmek. Ýeňsesine degen daş ýaly ýumruk ony seňseletdi (B. Seýtäkow). SEŇSELEÝIŞ, iş ady. Seňselemek ýagdaýy. SEP I, at. Bir zadyň biri-birine seplenen, birleşdirilen ýeri. Demir ýol biraz aşak epilen ýaly ýan berse-de, demirleriniň sepleri açylmandy (B. Kerbabaýew). SEP II, at. Durmuşa çykan gyza ene-atasynyň berýän goşy, geýimleri, bukjasy. Öýlerine gelip iki-üç ýyl gezer, haly, çuwal barça sepini düzer (B. Kerbabaýew). SEPDIRMEK, işl. Sepmek işini birine etdirmek. Ders sepdirmek. Tohum sepdirmek. Howla suw sepdirmek. SEPELEME, iş ady. Sepelemek ýagdaýy. SEPELEMEK, işl. 1. Suwy, külke, ownuk zatlary gaýta-gaýta, yzly-yzyna sepişdirmek. 2. Çala ýagyp başlamak, seçir-gaçyr ýagmak (ýagyş, gar we ş.m. hakynda). Ýagyş sepeläp başlady. SEPELEMEKLIK, iş ady. Sepelemek ýagdaýy. SEPELENMEK, işl. Gaýta-gaýta, yzly-yzyna sepilmek. SEPELEŞMEK, işl. 1. Sepelemäge kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup bilelikde sepelemek. Ýaş oglanlar ýeriň tozanyny ýapyrmak üçin gumagrak ýerlere suw sepeleşip ýördüler. SEPELETMEK,işl. Sepelemek işini başga birine etdirmek; sepelemäge mümkinçilik döretmek, ýol bermek. Oglanlara ekin ekiljek ýerlere ders sepelet. SEPELEÝIŞ,iş ady. Sepelemek ýagdaýy. SEPELÄBERMEK [sepelä:vermek], işl. Sepeläp başlamak; çala ýagybermek. SEPGIT, at. 1. Bir ýeriň ikinji bir ýer bilen sepişýän ýeri, birleşýän nokady. 2. Iki paslyň ýa-da iki belli wagtyň birleşýän döwri. Häzir tomus bilen güýzüň sepgidi bolmagyna garaman, howa örän maýyldy (B. Kerbabaýew). 258 SEPIL [sepi:l], at. Biriniň ýa-da bir zadyň ugrunda sergezdan, ser-sepil. Sepil boldum, gezdim ol ýat illeri, Bagrym ýara etdi, batar aýralyk (Garajaoglan). SEPILMEK, işl. 1. Sepelenip dökülmek. Daşaryk suw sepildimi? 2. Ürgün çäge, gum, kül we ş.m. sepelenip, ýeriň üstünde ýaýradylmak. Ekin ekiljek ýere öňünden ders sepildi. 3. Sepelenip ekilmek. Kölçä sogan tohumy sepilip suwaryldy. SEPILMEZLIK, iş ady. 1. Sepelenip dökülmezlik (suw, suwuk zatlar hakynda). 2. Ýeriň üstüne sepelenmezlik (çäge, kül we ş.m.). 3. Sepelenip ekilmezlik. Sepilmedik tohum gögermez (Nakyl). SEPINMEK I, işl. Öz üstüne atyr we ş.m. sepmek. Atyr sepinmek. SEPINMEK II, işl. Sep edinmek (ser. Sep). Çykjak gyz gowy sepinipdir. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling