Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet441/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   437   438   439   440   441   442   443   444   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SELPETMEK, işl. 1. Haýal loňkuldadyp 
sürmek.  – Heý, bir gün öň ugraýmanymyz! – diýip, 
bugrany selpedip ugrady (B. Kerbabaýew). 2göç.m. 


256 
Birini selpemäge mejbur etmek. Öz hususy ýumşy 
üçin ony dumly-duşa selpedýärdi (A. Gowşudow). 
SELPEÝIŞ, iş ady. Selpemek ýagdaýy. 
SELPÄBERMEK [selpä:vermek], işl. Selpäp 
başlamak. Ýüke werziş düýe burnuny ýellendirip, 
selpäberdi. 
SEM: sem bolmak sesiňi kesmek, sesiňi 
goýmak. Şemhal sesi köp çykdy, şondan soň agamyň 
sesi sem boldy (

Görogly

). Bildigiňçe mydam ýagşy 
sözlegil, Ýagşy söz tapmasaň, otur sem bolup 
(Magtymguly).  Sem etmek sesini kesdirmek, sesini 
goýdurmak. 
SEMAWAR [sema:wa:r], at. Suw gaýnatmak 
üçin içinde ot ýakylýan turbaly metal enjam. Ol 
yzyna öwrülende, sözen kömrüni gaýgyrman atyp, 
semawaryň agzyny üfläp duran Hallygarany gördi (S. 
Myradow). 
SEMENDER [semenner], at, k.d. Köneden otda 
ýaşapdyr diýlip hasap edilen bir haýwan. Çekdigim 
naladyr semender bile, Degirmen deý baňňyr men, 
semender deý ataşhor (Magtymguly). Semender deý 
sargaryp, öz-özümden tutaşsam (Mollanepes). 
SEMENI, at. Telper gabyň içinde üstüne suw 
sepilip gögerdilen bugdaý döwlüp, un çalnyp, uly 
gazanda siňňin otda gaýnadylyp bişirilýän bulamak 
görnüşli duzsuz iýmit. Gaýnadarlar semeni, Dula 
dürtüň temeni; Bildim aýralyk eken, Hemme dertden 
ýamany (Halk döredijiliginden). 
SEMENT I, syp., k.d. Ýüwrük at. Başa baglap 
diwanalyk kemendin, Segredip ýetişdim yşkyň 
semendin (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   437   438   439   440   441   442   443   444   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling