Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SEMENT II, at. Gyzdyrylan daş üwelip ýasalýan  gurluşyk materialy. SEMINAR


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet442/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   438   439   440   441   442   443   444   445   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SEMENT II, at. Gyzdyrylan daş üwelip ýasalýan 
gurluşyk materialy.
SEMINAR [semina:r], at. Islendik tema boýunça 
okuwçylaryň, diňleýjileriň işjeň gatnaşmagynda 
geçirilýän toparlaýyn sapaklaryň bir görnüşi.
SEMIT [semi:t], at, ser. Semitler. Semit diller 
topary
SEMITLER [semi:tler], at. Alynky Aziýada 
hem-de Demirgazyk we Gündogar Afrikada ýaşan 
(wawilonlylar, assiriýalylar, finikiýalylar, ýahudylar 
we ş.m.) halklar topary, şeýle hem häzir ýaşap ýören 
araplar, 
siriýalylar, 
assiriýalylar, 
ýewreýler, 
efiopiýalylar we beýleki halklar. 
SEMIZ, syp. Etli-ganly, semräp ýognan. 
SEMIZLIK, at. Semiz halda bolmaklyk. 
SEMIZRÄK [semizirä:k], syp. Az-owlak semiz, 
az-kem semiz. 
SEMREME, iş ady. Semremek ýagdaýy. Süýji 
keseliň ilkinji alamatlarynyň biri semreme, aşa köp 
suw içme we agyz guramadyr. 
SEMREMEK, işl. Gereginden artyk semiz hala 
gelmek, ýognamak. Birnäçe gün iýdi-içdi semredi, Öz 
ýanyndan ony-muny samrady (A. Salyh).
SEMREMEKLIK, iş ady. Semremek ýagdaýy. 
Aşa semremeklik adamyň süňňüni gowşadýar. 
SEMREMEZLIK, iş ady. Semremek katdyna 
ýetmezlik. 
SEMRETMEK, işl. Semremegine mümkinçilik 
döretmek, semrär ýaly etmek.Toklulary semretmek. 
SEMREÝIŞ, iş ady. Semremek ýagdaýy. 
SEMRÄBERMEK [semrä:vermek], işl. Çalt 
semräp başlamak. 
SEMZEK, at, ösüml.d.Köplenç, ekin aralarynda 
ýere ýazylyp ösýän ýumşak baldakly, kiçiräk 
ýaprakllary galyň ot. 
SEN, Ýaş taýdan özüňden kiçi ýa-da has ýakyn 
adamlara ýüzlenilende ulanylýan çalyşma (sen 
sözüniň düşümlerde üýtgeýşi: sen, seniň, saňa, seni, 
sende, senden)Hawa, Myrat, men aýdyp ýörmesem-
de öz ýanymdan seniň gadryňy gaty bilýändirin (H. 
Derýaýew).  
Sen, men ýok duýdansyz, birden. Gelen 
adamlar ony gördüler-de, sen, men ýok, üstüne 
topuldylar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   438   439   440   441   442   443   444   445   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling