SEKIZGOÇAK [sekizğoçok], at. Hala, el
işlerine salynýan dört sany garşylykly goçak.
SEKIZINJI, san. 8 mukdar sandan ýasalan tertip
san. Sekizinji gat. Sekizinji jaý.
SEKIZKEŞDE, at. Dört ýaşyl, iki ak, iki sary
gaýalyp, tahýa, hala, keçä salynýan ýaprak görnüşli
nagyş. Eje, men-ä şu taýyk sekizkeşde salaýjak (Ý.
Mämmediýew).
SEKIZLEME, at. Her bendi sekiz setirden
ybarat bolan şygyr; goşgy düzmegiň sekizleme
görnüşi.
SEKIZLENJI, san, gepl.d., ser. Sekizinji. Meret
küle azajyk pikirlendi-de: – Sekizlenji gün bolsa
gerek – diýdi (N. Geldiýew).
SEKIZLIK, at. 1. 8 bilen aňladylýan haýsydyr
bir zadyň ady. Awtobusyň ýoluna garap duran
adamlaryň biri: – Hanha, sekizlik gelýär – diýip,
begenjini daşyna çykardy. 2. syp. Käbir zatlaryň
ölçegini görkezýän san. Sekizlik galoş.
SEKIZÝYLLYK,at. Sekiz ýyllap okuw okalýan
doly däl orta mekdep.
SEKME, iş ady. Sekmek ýagdaýy.
SEKMEK, işl. Bir ýere öz aýagyň bilen barmak,
aýak basmak. Başda uslyp bilmän, aýagy çekmän,
Gezipdi kän wagt bu öýe sekmän (A. Kekilow).
Ýaşyryp nätjek, Ýazly, özüň habar etmedik bolsaň,
gapyňdan sekjegem däldim (H. Garabaýew).
SEKMEKLIK, iş ady. Sekmek ýagdaýy.
SEKMEZLIK, iş ady. Bir ýere barmazlyk.
SEKUNT [seku:nt], at. Minutyň altmyşdan bir
bölegine deň bolan wagt birligi. Edil şol sekuntda
kakasy-da başyny galdyryp, oglunyň ýüzüne seretdi
(A. Durdyýew).
SELÇEŇ, syp., ser. Seýrek. Sähet bolsa özüniň
arryk ýüzündäki selçeň sakgalyny yzly-yzyna
sypalaýardy (A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |