Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SELJERIŞ, iş ady. Seljermek ýagdaýy. SELJERME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet440/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   436   437   438   439   440   441   442   443   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SELJERIŞ, iş ady. Seljermek ýagdaýy.
SELJERME, iş ady. Seljermek ýagdaýy. 
SELJERMEK, işl. 1. Bir zady ikinji bir zatdan 
tapawutlandyrmak, onuň hiliniň neneňsidigini 
saýgarmak. 2. Analiz etmek, derňemek. Çeper eseri 
seljermek
SELJERMEKLIK, iş ady. Seljermek ýagdaýy. 
SELJERMEZLIK, iş ady. Seljerip bilmezlik; 
seljeriş işini geşirmezlik. 
SELJERTMEK,işl. Seljermek işini başga birine 
ýerine ýetirtmek. 
SELKI, syp. Özüni oňarmaýan, hasy, ýalta, 
sölite. Kemine diýr, selki hatyn, Alyn saçyň çym-ak 
eder (Kemine). 
SELKILDEME [selkilleme], iş ady. Selkildemek 
ýagdaýy. 
SELKILDEMEK [selkillemek], işl. 1. Iki baka 
yraň atmak, yranmak, galgamak (esasan, saç, sakgal 
hakynda). Ikisiniň hem murtlary şemal degen tozga 
ýaly selkildedi (B. Kerbabaýew). 2. Ýersiz ýere iki 
baka alakjamak, selk-selk edip ýörmek. Gowakdan 
çykyp selkildäp ýöredi (

Görogly

). 
SELKILDEMEKLIK [selkillemeklik], iş ady. 
Selkildemek ýagdaýy. 
SELKILDEMEZLIK [selkillemezlik], iş ady. 
Selkildäp ýörmezlik. 
SELKILDEŞMEK [selkilleşmek], işl. Birnäçe 
zat ýa-da adam selkildemek. Buýra saçlary şemala 
selkildeşip durdy. Olar indi şeýdişip selkildeşip 
ýörmelimikä? 
SELKILDETMEK [selkilletmek], işl. 1. Iki 
ýana yraň atdyrmak. Ol saçyny selkildedip gepledi.2
Biderek ýere iki baka alakjatmak, selkildär ýaly 
etmek, selkildemäge mejbur etmek. Näme ony beýdip 
iki-baka selkildedip ýörsüň?  
SELKILDEÝIŞ [selkilleýiş], iş ady. Selkildemek 
ýagdaýy. 
SELKILDÄBERMEK [selkillä:vermek], işl. 
Selkildäp başlamak, selkildäp ugramak. 
SELKILIK, at. Selkä mahsus gylyk-häsiýet, 
selkiniň bolşy. Özüňe seret, selkilik etme. 
SELKIRÄK [selkirä:k], syp. Azda-kände selki. 
Onuň selkiräkdigini öňem bilýärdi
SELK-SELK: selk-selk etmek ser.Selkildemek. 
SELLE, at. Kellä oralýan uzyn in mata, çalma. 
SELLEM: bir sellem bir azajyk wagt, azajyk 
pursat, bir salym. Mündüler, gyzlardan galmadym 
menem, Aý, näme, dynç günüm, gezjek bir sellem (K. 
Gurbannepesow). Bir sellem sözleşmän gitdiler 
bular, Derrew ýol aýyrda ýetdiler bular (Ç. 
Gurbangylyjow).
SELME, at. Çal reňkli, iri ýaprakly dik ösýän 
haşal ot. Ýazyň ygaly bilen selme örç aldy. 
Ak selme selmeler maşgalasyna degişli bolup,
baldagynyň we ýapraklarynyň aşak ýüzi unjumak 
dänejikler bilen örtülen ot. Ak selmäni bişirip, ondan 
gutap etdiGara selme selmeler maşgalasyna degişli 
bolup, baldagy selçeň şahaly, ýapraklary ýumurtga 
görnüşli, gyralary kertik-kertik, baldagyň we 
ýapraklaryň aşak ýüzi unjumak dänejikler bilen 
örtülen ot.
SELPEME, iş ady. Selpemek ýagdaýy. 
SELPEMEK, işl. 1. Loňkuldap haýaljakdan 
ylgamak. Men jybarlap duran ýagşyň aşagynda 
selpäp barşyma iň soňky maşyn geçýän köprä ýetdim 
(T. Gurbanow). 2. göç.m. Bir zadyň ugrunda alakjap 
ýörmek, kaňkamak. 
SELPEMEKLIK, iş ady. Selpemek ýagdaýy. 
SELPEMEZLIK, iş ady. Selpäp ýörmezlik. 
SELPEŞMEK, işl. Birnäçe bolup bilelikde 
selpemek. Düýeler keýerjekleşdi, eýläk-beýläk 
selpeşdi (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   436   437   438   439   440   441   442   443   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling