Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SAÝMAKLYK [sa:ýmaklyk], iş ady. Saýmak  ýagdaýy.  SAÝMAZLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet433/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   429   430   431   432   433   434   435   436   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SAÝMAKLYK [sa:ýmaklyk], iş ady. Saýmak 
ýagdaýy. 
SAÝMAZLYK 
[sa:ýmazlyk], 
işl. 
1
Hasaplamazlyk, öýtmezlik. 2. Saýgyç bilen urup 
ýazmazlyk. 3. Eline gamçy, taýak, we ş.m. alyp 
urmazlyk, ýençmezlik. 
SAÝPAL: saýpal tapmakser. Saýpallamak
SAÝPALLABERMEK [saýpalla:vermek], işl. 
Saýpallap başlamak. 
SAÝPALLAMAiş ady. Saýpallamak ýagdaýy. 
SAÝPALLAMAK, işl. Selçeňlemek, azalmak, 
saýpal tapmak, gutaraňkyrlamak. Ýaz otlarynyň 
samany eýýäm saýpallapdy. 
SAÝPALLAMAKLYK, iş ady. Saýpallamak 
ýagdaýy. 
SAÝPALLAMAZLYK, iş ady. Selçeňlemezlik, 
azalmazlyk. 
SAÝPALLAŞDYRMAK,işl. Birneme azaltmak, 
selçeňletmek. Onsoň hem içeriniň zatlaryny 
saýpallaşdyraýyn (R. Gelenow). 
SAÝPALLAŞMAK, işl. Dura-bara azalmak, 
azalyp başlamak. Gün gijikdigi saýy olaryň 
öňlerinden barýan bazarçylar saýpallaşýardy (B. 
Seýtäkow). 
SAÝPALLATMAK, işl. Azaltmak, gutaraň-
kyrlatmak. Olar bazara satmaga getiren harytlaryny 
saýpallatdylar. 
SAÝPALLAÝYŞiş ady. Saýpallamak ýagdaýy. 
SAÝRABERMEK [saýra:vermek], işl. Saýrap 
başlamak. 
SAÝRAK, syp. 1. Owazly saýraýan, gowy we 
köp saýraýan. Saýrak guşlar bilen gelen gözel ýaz, 
Aýdyp ber sen maňa, nähili heň bu? (R. Seýidow). 2. 
göç.m. Çeper sözleýän, oňat aýdym aýdýan. Şol 
bagty zehinli ýaşlarymyz saýrak dillerde wasp edýär 
(

Edebiýat we sungat

). 
SAÝRAMA, iş ady. Saýramak ýagdaýy. 
SAÝRAMAK, işl. 1. Owazly, ýakymly ses 
çykarmak. Säher-säher şirin saýran torgaýlar, jöwzaň 
günortany çöpe busupdyr (

Edebiýat we sungat

). 2
göç.m. Çeper gürlemek; owazly aýdym aýtmak. 
Kemin ýazsam, doly many çykanok, Güň bolupdyr, 
şindi saýran tillerim (Şeýdaýy). – Aýterek! – 
Günterek. – Bizden size kim gerek. – Saýrap duran dil 
gerek 
(Halk 
döredijiliginden). 
3
göç.m. 
Gorkuzylanyň üçin syryňy paş edip, bilýäniňi 
aýtmak. 
SAÝRAMAKLYK,iş ady. Saýramak ýagdaýy. 
SAÝRAMAZLYK
iş ady. 
Owazly ses 
çykarmazlyk. 
SAÝRAŞMAK,işl. Köp bolup saýramak, hoş 
owazly ses edişmek. Bilbiller saýraşýan hezil 
bagyňda, Gyzyl gülleriňi tirmek isleýän (A. 
Kowusow).
SAÝRATMAK, işl. 1. Owazly ses çykartmak. 
Çal dutaryň, saýrat bagşy... (Ş. Kekilow). 2. göç.m. 
Gorkuzyp dogrusyny aýdar ýaly etmek. 
SAÝRAÝYŞ, iş ady. Saýramak ýagdaýy. 
Bilbilleriň saýraýşy örän gowy. 
SAÝRY,at. Keseki ýerden gelen, gelmişek, 
keseki, ýat. Beýle diýsem saýry saýýandyr öýdäýmäň 
(R. Gelenow).
SAÝ-SEBÄP [sa:ý-sevä:p]: saý-sebäp bilen 
nähilidir bir sebäp, bahana bilen, tötänden, 
oslanmadyk ýerden. Saý-sebäp bilen tanyş bolduk (B. 
Kerbabaýew).
SAÝT [sa:ýt], at. 1. Kompýuter sistemasynyň 
haýsydyr bir maglumatlar ýerleşdirilen bölegi. 2.
Internet ulgamynda şu ulgamdan peýdalanyjy adama, 
gurama ýa-da edara haýsydyr bir habary ýerleşdirmek 
üçin berilýän ýer. Öz saýtyňy döretmek.
SAÝY, syp. Iri, uly. Alyn dişleri saýy, ak, sagdyn 
(Ç. Aşyrow).
SAÝY [sa:ýy], köm. s., ser. Saýyn. Gördük saýy, 
köňül 
sowar, 
Sabyrsyz, 
kararsyz 
ärden 
(Magtymguly). 
SAÝYBERMEK [sa:ýyvermek], işl. Saýyp 
başlamak. 
SAÝYL [sa:ýyl], at, k.d. Gedaý, dilegçi, 
mätäç;sergezdan, diwana. Kimlerde altyn täçdir, 
Kimler saýyl mätäçdir (Magtymguly). Men bir 
diwana saýyl, Sen-sen soltany adyl (Kätibi). 
SAÝYLMAK [sa:ýylmak] I, işl. Saýgyç bilen 
urlup ýazylmak. 
SAÝYLMAK [sa:ýylmak] II, işl. 1. Hasap 
edilmek, hasaplanmak. Kemal baradaky myş-myşlar 
indi bireýýäm çyn saýylýar (N. Jumaýew). 2. Degişli 
hasaplanýar, degişli edilýär. Ýakyndan gatnaşsagam, 
ol bizden däl, pylanylara saýylýar
SAÝYM [sa:ýym], syp. Bir gezek saýmak üçin 
bölünip alnan ýüň, çöpür. Iki saýym ýüň. 
SAÝYMLYK [sa:ýymlyk], syp. Bir gezek 
saýmak üçin üýşürilen (ýüň). Saýymlyk ýüň. 
SAÝYN 
[sa:ýyn], 
Gitdigiçe, 
gördügiçe, 
golaýlaşdygyça 
ýaly 
sözlerdäki 
-ça, 
-çe 
goşulmalarynyň manysynda we wagt bildirýän 


251 
sözlere goşulyp, dowamlylygy aňlatmak üçin 
ulanylýan sözsoňy kömekçi. Otly gitdigi saýyn 
badyny çaltlandyrýardy. 
SAÝYRDYŇ, syp., gepl.d. Iri, daýaw, deşli, 
saýlama, saýlantgy. Syýlarynyň ujuny biline gysdyran 
ýaş ýigitler gaty saýyrdyň görünýärdi (B. Seýtäkow).
SAÝYŞ [sa:ýyş], iş ady. Saýmak ýagdaýy. 
SAÝYŞDYRMAK 
[sa:ýyşdyrmak], 
işl. 
Saýymlyk ýüňleri saýyp çykmak, üýşürilen ýüňleriň 
hemmesini saýmak. 
SAÝYŞMAK [sa:ýyşmak], işl. 1. Saýgyç bilen 
saýmaga kömekleşmek. Ejeme ýüň saýyşdym.2
Birnäçe bolup saýmak. Aýallar şemal gelmeýän ýerde 
ýüň saýyşyp otyrlar.
SAÝÝAR [saýýa:r], at, k.d. Seýil ediji, gezende. 
Gähi saýýar men ýene (Andalyp). 
SAÝÝARA [saýýa:ra], at. Günüň daşynda 
aýlanyp, ondan ýagtylyk we ýylylyk alýan asman 
jisimi, planeta. 
SAÝÝAT [saýýa:t], at, k.d. 1. Awçy, aw awlaýan 
adam. Okum hata geçmez, ursam alar men. 
Sagdagyna ok düzen saýýat bolar men (

Görogly

). 
2. göç.m. Bir zadyň hyrydary. Wamyk kimin ýanyp 
bişen, şol jereniň saýýady men (Talyby). Men 
saýýadam, sen bir jeren, Ýele garşy sogup baran 
(Mätäji). 
SAZ [sa:z] I, at. Gür gamyş, çöp basan ýer. Ol 
Birekden gorkusyna saza tarap gaçyp gitdi. Birek 
yzyna düşdi, kowa-kowa saza dykdy (

Kitaby dedem 
Gorkut

). 
SAZ [sa:z] II, at. 1. Bir ýa-da birnäçe sesiň, 
birnäçe äheňiň sazlaşykly utgaşdyrylmagy bilen içki 
duýgular, pikirler beýan edilýän sungat eseri. Şirin 
sazlar göwünleri galkyndyrýar. Halk sazy. Klassyky 
saz. 2. göç.m. Ses, owaz. Dürli guşlaň gurýan 
şadyýan sazy, Wasp edýär bu bagyň gözel görküni (R. 
Alyýew). 3. kön.s. Barmak bilen çirtilip çalynýan 
kirişli saz guraly (sazyň daşky gurluşy dutara meňzeş 
bolup, ol gaty agaçdan köwlüp ýasalýar, sapy 
kädisine birikdilip, 10 kirşi, 14 perdesi bolýar). 
Garajaoglan diýip olaýsa sozüm, Aýdaýyň astynda 
towapdyr ýüzüm. Garylmyş perdesi, çalmyýyr Sazym, 
Sazlar düzgün tutmaz, tarlar perişan (Garajaoglan). 
◊ Saz belgisi saz seslerini ýazmak üçin ulanylýan 
ýazgy, nota. Saz etmek dutar çalmak, dürli saz 
gurallarynda heňi ýerine ýetirmek. 
SAZ [sa:z] III, syp. 1. Bozulmadyk, gurat, 
düzüw. Sagat ýaly saz işleýär. 2. Aralary bozuk 
bolmadyk, ylalaşykly, oňat, agzybir, dostlukly. 
Olaryň ikisiniň arasy gaty saz. 3. Keýpi kök. 
Annatuwak bilen Amanyň keýpi nähili sazdy (B. 
Kerbabaýew). 4. Göwnejaý, ýerlikli, dogry. Az 
bolsun, saz (uz) bolsun (Atalar sözi). Soltanýaz begiň 
geňeşinde hem ol az hem-de saz geplär ekeni (N. 
Pomma). 5gepl.d. Jebis. Äpişge-gapyny saz ýapylar 
ýaly etmek
SAZAK [sa:zak], at. 1. Gumluk ýerlerde, 
çägeliklerde bitýän, gurakçylyga çydamly pürli agaç. 
2. Oglana dakylýan at. 
◊ Ak sazak ösüp oturan sazak (antonimi: ojar). 
SAZAKLYK [sa:zaklyk], at. Sazagyň köp 
gögerip oturan ýeri, sazakly ýer. Gür sazaklyk. 
SAZAKÝARAN [sa:zakýa:ran], at. Gyşyň soňky 
aýlarynda ösýän sowuk şemal. 
SAZANAKLABERMEK [sa:zanakla:vermek], 
işl. Çekinmekden, üşemekden ýaňa zowzuldabermek, 
sazanaklamaga başlamak. 
SAZANAKLAMA [sa:zanaklama], iş ady. 
Sazanaklamak ýagdaýy. 
SAZANAKLAMAK 
[sa:zanaklamak], 
işl. 
Gorkudan ýaňa ýaýdanmak, ýaýdanjyramak. Men 
birbada näme etjegimi bilmän, sazanaklap durdum. 
SAZANAKLAMAKLYK [sa:zanaklamaklyk], iş 
ady. Sazanaklamak ýagdaýy. 
SAZANAKLAŞMAK [sa:zanaklaşmak], işl. 
Birnäçe 
bolup 
sazanaklamak, 
ýaýdanmak. 
Sazanaklaşyp duranymyz gözümiň öňünden hiç 
gidenok (R. Allanazarow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   429   430   431   432   433   434   435   436   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling